Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ýörelgämiz, ygrarymyz


Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ýörelgämiz, ygrarymyz



Hoşniýetli köňülleriň, ynsanpewer ýoly ýagty,
Uýýanymyz asudalyk, adam hakda şygarymyz.
Meger şudur köňülleriň altyn tagtdan bina bagty,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ýörelgämiz, ygrarymyz.

Jan Watanym Türkmenistan, mizemezlik durky sende,
Ýaşyl bagy gül-gülüstan, ýaşaýyşyň örki sende,
Arkadagly eziz Watan! Garaşsyzlyk erki sende,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk -ýörelgämiz, ygrarymyz.

Dutar-gyjak ýaňlanyp dur, her bir türkmen öýlerinde,
Paýhas käni jemlenipdir, dädem Gorkut boýlarynda,
Magtymguly diňlenip dur, ýurduň baýram-toýlarynda,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk -ýörelgämiz, ygrarymyz.

Alys ýerde has-da duýdum Watan gadyr-gymmatyny,
Säher turup dag-derede gördüm Günüň doganyny,
Gözüm üzmän kän serede ýüze syldym dogan Güni,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk -ýörelgämiz, ygrarymyz.

Eneleriň hüwdüsiniň täsiriniň özi ýaly,
Sen kalbymyň öwgüsisiň, täsinligiň uzy ýaly,
Mydam halkyň kalbyndasyň Şükür bagşyň sazy ýaly,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ýörelgämiz, ygrarymyz.

Annatuwak KAKAÝEWA