Syýahatçy Isgender
(Iňlis syýahatçysy we diplomaty Aleksandr Börnsüň türkmen topragyna syýahaty barada)
Türkmen topragy ähli döwürlerde hem jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynda Ibn Battuta, Ýakut, Makdisi, Marko Polo, Aleksandr Börns ýaly arap, pars we ýewropaly jahankeşdeleriň orta asyrlarda we ondan soňraky döwürlerde türkmen topragyndaky dürli medeni ojaklara syýahat edendigine ünsi çekýär.
Türkmenleriň arasynda Isgender diýlip atlandyrylan, ýewropaly syýahatçy hem-de diplomat Aleksandr Börns 1831 — 1834-nji ýyllarda Merkezi Aziýa, şol sanda türkmen topragyna syýahat edipdir. Börns 1834-nji ýylda Londonda neşir edilen «Buhara syýahat» atly uly göwrümli kitabynda gözi bilen gören zatlaryny we özünde galdyran täsirleri giňişleýin teswirläpdir.
Aleksandr Börns 1805-nji ýylyň 16-njy maýynda Şotlandiýanyň Montroz şäherinde dogulýar. Ol meşhur iňlis-şotland şahyry, şotland we iňlis dillerinde ajaýyp goşgulary, poemalary, aýdymlary, balladalary döreden Robert Börnsüň (1759 — 1796) doganoglanydyr. Aleksandr Börns 16 ýaşynda Britan Ost-hindi kompaniýasyna gulluga çagyrylýar. Bu onuň pars we hindi dillerini öwrenmegine we soňra 1822- nji ýylda Hindistanyň Güjarat welaýatynyň Surat şäherinde terjimeçi bolup işe ýerleşmegine mümkinçilik berýär. 1826-njy ýylda ol Britaniýanyň Hindistanyň Güjarat welaýatynyň Kaç şäherçesindäki syýasy gullukçysynyň kömekçisi wezipesine bellenilýär. Şu döwürde ol Hindistanyň we onuň bilen goňşy döwletleriň taryhy, geografiýasy bilen gyzyklanýar. Soňra ol hindi ýigidi Mohan Lalanyň ýolbeletlik etmeginde Hindiguş daglarynyň üsti bilen Owganystana, Buhara, şol sanda türkmen topragyna syýahat edýär. 1934-nji ýylda ol Britaniýanyň patyşalyk geografiýa jemgyýetine agzalyga kabul edilýär.
Aleksandr Börns bu kitabynda Buharadan çykyp, Amyderýanyň kenar ýakalary, türkmen topragynyň üsti bilen yzyna dolanyşy, türkmen obadyr kentlerinde myhmançylykda bolşy, bu ýerdäki gadymy medeni ojaklar, galalar, türkmenleriň myhmansöýerligi, aýdym-saz sungaty, däp-dessurlary, adatlary barada täsirli maglumatlary beýan edipdir. Börns türkmenleriň wajyp işleri gijikdirmän, meseläni maslahatlaşyp, bada-bat çözýändiklerini anyk mysallar arkaly tekrarlaýar. Ol segsen düýeden ybarat kerweniň Ürgenjiň üsti bilen howp-hatarsyz geçmegi barada Ürgenç hany bilen ylalaşyk gazanylmagynda türkmenleriň goldaw berendiklerini, bu barada maslahat geçirip, özara geňeşip, hana hat ýazandyklaryny, ol haty hana gowşurmaga we ygtyýarnama almaga ýardam berendiklerini hoşallyk bilen ýatlaýar. Türkmenleriň birek-birekden hoşal bolanlarynda «Berekella» diýýändiklerini nygtaýar.
Börns türkmen topragynda gadymy galalaryň we obalaryň üstünden geçendiklerini, türkmenler bilen hiç hili öýke-kinäniň ýüze çykmandygyny, özlerini baran ýerlerindäki ilatyň mydama güler ýüz, myhmansöýerlik bilen garşylandygyny uly kanagatlanma duýgusy bilen belläp: «Hiç hili goragsyz ýagdaýymyzda bu myhmansöýerlik biziň öňümizde türkmenleriň mertebesini has-da belende galdyrýardy» diýip nygtaýar. Ärnazar atly gaýduwsyz hem göwnaçyk türkmen ýigidiniň özlerine ýolbeletlik edendigine ünsi çekip: «Ol birnäçe ýyllardan bäri kerwenleriň Persiýa we Hazar deňzi sebitlerine azaşman, sag-aman aşmagyna ýardam bermek bilen meşgul bolýan eken» diýip belleýär. Kerwenbaşy söwda işleri bilen bazara, obalara giden wagtynda hem Ärnazaryň özlerini ýeke goýmandygyny hoşallyk bilen ýatlaýar. Börns özüniň ýatlamalarynda: «Biziň ýanymyzdaky türkmenleriň arasynda iň oňatlarynyň biri hem gartaşan ýaşlaryndaky, gaýduwsyzlygy, dogumlylygy ýüz keşbinden bildirip duran Subhanberdi Gylyç bolup, onuň ady: «Allanyňberen gylyjy» diýen manyny aňladýar eken» diýip ýazýar. Subhanberdi Gylyjyň ýaşlygyny at üstünde geçirendigi, ene topragyny daşarky duşmanlardan gorandygy, häzir çarwaçylyk bilen meşgullanýandygy barada gürrüň berendigini ýatlaýar.
