ÖSEN MEDENIÝETLERIŇ MEKANY


ÖSEN MEDENIÝETLERIŇ MEKANY



Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan dürli medeniýetleri birleşdiren medeni we ruhy galkynyşlaryň gadymy mekanydyr» diýmek bilen, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda umumadamzat gymmatlyklaryna goşan uly mirasyny geljekki nesillere ýetirmek we bütin dünýäde wagyz etmek boýunça işleriň toplumlaýyn esasda alnyp barylmalydygyna ünsi çekýär. Çünki bu gün gojaman türkmen topragy dünýäde iň gadymy siwilizasiýalaryň dörän ojaklarynyň biri hökmünde ykrar edilip, baý taryhy we medeni mirasy bilen syýahatçylardyr jahankeşdeleriň gelim-gidimli künjegine öwrülýär. Ýurdumyzyň tebigy mirasynyň aýawly saklanylmagynda hem-de wagyz edilmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda London şäherinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Konwensiýasyna gol çekip, bu ýöriteleşdirilen düzümiň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda bolsa Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakynda Konwensiýasyny tassyklady. Bu Konwensiýa laýyklykda, medeni we tebigy mirasyň käbir gymmatlyklarynyň aýratyn gyzyklanma mynasypdygy sebäpli, olar Bütindünýä mirasynyň bir bölegi hökmünde umumadamzat üçin goralyp saklanylmaga degişlidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda degişli Konwensiýanyň çäklerinde türkmen hünärmenleriniň halkara bilermenler bilen üstünlikli işleriniň netijesinde, dünýä jemgyýetçiligi ýurdumyzyň baý taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik gazandy.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagta çenli Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty bolsa ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizildi. Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän täsin taryhy-arheologiýa ýadygärlikleri hasaplanýan üç sany iri taryhy-medeni goraghananyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda bolmagy türkmen topragynyň, hakykatdan-da, dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolandygyna şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda Parfiýa döwletiniň paýtagty hökmünde öz döwrüniň ösen ylym we medeniýet ojagy hasaplanan Gadymy Nusaý türkmen halkynyň şöhratly taryhynda mynasyp orun eýeleýär. Häzirki wagtda Köne Nusaýyň we Täze Nusaýyň gadymy şäheriniň keşbini Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Bagyr obasynyň golaýyndaky Köpetdagyň etegindäki belentlikde görmek bolýar. Köne Nusaý we Täze Nusaý galalary diňe bir Orta Aziýada däl, eýsem, bütin dünýäde hem uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Şoňa görä-de, 2007-nji ýylda Parfiýa döwrüne degişli Köne we Täze Nusaý galalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak hakynda çözgüt kabul edildi. Munuň özi bu täsin künjekde arheologik barlaglary we möwsümleýin gazuw-agtaryş işlerini geçirmäge, ýüze çykarylan taryhy tapyndylary ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärlikleri içgin öwrenmäge we olary dünýäde wagyz etmäge giň ýol açan Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, mertebesi belent, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Oguljan BABAÝEWA