Şahyryň Nakyla Öwrülen Setirleri


Şahyryň Nakyla Öwrülen Setirleri



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmeniň asyllylyk, ynsaplylyk mirasyny nesillerden-nesillere geçirmek, beýik söz ussatlarynyň galdyran medeni mirasyny öwrenmek, ony ýaş nesilleriň aňyna ýetirmek arkaly olarda watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, ýokary ahlaklylyk, janypkeşlik, ynsaplylyk ýaly häsiýetlerini terbiýelemek barada uly aladalar edilýär.

“Türkmenistan—Bitaraplygyň Mekany” ýylymyzda ata-balarymyzyň nesillere galdyryp giden şöhratly mirasyny hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenmäge hem-de olary dünýä ýaýmaga has-da giň mümkinçilikler döredi. Bu milli pähimler babatda-da şeýle. Milli pähimler, şol sanda atalar sözidir nakyllar gysga sözde köp many aňladýanlygy bilen tapawutlanyp, türkmen nusgawy şahyrlarynyň aglabasynyň ýazan eserlerini bezäp gelipdir. Olar öz şygyrlarynda öňde goýan maksatlaryny pähimleriň baş maksadyna gabat getirip ýazypdyrlar. Biz şu makalamyzda, esasan, Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nakyla öwrülen setirleri barada gürrüň etmegi makul bildik. Magtymguly Pyragy hem nusgawy edebiýatymyzyň beýleki görnükli wekilleri ýaly, nakyllaryň diňe terbiýeçilik ähmiýeti bolanlaryny saýlap-seçip almagy, olary öz tabynlygynda hereket etdirmegi ussatlarça başaran şahyrdyr.

Ine, şonuň üçin hem nakyllaryň durmuşymyzda has çuň mana eýe bolmagynda Magtymgulynyň Pyragynyň bitiren hyzmaty uludyr. Ol türkmen nakyllaryny özüçe işläpdir, şonuň ýaly-da, onuň döreden onlarça-ýüzlerçe goşgy setirleri atalar sözüne öwrülip gidipdir.

Nakyllara dana şahyryň ähli goşgusynda diýen ýaly duşmak bolýar. Aýratynam şahyryň “Oglum Azadym”, ”Atamyň”, ”Aýrylyp”, “Bagtym garadyr”, “Gulagyn tutmaz”, ”Owazym”, ”Nahana geldiň”, “Diş gitmek”, ”Behem eder”, “Ata meňzär”, “Köýmän ýigide”, “Içen ýalydyr”, “Alajakdyr”, “Gitmezmiş”, ”Dag saýar”, “Ýoldaş bolan”, “Sil biläni”, “Biläni’, ”Gidiji bolma”, “Otur-turuşyn görüň”, ”Läle getirmiş”, “Peýany bolmaz”, ”Syn bilen”, ”Märekä barmaz”, “Ýaryň ýagşysyn”, “Enary bardyr”, “Ölmezden burun” atly şygyrlary tutuşlygyna diýen ýaly nakyllara ýugrulandyr.

Magtymguly Pyragynyň: “Bisabyr gul tiz ýolugar belaga, sabyrly gul dura-dura şat bolar” goşgusynyň ikinji setiri “Sabyrly gul dura-dura şat bolar” nakyla öwrülip gidipdir ýa-da şahyryň: ”Boý satyn alyp ýamandan, baky ondan dynma barmy?” diýen setirleri, soňra “Ýamandan boýuňy satyn al” nakylyna öwrülip gidipdir.

