GARAŞSYZLYK HAKYNDA BALLADA


GARAŞSYZLYK HAKYNDA BALLADA



Garaşsyzlyk — halkymyzyň hasyl bolan wysaly,
Garaşsyzlyk — bagtymyzyň dünýä dolan nyşany,
Garaşsyzlyk — goja dünýäň çykaran dürs hasaby,
Garaşsyzlyk — ak ykbalyň çözülen dürs mysaly.

Garaşsyzlyk — Pyragynyň arzuwynyň özeni,
Garaşsyzlyk — bu türkmeniň aýdymy hem gazaly,
Garaşsyzlyk — şanly toýuň, baky bagtyň ýüzügi,
Garaşsyzlyk — halkymyzyň, ata ýurduň bezegi.

Garaşsyzlyk — Oguz handan gaýdan ýoluň ýalkymy,
Garaşsyzlyk — ganatymyz, göwünleriň galkymy,
Garaşsyzlyk — Bagt atly ak gäminiň ýelkeni,
Garaşsyzlyk — kalbymyzyň joşa gelen tolkuny.

Garaşsyzlyk — älem içre ykrarymyz, şanymyz,
Garaşsyzlyk — sarsmaz döwlet, tende şirin janymyz,
Garaşsyzlyk — damarmyzdan akýan gyzgyn ganymyz,
Garaşsyzlyk — ýüregmizde, serimizde aňymyz.

Garaşsyzlyk — bu türkmeniň ruhunyň päk jemaly,
Garaşsyzlyk — bu türkmeniň tapan döwlet, kemaly,
Garaşsyzlyk — durmuş atly derýanyň bagt kenary,
Garaşsyzlyk — başyn göge dirän döwrüň çynary.

Garaşsyzlyk — berkarar hem synmaz ýurduň gujagy,
Garaşsyzlyk — bu milletiň bereketli saçagy,
Garaşsyzlyk — binýadymyz, başymyzyň üçegi,
Garaşsyzlyk — al-asmanda barýan bagtyň uçary.

Garaşsyzlyk — guwanjymyz, tylla-genji milletiň,
Garaşsyzlyk — baky bahar, ykballary gülleden,
Garaşsyzlyk — Beýik Ýeňiş, iň arzyly pelle sen,
Garaşsyzlyk — datly dünýä, baky ýaşa, gülle sen.

Garaşsyzlyk — ak öýlerden çykýan hüwdi sesleri,
Garaşsyzlyk — halkymyzyň bagtynyň sak esgeri,
Garaşsyzlyk — bu taryhyň iň ajaýyp eseri,
Garaşsyzlyk — bu milletiň soňlanmajak asyry.

Garaşsyzlyk — ýaşyl Tugum, al-asmanda parlaýan,
Garaşsyzlyk — ajap mukam dünýämizi durlaýan,
Garaşsyzlyk — gudrat-kerem ata ýurdy zerleýän,
Garaşsyzlyk — şirin zyban türkmen bolup gürleýän.

Garaşsyzlyk — ene toprak, berekediň mesgeni,
Garaşsyzlyk — bu türkmeniň mertebesi, messebi,
Garaşsyzlyk — baky dowam ýurduň beýik kyssasy,
Garaşsyzlyk — Türkmenistan, döwletleriň nusgasy.

Garaşsyzlyk — Arkadagyň ak ýolunyň rowany,
Garaşsyzlyk — Arkadagyň bagtyýarlyk zamany,
Garaşsyzlyk — bu türkmeniň dünýä dolan zybany,
Garaşsyzlyk — halkyň baky dowamaty-dowamy.

Garaşsyzlyk — müňläp-müňläp asyrlaryň aýdymy,
Garaşsyzlyk — eždatlaryň — pederleriň aýdymy,
Garaşsyzlyk — dogum-dogum nesilleriň aýdymy,
Garaşsyzlyk — Arşa galan bakylygyň Baýdagy.

Agamyrat Soltanow