Halkyň söýgüsini gazanan


Halkyň söýgüsini gazanan



Halkymyzyň milli medeniýetidir sungatynyň dünýä ýaýylmagyna mynasyp goşant goşan sungat ussatlarymyzyň ählisi bu gün ýagşylykda ýatlanýar. Olaryň her biriniň bitiren işleri nesiller üçin nusgalyk ýol bolup durýar. Şeýle halypalary, sungat ussatlaryny ýatlanyňda, sungat äleminde yz galdyran guýmagursak kinoaktýor Aman Handurdyýew hem bada-bat ýadyňa düşüp, onuň filmlerde döreden keşpleri hakydamyzda janlanýar. Onuň hemmeleriň aňynda, kalbynda ýaşaýan Şükür sazandanyň keşbi milli kino sungatymyzda gymmatyny ýitirmeýän keşpleriň biri bolup galdy.
Ol saýlap alan ugry boýunça fizika-matematika ylymlarynyň doktorydy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professorydy, kafedra müdiridi. Ol kinomotagrafiýa sungatynda bary-ýogy «Şükür bagşy», «Ýandam» filmlerinde surata düşüp, tapawutlanan ajaýyp aktýor hökmünde yz galdyrdy. Ol özüni hiç haçan artist diýip häsiýetlendirmän, «Meniň «Şükür bagşy» filminde Şükür sazandanyň keşbini döretmegim durmuşda tötänleýin bolan bir zat» diýerdi. Aman ömrüniň ahyryna çenli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mugallym bolup işledi. Mugallymlardyr talyplar oňa sarpa goýardylar. Ol diýseň kiçi göwünlidi, agrasdy, lebzine ygrarly, çuň paýhaslydy we hemişe sada geýnerdi. Adamçylyk süňňünden gaýdýan sadalyk, ýumşaklyk, ýürekdeşlik, hoşniýetlilik, jomartlyk onuň hemrasydy.

Şükür bagşynyň keşbini döredip biljek laýyk artist tapmakda köp kynçylyklar çekilipdir, teatrlarda, ýokary okuw mekdeplerinde bolup, adamlary içginlik bilen synlapdyrlar. Ahyry Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň otaglarynyň birine baranda ýaşy otuz töweregi bolan bir ýaş ýigidi gören filmiň ikinji režissýory Ilmyrat Bekmiýewiň ýüregi jigläp gidipdir. Mugallymlardan onuň kimdigini soranda:

— Oňa Aman Handurdyýew diýýärler, özi fizika-matematikadan talyplara sapak berýär — diýipdirler.
Mundan soň Ilmyrat Bekmiýew onuň bilen tanşyp, ýagdaýyny mälim edende, ol mylaýym ýylgyryp:

— Gözleseň taparsyň, uniwersitetde artist bolmaga höwesekler az däldir. Menden artist bolmaz-a. Şükür bagşy hakda kino döretjek bolsaňyz ussat aktýor gerek oňa. Men bir sadaja mugallym-a — diýipdir.
Režissýor ýagdaýyny aýdanda, Aman Handurdyýew uludan dem alyp:

—Ýör, men sizi gapa çenli ugradaýyn, sapaga girmeli, talyplar garaşyp oturandyrlar — diýip, mylakatly gürläp, hoşlaşjak mahalynda:
— Baş režissýor Bulat Mansurowa aýt, menden öýke-kine etmesin, saz diňläsiňiz gelse, öýe geliň, saz çalyp bereýin — diýipdir.
Onuň saz çalyp bilýändigini eşiden Ilmyrat, kinostudiýa gelip, Bulat Mansurowa ýagdaýy mälim edipdir. Ertesi ikisi ýene-de Aman Handurdyýewiň öýüne barypdyrlar. Ol bulary güler ýüz bilen mähirli garşylap, hezzet-hormat edipdir, soň dutar çalyp hezil beripdir. Bulat Mansurow sazlary ünsli diňläp, şol aralykda onuň saza erk edişini, ýüz keşbini, hereketlerini synlapdyr. Kinostudiýa gelýärkäler Bulat Mansurow Ilmyrada:

