ÝÖRELGÄMIZ — SAGDYN DURMUŞ
Ajaýyp zamanamyzda ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglyk ulgamynda-da asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň täze taryhynyň sahypalaryny bezeýän, sporty ösdürmek bilen baglanyşykly amala aşyrylan işleriň netijesinde dünýä türgenleriniň nazary ýygy-ýygydan Diýarymyza tarap gönügýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan stadionlaryň, sport merkezleridir mekdepleriniň özi hem bu ugurda uly öňegidişlikleri emele getirdi. Sporta, saglygy berkitmeklige bagyşlanyp geçirilýän dürli möçberdäki çäreleriň, halkara ýaryşlarynyň sanawynyň ýylsaýyn artýandygy-da bu babatda alnyp barylýan işleriň dowamly häsiýete eýediginden habar berýär. Türkmenistan Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň işjeň agzasy bolmak bilen, olimpiýa hereketleriniň ösdürilmegine-de mynasyp goşant goşýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem raýatlarymyzyň saglygyny berkitmeklige gönükdirilen çäreleriň tebigatyň goraglylygyny nazarlanyp amala aşyrylýan işler bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny görkezýär.
Daşky gurşawyň goraglylygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Şunuň netijesinde ýurdumyzda welosiped sürmek, bu ugurda dürli çäreleri geçirmek ajaýyp däbe öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli her ýyl köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirilýär. Garaşsyz Diýarymyzda bu sene agzybirligiň, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygyň baýramy hökmünde uly dabara, şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýär. Welosipedli gezelençler dünýäde uly jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň biridir, şeýle çäreler dürli durmuş, sport we ekologiýa taslamalaryny we başlangyçlary goldamak maksady bilen geçirilýär. Öňdebaryjy saglyk syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde welosiped sporty türkmenistanlylaryň arasynda barha uly meşhurlyga eýe boldy. Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan ekologik çäräniň çäklerinde şu ýylyň aprel aýynyň 4-inden 11-i aralygynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli paýtagtymyzyň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketiniň çäklendirilmegi hem ýurdumyzda sagdyn durmuşyň ýörelgä öwrülendiginden habar berýär. Bu çäre adam üçin amatly bolan iň oňat howa gurşawyny emele getirmekde uly ähmiýete eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň raýatlarynyň beden we ruhy sagdynlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şu günlerde şäherde hereket edýän ulaglaryň sanynyň göz-görtele azalmagyna, raýatlarymyzyň pyýada ýa-da welosipedli hereketlerine ser salanyňda, çäräniň peýdasynyň bimöçberdigine göz ýetirýärsiň.
Ençeme ýurtlarda geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň meşhur görnüşleriniň biri bolan welosipedli ýörişler Türkmenistanda hem şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylaryny birleşdirýär.
Halkyň sagdyn durmuşy, daşky gurşawyň arassalygy baradaky meselä uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutumly işleri rowaç bolsun!
Göwher MELEBAÝEWA.