Ýaz ekişi
barada nakyllar
* Ýandak sere — tohum ýere, mirap — suwa, kök — yzgara.
* Gyş gamyny ýaz iý, ýatar garna az iý.
* Sowurda suwar, jöwzada ek!
* Ýylyň gelşi nowruzyndan belli.
* Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş.
* Nowruzyň gaýynda, togsanyň haý-haýynda.
* It ýyly ek, doňuz ýyly or.
* Ir eken harman alar, giç eken — arman.
* Gülşende gül biter, şor ýerde şora.
* Ýeriňe bitse ýandak, ekiniň bolar hondak, ýeriňe bitse gyzgan, ekiniň bolar dyzman, ýeriňe bitse akbaş, ekiniň bolar puk baş.
* Gördüň ýazyň dokuzy, al-da çyk, goşa öküzi.
* Gün bar — bir teňňelik, gün bar — müň tyllalyk.
* Gün otagalasa — günlük, Aý agyllasa — aýlyk.
* Bir günden bahar bolmaz.
* Ýelemik aýazdan, ýedi günki boragan.
* Ir ekseň doň alar, giç ekseň ýer gurar.
Taýýarlan Aýlar BERDIGYLYJOWA