SAZA KÖŇÜL BEREN HALYPA
Kompozitorlar tebigatyň gudratyny saza öwrüp, adamda mähir, söýgi, joşgun duýgylaryny oýarýar. Olar hemişe gözlegde bolýar. Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow hem şeýle ussat kompozitorlaryň biri. Indi köp ýyllardan bäri Daňatar halypanyň aydymlary we sazlary adamlara ruhy lezzet paýlaýar. Ol aydymlar we sazlar Ýewropa saz medeniýetiniň kanunlaryna esaslanyp döredilen we şol bir wagtda milli halk heňlerini öz içine alýar. Ol professional saz sungatynyň instrumental we wokal žanrynyna degişli ençeme eserlerini ýazýar. Ussat kompozitorymyzyň döreden heňleri halk arasynda meşhurlyga eýe bolup, özüniň aýratyn şirin owazy bilen tapawutlanýar. Onuň döredijiliginde teatr we kinofilmler üçin döredilen sazalar esasy orny eýeleýär. Tanymal kompozitor eserlerinde saz kompozission ugurlarynyň we tehniki tejribesiniň ählisini ulanýar. Umuman aýdanymyzda, professional taýdan kämil, milli hem-de dünýäniň saz sungatynyň talaplaryna laýyk gelýän eserleri döredýar. Saz äleminde kämillik derejesine ýetmek üçin Daňatar Hydyrow yhlasyny gaýgyrmady, köp işledi, halypalardan tälim aldy, döredijilik adamlary bilen gatnaşykda, öz ýüregini diňledi boldy.
Daňatar Hydyrow 1953-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Gökdepede gullukçy maşgalasynda eneden dogulýar. 1960-njy ýylda orta mekdepde okap başlaýar. Soňra çagalar sazçylyk mekdebinde akkordeon hünäri boýunça okuwyny dowam edýär. Okuwyndan daşary aýdym-saz gurnagyna gatnaşýar. Onuň ilkinji halypasy Amangeldi Goçow bolýar. Bu sungata bolan yhlasyň, söýgüniň döremeginde Amangeldi Goçowyň hyzmaty uludyr. D.Hydyrow 1969-njy ýylda D. Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölümine okuwa girýär. Mugallym Walentin Iwanowiç Mitkalýowyň saz nazaryýeti we fortepiano sapaklary onuň bu sungata bolan söýgüsini has hem güýçlendirýär. Şeýlelikde, ol professional saz esaslaryny uly höwes bilen öwrenip başlaýar. 5-6 aýdan soňra özüniň ilkinji eserlerini döredip başlaýar. Birinji kursy tamamlap barýarka Moskwadan synag topary gelýär. Olar okuwa kabul etmek üçin ýaş oglan-gyzlary synagdan geçirýärler.
Daňatar Hydyrowyň nesibesi çekip, şol synag toparynyň çykaran netijesi esasynda P. I. Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasynyň ýanyndaky sazçylyk uçilişesiniň sazyň nazaryýeti bölümine okuwa kabul edilýär. Ol ýerde kompozisiýadan K. K. Bataşow, saz formalaryň seljermesinden Ý. N. Holopow, polifoniýadan W. P. Fraýnow ýaly ussatlaryň elinde bilim alýar. Konserwatoriýada okan döwri poeziýa bilen içgin gyzyklanýar we köp okaýar. Mazmuny saza ýugrulan goşgylar onuň kalbyny ganatlandyrýar. Aýratyn hem türkmen edebiýatynyň poeziýa äleminde öçmejek yz goýan şahyrlar Mämmet Seýidowyň, Gurbannazar Ezizowyň şygyrlary ony bu güne çenli özüne çekip gelýär. Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döredilen “Özgeleri diňledim” (1972 ý.) atly aýdym hem-de “Şadyýan gün” häzirki wagtda halk arasynda “Keýpine” (1972 ý.) diýen at bilen uly meşhurlyk gazanan aýdymlar kompozitoryň şowly çykan eserleridir. Şeýle hem Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döredilen “Gyzlaryma” (2019) atly aýdym Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde halk arasynda gyzgyn garşylandy. Kompozitor rus şahyry A. S. Puşkiniň sözlerine wokal toplumyny (1973 ý.), üç bölümli fortepiano üçin sonatinasyny (1972 ý.), üflenip çalynýan saz gurallar üçin pýesany (1973 ý.), skripka we fortepiano üçin poemany döredýär.
