Patşa hoja


Patşa hoja



Ajaýyp ylmy açyşlary, kämil şygyr, kyssa, pelsepe we sungat eserleri bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, adamzadyň medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan parasatly atalarymyzyň döredijilik mirasy Zeminiň medeni we ruhy galkynyşlarynyň taryhynda uly meşhurlyga eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bagtyýarlyk döwründe şeýle ruhy gymmatlyklary miras galdyran danyşment-alymlarymyzyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijilik dünýäsini ylmy taýdan çuňňur öwrenmek ýola goýuldy. Çünki olaryň her biriniň döredijilik mirasy giden bir ruhy-edebi ummandyr. Şol eserler öz döwründe halka ruhy goldaw berip, ony ýagty geljege atardy. Ol eserler diňe bir ata-babalarymyzyň taryhy belentligini we şöhratyny dikeltmek üçin däl, eýsem, beýik geljegimiziň esaslaryny berkden tutmakda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Gojaman taryhyň bize ýetiren şeýle nepis eserleri bagtyýarlyk döwrümiziň medeniýetiniň barha çuňlaşmagyna, baýlaşmagyna, täze eserleriň döremegine, şeýle hem ýaş nesillerimizi atalarymyzyň ruhlaryna ygrarly edip terbiýelemäge öz täsirini ýetirýär. Orta asyrlarda ýaşap, Zeminiň ajaýyplyklary, adamzady, tebigy gözellikleri belentden wasp edip, adamzat hakydasynda baky ýadygärlik galdyran, türkmen ylmyny, şygyr sungatyny belent derejelere ýetiren Abu Sagyt Abylhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Abdylla Ensary, Enweri Abywerdi, Alyşir Nowaýy ýaly meşhur alymlaryň we şahyrlaryň hatarynda Patşa Hojanyň ady hem uly hormat bilen tutulýar.
Patşa Hoja XV asyryň ahyrynda –XVI asyryň başynda gadymy Ahal ilinde ýaşap geçýär. Akyldar şahyr Gökdepe etrabynyň gadymy Isbirden obasynda şahyrlar maşgalasynda dünýä inýär.
Türkmen ylmynda Patşa Hojanyň çeper döredijiligi, edebi mekdebi, şahsy durmuşy, onuň ýaşap geçen döwrüniň jemgyýetçilik-syýasy wakalary, döwürdeş alymlary hem-de şahyrlary baradaky gymmatly maglumatlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil edebiýat we golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanylýan golýazmalaryň esasynda 2004-nji ýylda dil we edebiýat ylymlarynyň doktory A.Aşyrowyň redaktorlygynda hem-de dilçi alym R.Godarowyň çapa taýýarlamagynda «Gülzar» atly kitap neşir edilensoň, has meşhur boldy. Alymyň döredijiligi barada A.Saryýewiň, özbek alymlary W.Zahydowyň, I.Ahmedowyň, M.Mirzaahmedowanyň, A.T.Tahyrjanowyň ýazan ylmy makalalarynyň ähmiýetini hem bellärliklidir.
Patşa Hoja we onuň nesil şejerisi hakyndaky esasy maglumatlaryň iň ygtybarlysy onuň 1516-1596-njy ýyllarda ýaşap geçen ogly Hasan Nisarynyň «Muzakkiril-ahbab» atly eserinde beýan edilipdir. Nisary bu eserini 1566-njy ýylda ýazyp gutaryp¬dyr we ony Janybeg soltanyň ogly 1560-1583 hökümdarlyk eden Isgender hana bagyşlapdyr. Ylmy seljermeleriň tassyklaýşy ýaly, Nisarynyň bu eserinde XV-XVI asyrlarda ýa¬şap geçen 250-den gowrak meşhur türkmen şahyrlary, alymlary, döwlet işgärleri hakynda takyk we ygtybarly maglumatlar beýan edilýär. Eseriň soňlamasynda Nisa¬ry öz ata-babalary, dogan-garyndaşlary, şol sanda kakasy Patşa Hoja hakynda gymmatly maglumatlary berýär.
Patyşa Hojanyň nesil daragty şeýle: Seýit Hasan Nisary ibn Seýit Patşa Hoja ibn Abdyl¬ Hoja ibn Süleýman Hoja ibn Ýahýa Hoja ibn Sadr Hoja ibn Täç Hoja ibn Abdylmälik Hoja ibn Mansur Ata ibn Arslan Baba. Şu şejereden görnüşine görä, Nisarynyň kaka¬sy Patşa Hoja bolup, ol hem Abdyl Hojanyň ogludyr. Şu ýerde şahyryň şejeresiniň 9 arkadan soň Arslan baba, ýagny, Hoja Ahmet Ýasawynyň ylym-edep ussa¬dyna birleşýändigini aýratyn bilmegimiz zerur.
Patşa Hojanyň ömür beýany hakynda has ygtybarly maglumatlar, şahyryň öz eserleri bolan «Gülzar», «Maksadyl-atwar» ýaly eserlerinde hem beýan edilýär. Mysal üçin, «Gülzar» eserinde şeýle jümlelere gabat gelýäris:

Şurug etgen eýýamda gyş idi,
Ki ömrüm hem altmyşa ýetmiş idi.

