Bereketli hasylyň aladasy


Bereketli hasylyň aladasy



Bahar pasly türkmen sährasyny ýaşyl dona büredi. Güneşli Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlaryna, sähradyr jülgelerine, bag-bakjalaryna ýagyş damjalarynyň nur-bereket bolup sepelenýän, tutuş tebigatymyzyň janlanýan bahar çagynda milli sungat derejesine ýetirilen daýhançylyk we maldarçylyk kärini mynasyp dowam edýän ildeşlerimiz üçin örän jogapkärli döwür başlandy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda 2020-nji ýylyň gowaça hasylynyň düýbüni tutmak we agrotehniki möhletde ýokary hilli ekiş geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda, ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirip hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularymyzyň gatnaşmaklarynda, ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 25-nji martynda, Daşoguz welaýatynda bolsa 29-njy martdan gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi.

Gowaça ekiş döwründe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» kompaniýasyndan ýakynda gelip gowşan, telematik sanly elektron ulgamy arkaly dolandyrylýan ýörite tehnikalary peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we topragyň hasyllylygyny artdyrmaga ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ýer hem-de suw serişdelerinden rejeli we oýlanyşykly peýdalanmagyň möhümdigini nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny dolandyrmagyň sanly elektron ulgamyny ornaşdyrmak hem-de pudagy tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, mehanizatorlaryň ýokary tehnologiýalary, oba hojalyk enjamlarynyň we tehnikalaryň täze nusgalaryny netijeli özleşdirmegiň meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk möwsümini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini nygtap, geljekki bereketli hasylyň girewi bolan ähli agrotehniki çäreleri pugta berjaý etmek barada görkezme berdi. Mähriban Arkadagymyz şeýle-de welaýatlarda ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň hem-de agrotehniki möhletde geçirmegiň ähmiýetini aýratyn belleýär. Şunuň bilen bir hatyrda, ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek, şol ekinlere agrotehniki kadalara laýyk ideg etmek arkaly olardan ýokary hasyl alynmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtaýar.

Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Myratgeldi RAHMANKULYÝEW