Atalar sözi — akylyň gözi
(Ýaz hakyndaky nakyllardan)
Ýaz aksyz bolma, güýz — göksüz.
***
Ýaz azygy — gyş azygy.
***
Ýaz bar, gyş bar, telesene ne iş bar.
***
Ýaz diýip, otsuz galma, gyş diýip — suwsuz.
***
Ýaz güni bir palaw, gyş güni bir alaw.
***
Ýaz işle, gyş dişle.
***
Ýaz sagymsyza, güýz gawunsyza sala-da salma,
onuň bilen goňşam bolma.
***
Ýaz ýatan gyş aglar..
***
Ýaza çyksaň, gyşyňy unutma.
***
Ýazda maly aýak bilen bak, güýzde taýak bilen.
«Paýhas çeşmesi» kitabyndan