Ýüreklere barýan dostluk ýollary


Ýüreklere barýan dostluk ýollary



«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň her güni bizi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna hasda ýakynlaşdyrýar. Mälim bolşy ýaly, dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz — eziz Türkmenistandyr! Uly dünýä şaýol bolup goşulan hemişelik Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň halkara jemgyýetçiliginiň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen oňyn başlangyçlary, ynsanperwer syýasaty, durmuşa geçirýän uly özgertmeleri geosyýasy taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistany halkara jemgyýetçiliginiň aýratyn üns berýän ýurduna öwürdi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgy bilen çykyş edende: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi parahatçylyk döredijilikli ýokary wezipedir, parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly ýurdumyzyň dünýä we sebit derejelerinde ýüze çykýan ähli meseleleriň çözülmegine gatnaşmaga taýýardygydyr» diýip belläp geçdi. Şundan ugur alyp, mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün dünýäniň iň öňdebaryjy, iň abraýly döwletleriniň hatarynda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny doly berjaý edýän, halkara hyzmatdaşlyk meselelerine örän jogapkärli çemeleşýän, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň, özara düşünişmegiň berkarar bolmagy ugrunda tagallalary birleşdirýän, geljegi uly hyzmatdaş hökmünde hasda meşhurlyk gazanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly «Açyk gapylar» syýasatyna, hemişelik Bitaraplyk, ata-babalarymyzyň mizemez ýörelgelerine eýerip, tutuş adamzat nesli üçin haýyrly işleriň sakasynda durýan dostlugyň, agzybirligiň ýüreklere barýan synmaz köprülerini gurýarys. Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik gatnaşyklary ösdürip, ýurdumyz bu ugurda sebitleýin we ählumumy ölçegdäki wajyp meseleleri çözmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. BMG-niň Türkmenistanda işleýän ýöriteleşdirilen wekilhanalary däp bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Ýurdumyz BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berip, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany kabul etdi. Munuň özi mähriban Arkadagymyzyň hoşniýetli daşary syýasatynyň ýene bir üstünligidir.
Şeýle il-ýurt, halkara ähmiýetli döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Zybagözel KARAÝEWA