A.Börns: «Türkmenler batyr, merdana, gaýduwsyz halk. Adamzat nesliniň bu beýik maşgalasy erkana durmuşda ýaşamak babatdaky berk garaýyşlaryndan ugur alyp, Hazar deňzinden Balh (Owganystan) aralygynda çarwa durmuşda ýaşaýarlar» diýip belleýär. Ol türkmen zenanlarynyň, beýleki musulman ýurtlaryndaka garanyňda, erkin durmuşda ýaşaýandygyny, olaryň ýüz-gözüni gara perenje bilen örtmän, başlaryna özlerine gelşip duran, täsin nagyşlar bilen keşdelenen ýeňiljek çabyt atynýandyklaryny nygtaýar.
Börns türkmenleriň şahandaz halkdygyny, aýdym-saza, çeper söze aýratyn gadyr goýýandygyny-da ýatlaýar. Uzakly günki iş-aladalaryndan soňra oba ilatynyň bir öýüň daşyna üýşüp, açyk asmanyň astynda bagşydyr ozanlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän dürli rowaýatdyr hekaýatlaryny, dessandyr aýdymlaryny diňleýändiklerini aýdýar. Ol: «Bu ýerde aýdym aýdylyşy beýleki ýurtlardakydan üýtgeşik, adatça, bagşydyr sazanda aýbogdaşyny gurup, ýanaşyk oturýar, şundan soňra dutardyr gyjagy düzüp, sazlap, bagşy aýdyma başlaýar. Türkmen dili adatdan daşary belent owazly we sazlaşykly äheňe eýe. Bagşy söýgi hakyndaky aýdymlary şeýle bir joşgunly aýdýar welin, onuň owazy ähli ýurtlaryň aýdymlaryndan özboluşly owazlylygy bilen düýpgöter tapawutlanýar» diýip, türkmen bagşylarynyň ýerine ýetiren milli aýdym-sazlarynyň özünde uly täsir galdyrandygyny ýatlaýar. Börns: «Bize nätanyş bolan türkmen obalarynda, atly-ýaragly goragymyz bolmasa-da, tomus paslydygy üçin gijelerine daşarda, açyk asmanyň astynda ak öýleriň daşynda düşelen halydyr keçeleriň üstündäki düşeklerde, mylaýym howada tutuş bir hepdeläp arkaýyn uklap dynjymyzy alýardyk, ýerli ilat bizi birjik-de ynjytmaýardy. Ilkibaşda bu ýurda aýak basanymyzda, bizde her dürli pikirler döräpdi, öz ýanymyzdan howatyr etmän duramzokdyk, haçan-da, biz türkmen topragynyň içinden geçenimizde, biziň kalbymyzdaky gorkudyr wehim duýgusy ýuwaş-ýuwaşdan ýitip gitdi, biz adaty durmuşdaky ýaly, ýagdaýlara öwrenişip gitdik» diýip, türkmenleriň belent adamkärçiligini belleýär.
A.Börns türkmenleriň milli tagamlarynyň hem özünde ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny belläp: «Aziýalylaryň, türkmenleriň däplerine eýerip, biz bazarlarda bişirilýän süýji kebaplardan ençeme gezek hezil edip günortanlyk edindik» diýip, bu milli tagamlaryň ýewropalylara mahsus bolan balyk, ýumurtga, kofe, mürepbe ýaly ertirliklerden has üýtgeşikdigini belleýär. Aleksandr Börns Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän Saragt babanyň hormatyna bina edilen ýadygärligiň şol döwürdäki gurluşy hakynda gymmatly maglumatlary hem ýazyp galdyrypdyr. Edebiýatçy alymlaryň bellemegine görä, Aleksandr Börns «Görogly» şadessanyndan käbir aýdymlary terjime edip, ýewropaly okyjylara ýetiripdir. Onuň türkmen topragyna we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna syýahaty bilen bagly taryhy, etnografik, geografik, edebi maglumatlary möhüm ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Beýik Ýüpek ýoly gaýtadan dikeldilýär. Häzirki döwürde milli Liderimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde Türkmenistanda syýahatçylyk giň gerimli ösdürilýär. Eziz Diýarymyza dünýäniň çar künjeginden gelýän syýahatçylaryň sany günsaýyn artýar.
Myrat Tuwakow