Nebi hijretinden köňül erdi riş
Bolup erdi dokuz ýüz-u kyrk bäş.

Diýmek, şahyr bu eserini 60 ýaşynda, ýagny 1538-1539-njy ýyllarda ýazmaga girişipdir. Şundan ugur alsak, şahyryň 1480-nji ýylda eneden bolandygy mälim bolýar. Patşa Hojanyň ata-babalary hem Gökdepe etrabynyň Isbirden obasynda ýaşap geçipdirler. Onuň kakasy Abdyl Hoja hem öz döwrüniň meşhur şahyry bolupdyr we Aryp edebi tahallusy bilen türkmen we pars dillerinde şygyr ýazypdyr, ol 80 ýaşap dünýäden ötüpdir. Ol döwrüniň meşhur alymy Nejmeddin Kubranyň neslinden bolan 1435-nji ýylda dünýäsini täzelän ussat alym Hüseýin Horezmiden sapak alypdyr.
Abdyl Hojanyň Patşadan başga-da Şyh Aly Hoja, Mirem Hoja atly ogullary bolupdyr. Onuň uly ogly Şyh Aly Hoja edil kakasy ýaly iki dilde, Şowky edebi tahallusy bilen şygyr döredipdir.
Şahyrlar maşgalasynyň iň körpeleri bolan Patşa Hoja özüniň ylmy we edebi döredijiligi bilen ilat arasynda has uly hormatdan peýdalanypdyr. Hut şonuň üçin hem, Patşa Hojany döwrüniň hökümdarlary öz köşklerine işlemäge, döredijilik bilen meşgullanmagyna, özi ýaly ýiti paýhasly alymlardyr şahyrlara goldaw bermäge çagyrypdyrlar. Şahyryň döredijiligine we pähim-parasadyna köşkde ýokary derejede sarpa goýupdyrlar. Oňa soltanlaryň maslahatynda hökümdaryň iň ýakyn maslahatçysy, baş weziri ýaly wezipeleri bagyş edipdirler.
Patşa Hoja türkmen we pars dillerinde eser ýazmaklygyň ussady hasaplanýar. Ol öz eserlerinde sözüň, öwüt-nesihatlaryň güýjüne, ylym-bilimiň, paýhasyň döredýän gülzarlyklaryna ähmiýet bermegiň wajyplygyny öňe sürüpdir. Söz ussady bu barada şeýle ýazýar:

Adam oldur kim jahanda ýagşy sözden pent alar,
Galmaz uşbu adam, emma adam içre söz galar.