—Sen Amanyň okara ýaly gözlerine syn etdiňmi? Bu tüýs Şükür bagşynyň özi. Maňa başga adam gerek däl — diýipdir.
Olar kino düşmäge razy etmek üçin Amana kän ýalbarypdyrlar. Her halda ony kinostudiýa gelmäge yrypdyrlar. Şükür sazandanyň egin-eşigini geýdirip, eline dutar berip, kameranyň öňünde oturdyp, synag üçin saz çaldyryp, surata düşüripdirler. Soň «Türkmenfilm» birleşiginiň çeperçilik geňeşiniň agzalary surata alnan şekilleri gözden geçirip, Aman Handurdyýewi Şükür bagşynyň keşbine biragyzdan kabul edipdirler. Režissýor Bulat Mansurow Aman Handurdyýewiň ussatlyk bilen saz çalşyna göwni ýeten hem bolsa, filmde surata alynýarka kadryň aňyrsynda meşhur sazanda Çary Täçmämmedowa saz çaldyrmak isläpdir. Aman Handurdyýew bolsa filmde diňe artist hökmünde oýnamaly eken. Taýýarlyk görülýän günleriň birinde režissýor olaryň ikisini-de kinostudiýa çagyrypdyr. Meşhur sazandanyň öňünde ýygralyk edip oturan Amana Çary aga:

— «Şükür bagşyny oýnamaga razylyk beren bolsaň, dutar çalyp bilýänsiň-le?! — diýip soranda ol:
— Dutar çalma nirede, Çary aga! Käte tiňňi-tiňňi edýän diýäýmesem — diýip jogap beripdir.
— Hany, onda şol tiňňi-tiňňiňi bir eşideli — diýensoň, Aman elindäki dutary düzüp, ussadyň gaşynda oturyp saz çalyp başlaýar. Çary Täçmämmedow onuň çalýan sazyny üns bilen diňläp, soň az salym dymyp oturypdyr-da:
— Ýoldaş režissýor, meniň bu ýerde geregim ýok, bu ýigit sazy diýseň ezberlik bilen çalýar, göwnüm ýetdi — diýipdir. Mundan soň baş režissýor Bulat Mansurow Amanyň elini berk gysyp:
— Berekella, inim, tüýs uçursyz sazanda bolup ýetişipsiň. Barmaklaryň dutaryň gapagynda keşde çekýär — diýipdir.
«Şükür bagşy» filminde Aman Handurdyýewiň hut özi dutar çalyp, synagdan üstünlikli geçýär. Şükür bagşy bilen Gulam bagşynyň arasyndaky dartgynly bäsleşik ýetmeli derejä ýetýär. Bu sahna filmiň esasy sýužet ýordumynyň pikir toplumynyň örküdir, eseriň çuňňur filosofiýasynyň jemlenýän ýeridir. Gulam bagşynyň keşbinde Kaka etrabynyň ýaşaýjysy aktýor bolmadyk Hojam Öwezgelenow, Şükür bagşynyň keşbinde Aman Handurdyýew — ikisi ussatlygyň hakyky nusgasyny görkezýärler. Dutar çalmak hem aktýor hökmünde kameranyň öňünde oturyp, obrazlaryň hüý-häsiýetini açyp görkezmek olaryň ikisine-de başardýar.

Dünýä kinomatografiýasynyň tanymal ussatlary «Şükür bagşy» barada ýazan makalalarynda Aman Handurdyýewiň öň kinoda bir gezek hem surata düşüp görmedigine, aktýorlyk mekdebini geçmedigine garamazdan, onuň döredijilik kämilliginiň ýokary derejesine ýetip, çeperçilik öwüşginini ýitirmejek ajaýyp keşbi döredip bilendigini buýsanç bilen belläpdirler. Filmiň dünýä derejesinde «ýaňlanmagynda» Aman Handurdyýewiň goşan goşandy juda uludyr. Bu film Fransiýanyň Kann şäherinde geçirilen Halkara kinofestiwalynda birinji ýere mynasyp bolup, dünýä ekranyna çykýar. Baş režissýor Bulat Mansurow filmiň üsti bilen türkmen dutarynyň, saz sungatynyň gudratyny äleme ýaýdy.
«Gelin», «Jemalyň daragty» ýaly çeper filmleri döreden tanymal kinorežissýor Hojaguly Narlyýewiň doglan gününiň elli ýaşy bellenende meşhur kinorežissýor Bulat Mansurow toý dabarasynda ilki ony mübärekledi, soňra:

—Ine, meniň sowgadym — diýip, Şükür bagşynyň ömürboýy elinde saýran dutaryny oňa gowşurdy. Dutary Gulam bagşynyň keşbini döreden Hojam Öwezgelenow Bulat Mansurowa ýadygärlik beren ekeni. Hojam aga Şükür sazandanyň şägirdi bolupdyr. Halypasy aradan çykansoň, haşamlanyp ýasalan bu dutar oňa galypdyr. Men dabara tamamlanansoň, sahna baryp dutary elime alyp birlaý synladym, soňra ony üç mertebe maňlaýyma degirdim. Garamtyl-goňur reňkli, kümüş perdeli bu dutaryň kädisi sünnälenip ýasalypdyr, diýseň üýtgeşik, özüne çekýär. Mukaddes saýylýan bu dutar häzir «Arçaly adam» atly çeper filmi döreden kinorežissýor Bilbil Mämmedowda eý görlüp saklanýar.

1991-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda bir hepdeläp türkmen filmleriniň festiwaly geçirildi. Oňa režissýorlar, aktýorlar, operatorlar, hudožnikler, kompozitorlar, ssenariçiler gatnaşdy. Olaryň arasynda «Şükür bagşy» filminde iki keşbi döreden Artyk Jallyýew, Aman Handurdyýew dagy hem bardy. Olary ähli ýerde mähirli garşyladylar. Duşuşyklarda olaryň berýän täsirli gürrüňlerini üns berip diňlediler. Bu ýere ýygnananlar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler we özara pikir alyşdylar. Her gezek duşuşygyň ahyrynda täze döredilen çeper filmlere tomaşa edildi. Döredijilik işgärlerinden düzülen bu topar festiwal döwründe daýhan birleşiklerinde, kärhanalarda, mekdeplerde bolup, halk köpçüligi bilen duşuşdy. Duşuşyklarda «Şükür bagşy gelipdir» diýip, hemmäniň ünsi Aman Handurdyýewe gönügerdi. Ol filmde Şükür sazandanyň keşbini döredişi barada gyzykly gürrüň berip, soňra uly höwes bilen dutarda filmdäki sazlary çaldy.
Şükür bagşynyň keşbini döretmekde Aman Handurdyýewe Gulam bagşy bolup oýnan Hojam aga uly ýardam edipdir. Ol Şükür bagşynyň saz çalşyny, edim-gylymlaryny, hereketlerini ýatladyp, Aman Handurdyýewi ugrukdyryp oturypdyr. Hojam aga Aman Handurdyýewiň zehinine ýokary baha beripdir: «Sen, tüweleme, köp sazandalaryň ýaýdanýan «çiginliräk» heňlerini emgenmän çalmagy başarýaň, zehiniň gory egsilmesin, Halypam: «Bileniňi birine «päh» diýdirip bilseň, oňa ýetesi zat ýok. Bir gazan naharyň tagamyny bilmek üçin çanaklap iýmek gerek däl, dadyp görseň ýeterlik» diýerdi. Ol «Haraýym teşnit» ýaňlanýarka perdelere inip-çykýan barmaklary, gapaga galtaşyp-galtaşman gidýän eli gözi bilen yzarlap owsunyp oturardy, soňam öwrümli sazlara tutup ugrardy. Ol hemişe «Her eli dutar tutandan bagşam çykmaz, sazanda-da. Öz göwnüňi hoşlamak bir başga, iliň göwnüne ýetmek bir başga» diýerdi. Dutara hyruç bilen ýapyşardy, «Göroglynyň at oýnadyşyny» çalyp başlanda eli inçe perdelerde gezim ederdi. «Ýusup owgan», «Sataşdym», «Gelin ýörişi», «Söýli halan», «Salmadan bökdüren», «Ybraýym şadilli», «Ak eşekli», «Torgaý uçuşy», «Dünýe heý», «Mynajat», «Kyýamat» ýaly sazlar hem halypamyň dutarynda bilbil bolup saýrardy. Ol özünden öňki geçen halypalary-da ýatlardy. Olaryň dünýä indiren mukamlaryndan çalyp bererdi-de: «Dünýe bir hoş surat, owadan gyzdyr, gola düşmez aşyk bolanyň galar» diýerdi.

