Danalardan dürdäneler
Sözüňi uzaltma, gepiň az bolsun,
Ýüz sözüňden biri iliňe galsyn.
***
Bilinýän zatlary etmedim tekrar,
Belli zady aýtmak nämäme derkar?!
Nyzamy Genjewi
Aýtma niýetiňi ýaga, bäsdeşe,
Ýalňyşanlar köpdür ters ädim ädip.
Mydam aýtmak bolar aýtjak zadyňy,
Emma aýdanyňy gizläp bor nädip?
***
Açylan hem açylmadyk syr hakda,
Ine şeýle diýdi paýhasyň piri:
«Açylan syr ýaýdan çykan peýkamdyr,
Gyndaky gylyçdyr ikinji biri».
Abdyrahman Jamy
Ýollara köpri salganlara ýene,
Gije-gündiz üstüne rahmet ýaga.
***
Kagba weýran etmeden müň mertebe,
Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý dede.
Döwletmämmet Azady
Hatam bolup, günde gyzyl berenden,
Köňülde edilen hümmet ýagşydyr.
***
A:kyl bolsaň, gulak goýgul öwüde,
Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr.
***
Göwher daşyn ýüzük etseň mis bile,
Gymmaty egsilmez, hormat ýagşydyr.
***
Ömür saly artar alkyş alanyň,
Gargyş galyndyrmaz, ýaşy syndyrar.
Magtymguly Pyragy