Şahyr öz eserleriniň aglabasyny Hoja edebi tahallusy bilen döredipdir. Onuň «Leýli-Mejnun» atly poýemasynyň hem bolandygy barada maglumatlar bar. Bu barada Nisarynyň eserinde şeýle habar berilýär: «Molla Haweri – Adylşa soltanyň şahyrlaryndandyr. Belent mertebeli soltanyň şygra we akyldar adamlara hormaty güýçlüdi we olara uly sarpa goýýardy. Alymlar onuň adyna köp eserler bagyşlapdyrlar. Patşa Hoja oňa bagyşlap türkmen dilinde «Leýli-Mejnun» atly poýemany ýazypdy. Munuň üçin, şa oňa köp sylag-hormat etdi».
Patşa Hojanyň «Leýli-Mejnun» poýemasyndan başga-da «Maksadyl atwar» atly poýemasy bolupdyr. Şahyr kyssa edebi ýordumynda hem ajaýyp eserleri döredipdir. Onuň dürli hekaýatlar, tymsallar, rowaýatlar esasynda döreden iki eseri: «Miftahyl adl» we «Gülzar» atly kitaplary mälimdir. Şahyryň bize gelip ýeten eserleriniň çeperçilik we mazmun gymmaty onuň ýiti zehinli, çeper sözli, giň gözýetimli söz ussady bolandygyny äşgär edýär.
Patşa Hoja «Gülzar» eserini ýazmaklyga Balh şäherinde ýaşaýan mahaly girişipdir. Şol wagt Balh welaýatynyň patyşasy Küsten Gara soltan bolupdyr. Onuň adyllygy, ynsanperwerligi, alymlary hem ýazyjy-şahyrlary goldaýandygy Patşa Hojanyň köňül guşuny ganatlandyrypdyr. Şoňa görä-de, şahyr «Gülzar» eserinde soltanyň şanyna şeýle jümleleri bagyş edýär: «... Soltanlyk asmanynyň dolan Aýy, älem soltanlarynyň serweri, zamana hanlarynyň öňbaşçysy, soltanlygyň we halypalygyň ezizi Abylfath Küsten Gara Bahadyr han Soltan ibn Janybeg soltandyr».
Bu döwürde Balh şäheri syýasy-medeni taýdan Merweden we Buharadan soňky şäherleriň biri hökmünde şöhratlanypdyr. Küsten Gara soltanyň janpenalarynyň we serkerdeleriniň aglabasy türkmenler bolupdyr.
A.Aşyrowyň ylmy makalasynda ýazyşy ýaly: Patşa Hoja hem şol batyr hem merdana esgerleriň ruhuny götermek üçin öz eserinde şeýle sözleri ýazýar: «Bu terbiýeleýji we bagtyýar täleýli patyşanyň goşun nökerleri türkmen kowmundandyr. Olar türkmen dilinde geplemäge maýyl we saýyldyrlar. Şol sebäpli bu kowmuň gepleýiş dilleri bilen bir kitap ýazmaklygy ýüregime düwdüm».
Şahyryň «Gülzar» eserinde taryhy şahslaryň, meşhur edebiýat wekilleriniň, adalatly soltanlaryň durmuşlary bilen baglanyşykly gysgajyk hekaýatlar, tymsallar, rowaýatlar getirip, şolaryň esasynda ynsanperwerligi, adamkärçiligi, ynsan arassalygyny ündeýär. Bu usul Gündogar nusgawy edebiýatynyň şahyrlary Nyzamy Genjewiniň, Sagdynyň, Abdyrahman Jamynyň, Alyşir Nowaýynyň döredijiliginde ussatlyk bilen işledilipdir.
Patşa Hojanyň «Gülzar» atly hekaýatlar ýygyndysyny şygyr çemeni bilen ussatlarça bezeýşi onuň öz döwrüniň kämil şahyry bolandygyna güwä geçýär. Onda goşgy düzmekligiň gazal, mesnewi, kasyda, rubagy, kytga ýaly dürli görnüşlerini ulanylýar. Patşa Hoja öwüt-ündew beriji haýsy hem bolsa bir hekaýaty ýa-da rowaýaty ýatlandan soň, şol waka bilen baglanyşykly öz pikirlerini şygyr arkaly has-da güýçlendirýär.
«Gülzar» atly eserde wakalaryň kyssa bilen berlip, duýgularyň şygyr arkaly beýan edilmegi türkmen dessanlarynyň çeper aýratyn¬lyk¬la¬ryna mahsuslyk. Munuň özi, Patşa Hojanyň dessan düzmek bilen ýakyndan tanyşdygyny tassyklaýar. Ýöne alymlaryň pikiriçe, «Gülzaryň» türkmen dessanlaryndan tapawudy onda wakalar yzygiderli bir sapaga düzülmän, her bir gysgajyk hekaýat-tymsal özbaşdaklyga eýe. Onda getirilýän her bir hekaýat, her bir rowaýatdyr-tymsal ynsanperwerlik suwy bilen gandyrylan, mähir güneşi bilen ýyladylan.
Görnüşi ýaly, Patşa Hojanyň ajaýyp edebi mirasy halkymyzyň taryhyny, edebi mirasyny, asyrlaryň jümmüşine uzaýan çuňňur ruhy köklerini öz mazmunyna jemleýän dünýä edebiýatynyň iň nepis nusgalarydyr. Beýik söz ussadynyň ylham-zehininden gaýnap çykan, dünýä, adamzat, söýgi barada çuňňur pelsepä ýugrulan kyssa we şygyr eserleri halkymyzyň hakydasyna müdimilik siňdi. Şahyryň kalplara kämillik çaýýan, buýsançly, şan-şöhrata beslenen taryhymyzy, beýik geçmişimizi wasp edýän şygyrlary jemgyýetimiziň häzirki ösüş tapgyrynda ruhy dünýämiziň bezegi-ýaraşygy bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» kitabynyň 157-nji sahypasynda juda jaýdar belleýşi ýaly: «Parasatly atalaryň, dana pederleriň asylly nesilleri hökmünde biz bu gün beýik alymlarymyzyň, söz ussatlarymyzyň adamzadyň öňünde bitiren beýik hyzmatlaryna çäksiz hormat goýmak bilen, olara buýsanmalydyrys, guwanmalydyrys.»

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýandaklyagyz obasynda Patşa Hojanyň ýadygärlik kümmetine zyýarat edýänleriň yzy üzülmeýär. Munuň özi, şahyryň şahsyýetine hem-de onuň döredijiligine biziň döwrümizde-de goýulýan çäksiz hormatyň aýdyň nyşanydyr.

Agamyrat BALTAÝEW