AŞGABADYŇ WASPY IÇRE AJAP MUKAM — «GARAGUM»

Watanyň giň ýaýlasyndan alypdyr tylla nury,
Sünnälenen keşbi göýä dutaryň goşa tary,
Çagyryp dur gursagynda ýagşylyk, söýgi bary,
Myhmanyna hoş sapaly, jennet mekan — «Garagum»,
Aşgabadyň waspy içre ajap mukam — «Garagum»,

Gel, myhman, ýagty töründen orun beren ile gel,
Yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýola gel,
Hakykat bolan ertekä, arzuwa-hyýala gel,
Myhmanyna hoş sapaly, jennet mekan — «Garagum»,
Aşgabadyň waspy içre ajap mukam — «Garagum»,

Reňbe-reň gül-gunçasyndan gelýär uçmahyň ysy,
Bardyr aýdyň gijelerde ýyldyzlar bilen bäsi,
Döräberýär gujagynda şygyr-gazallar täsin,
Myhmanyna hoş sapaly, jennet mekan — «Garagum»,
Aşgabadyň waspy içre ajap mukam — «Garagum»,

Binýadynda bagtyýarlyk döwrümiziň keşbi bar,
Eziz halkyň şu gününe, geljegine yşky bar,
Ýaşyl Tugum, türkmen ruhum älem-jahana ýaýýar,
Myhmanyna hoş sapaly, jennet mekan — «Garagum»,
Aşgabadyň waspy içre ajap mukam — «Garagum»,

Gelen rysgy bilen geler, artar saçagyň duzy,
Haýran edýär kerwenleriň ak çägä çeken yzy,
Aňňat-aňňat depe-gollar agyn sähranyň özi,
Myhmanyna hoş sapaly, jennet mekan — «Garagum»,
Aşgabadyň waspy içre ajap mukam — «Garagum»,

Baýdyr Garaşsyz Diýarym ösüşlere, şatlyga,
Görenleri ýetir mydam muhabbete, aklyga,
Beslenipdir millilige hem-de döwrebaplyga,
Myhmanyna hoş sapaly, jennet mekan — «Garagum»,
Aşgabadyň waspy içre ajap mukam — «Garagum»,

Düwmesini şaňňyrdadyp, gezer iner-maýasy,
Düşüpdir mele topraga döwlet guşuň saýasy,
Seleňleýän ak öýleri — gözleriň pyýalasy,
Myhmanyna hoş sapaly, jennet mekan — «Garagum»,
Aşgabadyň waspy içre ajap mukam — «Garagum»,

Gözellige seýran eden ýerdäki behişt saýar,
Didelerde heserden, heýjandan uçgun galar,
Gutly bolsun Arkadagdan ylham alýan binalar!
Myhmanyna hoş sapaly, jennet mekan — «Garagum»,
Aşgabadyň waspy içre ajap mukam — «Garagum».

Gurbanjemal Annakowa