Türkmen aýdym-sazyny öwreniji rus alymy Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiý 1925-nji ýylda Döwlet ogly Şükür bagşynyň öýüne baryp, onuň çalyp bermeginde ençeme sazlaryny üns berip diňläpdir, suratyny alypdyr, geçen halypalar hakyndaky gyzykly söhbetlerini, aýdyp beren rowaýatlaryny ýazyp alypdyr. «Ugradym» diýen halk sazyny ýüzüni galdyrman çalyp berende, Uspenskiniň mawy gözlerinden düwme-düwme bolup akýan gözýaşyny görüp, halypam:

—Ýeri, myhman, ne beýle hapa bolduň? — diýip sorapdyr. Ol gözleriniň ýaşyny el ýaglygy bilen sylyp, soň başyny ýaýkapdyr-da:
—Ýaňky çalan sazyň meni pajygaly wakanyň içine eltip taşlady — diýipdir. Bulary Gulam bagşynyň keşbini döreden Hojam Öwezgelenow Aman Handurdyýewe gürrüň beripdir.

Aman Handurdyýew «Ýandym» diýen çeper filmde hem surata düşüp, baş gahryman Sadygyň keşbini ussatlyk bilen döretmegi başardy. Şonuň ýaly-da onuň özüniň dutarda çalmagynda «Ýandym» halk sazy filmde başdan-aýak ýaňlanýar. Ol filme surata düşüp ýörkä dutaryny ýanyndan goýmandyr, töweregine ýygnanan jemendä «Şükür bagşy» filminde çalan sazlaryny çalyp beripdir. Sebäbi halkyň şol sazlara bolan söýgüsi çäksiz bolupdyr.

Alym, ussat mugallym, zehinli kinoaktýor, ezber sazanda, fizika-matematika ylymlarynyň doktory, professor Aman Handurdyýew 2009-njy ýylyň başlarynda aramyzdan gitdi. Ol Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda 1934-nji ýylyň 11-nji noýabrynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Obada orta mekdebi tamamlansoň, häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine 1954-nji ýylda fizika-matematika ugry boýunça okuwa girýär. Ol talyplyk ýyllaryndan başlap, fizikanyň meseleleri bilen içgin gyzyklanyp ugraýar, gurnaklardyr ylmy-maslahatlara işjeň gatnaşýar. 1959-njy ýylda okuwyny üstünlikli tamamlap, uniwersitetde mugallym bolup işe başlaýar. Ömrüniň ahyryna çenli fizika kafedrasyna müdirlik edýär. Oňa 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal gowşurylýar. «Şükür bagşy» filminde Şükür sazandanyň gaýtalanmajak keşbini ussatlarça janlandyryp, halkyň söýgüsini gazanandygy üçin bolsa, ol Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi bolýar.

1831—1931-nji ýyllar aralygynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak obasynda ýaşap geçen, 1871-nji ýylda Mämmetýar hanyň bagşysy bolan Gulamy türkmen sazynda ýeňip, zyndanda ýesirlikde oturan agasyny halas eden meşhur sazanda Şükür bagşynyň ajaýyp keşbini ussatlyk bilen döreden zehinli artist Aman Handurdyýewe hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynda hem ýokary baha berilýär.
Aman Handurdyýew gysga, emma manyly ömüründe halkyň söýgüsine eýe bolup hakydalarymyzda baky ýaşaýar. Onuň ussatlyk bilen çalan sazlary bolsa belent mukam bolup ýaňlanýar.

Begenç ESENOW