Şöhratly bedewim
Sarç bedewim,
Syçrap duran bedewim
Şan – şöhratyň asyrlara rowandyr
Mähellesi joşly pellehanada,
Ýeňişleriň dowamatdyr dowamdyr.
Galk bedewim,
Gamyşgulak bedewim
Gyz gylykly kaddy gözel saýylan,
Ýelden ýyndam, ynsan kibi edebiň,
Waspy dessan bolup dünýä ýaýylan
Ganatly bedewim,
Görkli bedewim
Toýlaryň bezegi, aýlawyň şasy
Çapyşykda baş baýraga ýetiren,
Jygaly deý seýisleriň yhlasy
Uç bedewim,
Uç – gyraksyz ýollaram
Toýnagyň astynda geler amana
Göç bedewim, gör ösüşli günlerem
Goýnunda göwünler güllän zamana
Syratly bedewim,
Sermes bedewim
Ýaý äleme bagtly döwrüň hyjuwyn
Togap eýle täze ýeňişleň bilen
Pederleriň wysal bolan arzuwyn
Nurjemal BAÝRAMOWA