Üzärlik - mün ärlik derman
Her bir türkmeniň öýüne baranyňda, derwezäniň ýa-da öýe girilýän gapynyň ýokarsynda bir bogdak üzärlige gözüň düşýär. Türkmenler üzärligi örän mukaddes saýypdyrlar, onuň oty ýaman gözlerden goraýar diýip düşünipdirler. Şeýle hem üzärligiň otundan dürli mör-möjekleriň, hatda ýylanyň hem gaçýandygy subut edildi. Üzärlik oty tütedilende bolsa mikroblaryň gyrylýandygy anyklanyldy. Ata-babalarymyz ony çogdamlap öýlerinde wagtal-wagtal tütedip, tüssesini töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar.
Üzärlik iki maksat bilen, ýagny, dermanlyk häsiýeti üçin we boýag hökmünde ulanylypdyr. Ol üzärlikler maşgalasynyň adybir urugyna degişlidir. Onuň boýy 30-50 santimetr bolup, köpýyllyk otjumak ösümliklere degişlidir. Ol suwsuzlyga örän çydamly ösümlikdir. Şonuň üçin ol diňe gurak ýerlerde bitýär. Türkmenistanda onuň diňe bir görnüşine gabat gelinýär.
Ol aprel-maý aýlarynda gülleýär, iýun-awgust aýlarynda bolsa tohumlaýar. Üzärligiň kökleri topragyň has çuňlugyndaky suwlardan içip bilýär. Adamlar syýahata gidenlerinde müň derdiň dermany bolan üzärlige örän seresaply çemeleşmelidirler. Birinjiden, ýaz aýlarynda heniz ýetişmedik üzärlikleri göklügine ormaly däldir. Tomsuň ahyrky aýlarynda ýada güýz aýlarynda üzärlik ösümligini derman serişdesi hökmünde ýygmaga rugsat edilýär.
Ikinjiden, üzärlik ösümligini basgylamaly däl, güllerini ýolmaly däl.
Üçünjiden, üzärlik ösümligini ýyganyňdan soňra, kölegede guratmaly. Günde goýlan üzärlik dermanlyk häsiýetini ýitirip biler. Guradyp goýlan üzärligi uzak wagtlap saklamak bolýar. Bu ösümlik 3-4 ýyllap dermanlyk häsiýetini ýitirmeýär. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 1-nji jildinde takyk maglumatlar berilýär.
Üzärlik ösümligini gorap saklamak we nesilden-nesle geçirmek Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň işgärleriniň gözegçileriniň, şeýle hem, işjeň agzalarynyň watançylyk borjy bolup durýar. Garagum sährasynda ojar, sazak, ýowşan, gandym, borjak ýaly ösümlikler bilen bir hatarda üzärligiň hem tokaýlyklary bar. Esasy bellemeli zat üzärligi ajy bolansoň haýwanlaryň köpüsi iýmeýärler. Mör-möjekler ondan gaçýarlar diňe çöl gämisi bolan düýeler üzärlik ösümligini iýýärler.
Bilbil GURBANGELDIÝEWA