Aslynda, akyldar şahyry onuň döreden nusgawy eserlerini türkmen halk döredijiliginden üzňelikde göz öňüne getirmek mümkin hem däl. Ol goşgularynda türkmenleriň häli-şindi ýüzlenip duran halk döredijiliginden ýerlikli peýdalanmak bilen olary öz setirlerine siňdirmegi başarypdyr. Onuň yşky söýgä, öwüt-nesihat, tankydy goşgulary bilen birlikde ynsanyň gylyk-häsiýetine degişli, ýagny, mert, namartlyk, batyrlyk, halallyk, birsözlülik hakynda, il-güni agzybirlige çagyrýan goşgulary hem bar. Ol haýsy temadan goşgy ýazsa-da, onuň goşgularynda türkmenleriň häli-şindi ýüzlenip duran nakyl, matal, erteki we rowaýat ýaly toparlarynyň ruhy ýatyr. Ol halk döredijiligi toparynyň häsiýetine laýyklykda onuň ruhuny, mazmunyny şygyrlarynda şahyranalyk bilen beýan edipdir. Şonuň üçin hem ol diňe bir nakyllardyr atalar sözüni ulanmakda ussat şahyrlaryň hatarynda tanalman, eýsem, ol onlarça şygyrlarynda nakyla öwrülen setirleri ündew etmegi, halk nakyllaryny haýsydyr bir gutarnykly pikiri doly çeper bir hala salyp, onuň netijesini aýan edip, şol netijäni hem birinji orna çykaryp, ileri sürmegi başaran naýbaşy şahyr hökmünde tanalýar. Geliň, şu ýerde şahyryň nakyla öwrülen setirleriniň käbirlerine ser salalyň: “Kişi sözlemeýen, syry paş bolmaz”, “Dünýä durmaz, ömre baky ýok”, “Suw gadryn balyk biler”, “Ýeke äriň ömür ady tutulmaz”, “Daşa atylan oklar, daşa girer boldy, dolanyp gaýtmaz”, “Adam bardyr, bir söz diýseň, äşgärdir”, “Hyýal bir iş bitirmez”, “Bu nakyldyr adamzat, sen bu mekana geldiň”, “Ýaman dil—ýel getirer”, “Ýagşy--rehmet getirer”, “Ýagşy ýigit ýol ýitirmez”, “Ýamandan ýagşy set bolmaz, asly ýagşydan bet bolmaz”, “Söz manysyn aňmaz adam, bir guýruksyz ite meňzär”, “Ýamana öwüt hebesdir, ýagşy äre bir söz besdir”, “Çopan adam çoka bolmaz, ala garga oka gelmez”,“ “Akmaga syryňy bermek, öz aýbyň açan ýalydyr. Agzy ala bolan iliň, döwleti gaçan ýalydyr”, “Halal, haram-ýygnan malyň, soňra senden galajakdyr”, “Goýna gardaş bolmaz gurtdan, dileg etme her namartdan”, ”Dert çekenler dert biler”, “Ýagşy sözi jana ýarar, ýagşy bilen ýoldaş bolan. Gaçyp gutulmaga uwnar, bir ýaman goňşa duş bolan“, “Hak bendesi haka çokar, ýaman pälinden tapar”, “Serçeden gorkan ekmez dary”, “Ýyrtyk don görse, it gapar”,”Päli ýaman bende, Hudadan tapar”. “Ýygylsa, müň gaýgy, bir iş bitirmez”, “Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz, märekede otur-turuşyn görüň. Birew bilen aşna bolaý diýseňiz, owal ykrarynda duruşyn görüň”, “Dälini bir taýak ýola getirmiş”, “Ýygnanyň barysy dünýäde galar”,“Sözlemän oturmak, bilseň, akyldyr”, “Namart aýyp gözlär dogan ilinden”,”Gawunyň ýagşysyn şagal iýr bolsa”, "Aňy bolmaz diýrler garny açlaryň”, “Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmazdan burun”, „Deňsiz bile deň eýleme özüňi“, „Kişige gaty söz aýdyjy bolma“... Şular ýaly onlarça nakyllar dana şahyryň ölmez-ýitmez eserleriniň esasyny düzýär.

Şahyryň sada we düşnükli dil bilen, çuň manyly pikirleri halk durmuşyndan alan çeper obrazlarynyň üsti bilen suratlandyryp bermegi, halkyň şahyra bolan hormat-sylagyny has hem güýçlendiripdir. Magtymguly halk mysallaryndan we halk sözlerinden, mümkingadar doly peýdalanypdyr. Muňa: “Hile hem batyrlykdyr ýerinde, Ony başarmaga kişi gerekdir”. “Ýagşylyk tamasyn etmäň, Ýamanlyk çykmaýan ärden” ýa-da ”Çagyrylan ýere bar, otur-da, turma, Çagyrylmadyk ýere barma, görünme” nakyllaryny görkezmek bolar.

Ine, şu we şuňa meňzeş nakyllar onuň eserlerinde näçe diýseň bar. Dogry, şahyryň şygyrlarynda getirilýän nakyllaryň birnäçesiniň Magtymgulyň döwrüne çenli hem halk arasynda bolandygyny inkär etmekçi bolamzok. Ýöne Magtymguly olary öz döredijiliginde işjeň ulanyp, şol nakyllaryň halk arasynda öňküden-de has giň ýaýramagyna sebäp bolanlygy welin hak. Şonuň üsti bilen ol özüni halka has-da ýakynlaşdyrypdyr, halk arasynda şöhratlanypdyr, halkyň sylag-hormatyna mynasyp bolupdyr.

