Nurana dünýä




Türkmen poeziýasyna nurana ýaz, goňras güýz, tämiz gyş hem altynsow tomus ýaly bolup gelen Gurbannazar Ezizowyň şahyrana dünýäsi geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda ýaş ýigitler we gyzlar bolan biziň ruhy dünýämize öwrüldi. «Şahyr diri gezip ýörkä-de şeýle meşhurmydy?!» diýip, menden şu günki ýaşlar soraýarlar. (Diýmek, bu söz ussadynyň meşhurlygy bu günki gün hem egsilmez derejede bolmagynda galýar). Gurbannazar şahyr, juwan wagty şeýle bir meşhurdy, biz — ýetmişinji ýyllarda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary şol döwürde Aşgabatda edebiýat duşuşyklarynda ony daşyndan görsegem, «Men şu gün Gurbannazar Ezizowy gördüm!» diýip, şatlanyp, birek-birege aýdardyk. Şatlanmazmyň, buýsanmazmyň, biz — ýaňy edebiýat dünýäsine ymtylýan ýigitler-gyzlar: Mammetnazar Babanazarow, Ahmet Bekmyradow, Guldurdy Sähetdurdyýew, Osman Ödaýew, Nowruz Gurbanmyradow, Süleyman Ilamanow, Miwe Tuwakbaýewa, Kömek Kulyýew, Hydyr, Ylýas Amangeldiýewler, Aman Goşaýew we ýene-ýeneler onuň şygyrlaryny, poemalaryny birek-birege ýatdan aýdyp berip bilýän muşdaklarydyk ahyryn.
Şahyryň «Ynam» ady bilen 1971-nji ýylda neşir edilen kitaby juwanlyk joşgunynda gaýnaýan kalbymyza şeýle bir täsirini ýetirýärdi, biz onsoň bu owadan dünýäni Gurbannazar bilen täzeden açýardyk...

«Jadyly däl, seniň ynsan gözleriň...», «Al-elwan güllerden galypdyr duman...», «Suwy süýjan alma kimin daňatar...», «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok...». Bu setirler biziň ruhumyzda täze bir öwüşgin, täze bir ahwal oýarýardy.
Şahyryň dünýädäki iň çylşyrymly, iň çapraz pikirlere sada sözler bilen sazlaşykly hem dürs jogap tapyşy türkmen poeziýasynda gaýtadan janlanan täzeçillikdi. Paradoksal (çapraz) pikirleriň sazlaşykly beýany diňe nusgawy şahyrymyz Magtymgulynyň poeziýasynda ähli güýç-gudraty, öwüşgin owazy bilen orta çykypdy: «Al-ha almyş, ber-hä bermiş bu dünýä...», «Garyplar at münüp depse — eşekdir, döwletliler eşek münse — at bolar...». Beýik söz ussadynyň islendik goşgusyndan çapraz pikirleriň şeýle akgynly çözgüdini tapmak bolýar. Gurbannazar Ezizow köplere başartmaýan bu çylşyrymly hem geň-enaýy ýörelgäni öz poeziýasynda täze öwüşgin bilen orta çykardy. Mysal hökmünde şahyryň:

«...Ähli duşan hem duşmadyk ykballaň,
Dünýesidir biziň ümmülmez dünýä...»
«Sen özüňden näçe närazy bolsaň,
Il senden şonça-da razydyr, razy...».

...Bu aýdylanlar Gurbannazar şahyryň şygyrlaryna içgin nazar aýlanyňda, gözüňe ilýän täsin täzelikleriň diňe biridir. Ussadyň döredijiliginiň aýratynlyklary hakynda ylmy derňew işlerini alyp barýan alymlar üçin onuň edebi mirasynda şeýle täsinlikleriň giden bir dünýesi ýatandyr.
Ýetmişinji ýyllar...
...Biz — ýaşlar G.Ezizowyň şygyrlaryny ýat tutardyk, gaýta-gaýta okardyk. Poeziýa baýramçylyklarynda, edebi duşuşyklarda onuň şygyr okaýşyny diňläp, ony hut öz ýüregimizdäki duýgulary beýan edýän şahyrymyz hökmünde sarpalaýardyk. Guwanýardyk. Buýsanýardyk. Şeýdip, bu kämil söz ussady ykbalymyzyň, ýaşlygymyzyň öçmez sahypasy, nurly ýatlamasy bolup galdy. Onuň söýgi hakyndaky:

«Seni söýüp göz ýetirdim bir zada,
Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde».

«Söýgi hasrat däldir, ýürekde dörän,
Hiç mahal guramaz baldakdyr baldak.
Men söýgimi belent göterdim örän,
Misli maňa tabşyrylan al baýdak» —

diýip, ýazan setirleri köňlümiziň tämiz bolmagyna, ýolumyzyň kämillige tarap uzamagyna sebäp bolupdy.
Şahyryň ýürekleriň jümmüşine aralaşýan şygyrlarynda şeýle setirler bar:

«Her hal geçmişimden ýokdur armanym.
Çünki meň geçmişim — seniň söýgiňdir...»

Meşhur şahyrymyz diri gezip ýören bolsa, häzir segsen ýaşa ýetjek eken. Eger ykbal oňa uzak ömür eçilen bolsa, ol bize, gör, näçe ajaýyp eserleri galdyrardy... Şahyr: «Meniň geçmişim — seniň söýgiňdir» diýýär. Biziň ýaşlygymyz, biziň geçmişimiz — Gurbannazar Ezizow hem onuň poeziýasy. Durmuşyň kadasy şeýle, ýaşlyk geçýär... Bu barada-da ol «Ýaşlyk» atly goşgusynda şeýle ýazypdyr:

«Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady.
Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy...»

Gör, nähili hak aýdylan söz. Biziň ýaşlygymyz hiç zady ýitirenok... Biziň ýaşlygymyz Gurbannazar Ezizow bilen bile baky ýaşap ýörer.

Ahmet HALMYRAT