Şol ýyllarda ol täze döreden sazlarynyň üstünde hem işleýär, saz döretmegiň inçe tilsimlerini öwrenýär. Zehinli kompozitor türkmeniň ruhy dünýäsini baýlaşdyrjak ençeme ilhalar sazlary döretmegi maksat edinýär. 1974-nji ýylda orta okuw jaýyny tamamlanyndan soňra N. A. Rimskiý-Korsakow adyndaky Leningrad konserwatoriýasynyň kompozitorçylyk fakultetine okuwa girýär. Bu konserwatoriýada ol dünýä belli kompozitor, professor, Russiýa Federasiýasynyň halk artisti S. M. Slonimskiý, belli kompozitor Russiýa Federasiýasynyň sungatda at gazanan işgäri G. I. Banşikow ýaly ussat mugallymlardan tälim alýar. D.Hydyrow konserwatoriýada okan döwri köp sanly eserleri döretdi. Olaryň arasynda goboý we klarnet üçin miniatýura (1974 ý.), D. Azadynyň goşgularyna “Wagzy-azat” eseriniň rusça terjimesiniň iki bölümine ýazylan eseri (1974 ý.), kirişli saz gurallar üçin wariasiýalary, M. Seýidowyň goşgularyna “Bahar nagyşlary” wokal toplumyny (1975 ý.) we başgalary mysal getirmek bolar.
Ýaş kompozitor 1979-njy ýylda konserwatoriýany üstünlikli tamamlap, öz güneşli ýurdumyza dolanyp gelýär. Onuň diplom işi goboý, fagot, skripka we wiolonçel üçin üç bolümli simfoniýadyr. Ýaş kompozitoryň Diplom işi Döwlet synag toparynyň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. 1980-nji ýylda Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşiginiň plenumynda onuň ilkinji gezek ýerine ýetirilişi bolýar.
Ussat kompozitorymyz diňe simfoniki, kamera sazlary we kamera-wokal sazlaryny döretmän, eýsem birnäçe kinofilmler üçin sazlary ýazdy. Şowly çykan ilkinji ýazan sazy “Oazis” multfilmi üçin döredilen sazdyr. Multfilmiň režissýory Möjek Çaryýewdir (1985 ý.). Uly kinofilm üçin birinji kämil çykan synanşygy “Gadymy daglaryň rowaýaty” kinofilmi üçin döreden sazydyr, onuň režissýory Ýazgeldi Seýidowdyr (1988 ý.). Şeýle hem ”Gülýaka” kinofilmi üçin, režissýory Ýazmyrat Şadurdyýew (2005 ý.), “Pälwan” kinofilmi üçin režissýory Şirli Mollaýew (2017 ý.) döreden sazlary we başgalar kompozitora uly üstünlik getirdi. Mundan daşary hem kompozitor teatr üçin sazlaryň ençemesini döredýär. Muňa “Baýramhan”, librettosy A. Berdiýewiňki, S. Seýdi adyndaky sazly darmy teatry üçin “Koýşir” (2000 ý), librettosy G. Daňatarowyňky, S.Seýdi adyndaky sazly darmy teatry üçin “Garaja oglan” (2006 ý.), librettosy G. Daňatarowyňky, Magtymguly adyndaky Milli sazly darmy teatry üçin (2006 ý.) we başgalary mysal getirmek bolar.
Daňatar Hydyrow – Türkmenistanyň halk artisti ençeme ýyldan bäri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymy, zehinli we tanymal kompozitordyr. Ol özüniň manyly ömrüni türkmen saz sungatyny ösdürmäge we baýlaşdyrmaga bagyşlady. Häzirki döwürde kalplarda orun alan saz eserleriniň ençemesiniň awtory hem-de halkyň uly hormatyna mynasyp bolan kompozitorymyz şägirt ýetişdirmek maksady bilen ýaş kompozitorlarymyza sazyň inçe syrlaryny öwredip, olaryň ýüreklerini joşdurýar.