Ähli nusgawy şahyrlarymyzdan tapawutlylykda Magtymguly-Pyragynyň döredijiliginde nakyllara has kän duş gelýärsiň. Muňa mysal edip, onuň şygyrlaryndan şu aşakdaky ýaly nakyllary mysal getirmek bolar: “Güýçli bilen talaşma, ýüwrük bilen ýaryşma”, “Garyplyk öldürmez, öldürmese-de--güldürmez”, “Ten agyrsa, jan çykar”, ”Ýekäniň çaňy çykmaz”, ”Ýamandan boýuňy satyn al”, ”Nadan dostdan dana duşman ýagşydyr”, ”Dostuňy egleme nepden galmasyn, duşmanyň saklama, syryň bilmesin”,”Edebiň ýagşysy ulyny syla”, “Owal akar ýerden akarmyş aryk”, “Men-menlik edeniň tanapy çüýrük”, ”Tamda gulak bar”, “Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir”, “Ýagmyr bilen ýer gögär”, ”Müň gaýgy bir iş bitirmez”, “Gawunyň ýagşysyn şagal iýr”, “Bir ýaman söz ýürek bular, ýagşyny älem arzuwlar”. “Magtymguly, ýoldan çykmaz, ýamana ýagşy söz ýakmaz. Müň söz aýtsa, biri ýokmaz, Taňrysy guýman ýigide”.

Şular ýaly pähim-parasatly setirler şahyryň “Görülmeýen ýerde” atly goşgusynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçip, onuň esasy mazmunyny düzýär. Onda şeýle diýilýär:

Yzzat, hormat, syn etmegin,
Görüm görülmegen ýerde.
Akyl bolan söz açarmy?
Nobat berilmeýen ýerde.
Akly ýagşylar unutmaz,
Gury agaja ýaprak bitmez,
Akylly är mesgen tutmaz,
Hulky söýülmeýen ýerde.



Görşümiz ýaly, nakyllardyr atalar sözüniň hiç biri-de ýazmaça ýazylyp ile ýaýradylan zat däl. Olar dilden-dile geçip biziň şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Şu zeýilli nakyllardyr atalar sözlerinde ündelýän pikirler, maslahatlar, ýatlamalar ata-babalarymyzyň aňyna ornap, süňňüne siňip gidipdir. Halk özüniň söz hazynasyndan her döwür özüne ýaramlysyny susup alýar. Köne mazmunly nakyllardyr atalar sözleri täze zamanda täze mazmuna eýe bolýar. Magtymguly öz döredijiliginde türkmen nakyllaryna, atalar sözlerine hem täze röwüş berip bilipdir. „Huny bardyr“ atly gazalda şahyr iki nakyly, ýagny, „Bir kemsiz gözel bolmaz“ we „Süýde siňe seretseň, gan görüner“ diýen nakyllary ussatlyk bilen setirlerine siňdirmegi başarypdyr.

Türkmen ruhunyň Magtymguly bilen bir şahada gatylyp-garylyp gidendigine güwä geçýän hormatly Prezidentimiziň „Döwlet guşy“ atly romanynda şeýle teswirleme berilýär. „Pederlerimiz bir pähim döredipdir: „Il bilen gelen ölüm toý-da-baýram“ diýip. Wagtyň gecmegi bilen adamlar bu pähimden „ölüm“ sözüni aýryp taşlapdyrlar... Magtymguly atamyz bu pähimi has ýönekeýleşdiripdir: “Goç ýigide toýdur-baýram, her iş gelse il biläni“.

Nakyldyr atalar sözüne ýygy-ýygydan ýüzlenip, sözüň gymmatyna dogry hem doly düşünip, her bir pähimi jaýdar ýerinde, sazlaşykly, ezberlik bilen beýan etmek ýazyjylardan ussalygy talap edýär. Umuman, paýhasa ýugrulan, nakyla öwrülen ganatly setirler halkyň ömür hakydasdyndan çykmaýar, halkymyzyň ruhy-ahlak dünýäsine tenekar bolup siňýär. Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinde pederlerimiziň pähim-paýhasy siňen nakyllaryň, atalar sözüniň tutýan orny biçak uludyr. Çünki akyldar şahyryň öwüt-ündewe öwrülen şygyr ummanynyň ynsana edýän täsiri, ýüreklere ornamagy ýyllar geçdigiçe artmasa kemelenok. Ol mundan beýlägem, hemişe-de halkymyza mahsus milli edep-terbiýäniň baky öçmejek mukaddesligi bolup hyzmat eder.

Goçy Annasähedow,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri, ýazyjy.