KETENI – SUNGAT ESERI


KETENI – SUNGAT ESERI

«Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda

Halkymyzyň asyrlar boýy sünnäläp sungat derejesine ýetiren gymmatlyklarynyň biri hem türkmen milli lybaslarydyr. Lybaslar dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyny düzýän mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň hatarynda durýar. Olar halkymyzyň çeper döredijiliginiň iň nepis gözelliklerini özünde jemleýär.

Halk egin-eşikleri asyrlaryň dowamynda kemala gelip, barha kämilleşipdir. Türkmen tebigatynyň yssy-sowuk şertlerine laýyklykda geýinmek üçin dürli görnüşli egin-eşikler taýýarlanylypdyr. Olar milli çeper-bezeg sungatynyň kämil nusgasy bolan keşdeler bilen keşdelenip, has gözel görnüşe eýe bolupdyr. Milli lybaslar her kimiň ýaş aýratynlygyna görä tikilip taýýarlanylýar. Olary gündelik durmuşda, şeýle hem toý we ýas däplerine laýyklykda ýerine görä geýinmegiň halk tarapyndan kabul edilen düzgünleri bar. Şeýlelikde, müňlerçe ýyllaryň tejribesi esasynda geýinmegiň medeniýeti döräpdir. Gadymy däplerine-dessurlaryna ygrarly halkymyz milli geýim-gejimleri taýýarlamagyň we olary geýinmegiň medeniýetini hem arkama-arka dowam etdirip ýokary derejä ýetiripdir.

Maddy medeniýetimiziň aýrylmaz bölegini düzýän milli lybaslarymyzy taýýarlamagyň usullary halkyň baý taryhy tejribesine daýanýar. Olaryň ýerliginde, biçilişinde, tikilişinde, bejerilişinde, bezelişinde gelin-gyzlarymyzyň kämil paýhasy, çeper döredijiligi, yhlas siňdiren zähmeti aýdyň şöhlelenýär.

Halk egin-eşikleriniň döreýiş taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine aralaşýar. Bu gadymy Diýarda öýde we senetçilik ussahanalarynda ýokary hilli matalar dokalypdyr. Ol nepis önümler daşary we içeri söwdanyň alyş-çalyş, söwda- satuw işleriniň iň geçginli harytlaryna öwrülipdir. Orta Aziýada tara guramasynda dokalýan dürli reňkli matalar peýda bolupdyr. Ýüpek matalaryň ýüzüne dürli reňkli sapaklardan nagyşlaryň edilmegi bolsa olaryň gymmatyny has hem artdyrypdyr. Orta asyrlarda ýüpekden, nahdan, ýüňden we zygyr süýüminden dokalan matalar dünýä bazarlaryna çykarylypdyr. Şol döwürlerde Merw bütin Gündogarda dokma önümçiliginiň iň meşhur merkezleriniň biri hasaplanypdyr. Merwde nagyşly gymmatbaha matalar dokalýan döwlet kärhanalary hem bolupdyr. Ol kärhanalarda hakyky ussatlar işläpdir. Olar matanyň ýüzüne halyflaryň adyny, şeýle hem öz atlaryny nagyşlap ýazypdyrlar. Şol bezeg ýazgylary barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Orta asyrlarda türkmen topragy dokmaçylygyň barha pajarlap ösen mekanyna öwrülýär. Esasan hem, gadymy Merwde nagyşly, gymmatbaha matalar dokalan döwlet kärhanalary – tiražlary hereket edipdir. Merwde öndürilendigi, şeýle hem hilini kepillendirmek maksady bilen, senetçiniň ady ýazylan matalar orta asyrlar döwründe Gündogar bazarlarynda «türkmen matalary» diýlip şöhratlanypdyr. Türkmen tiražy matalary, esasan, zer geçirilen ýumşak ýüpekden dokalandygy sebäpli, örän ýumşaklygy, jana ýakymlylygy we owadanlygy bilen tapawutlanypdyr» diýip, belläp geçýär.

Şeýle hem alym Arkadagymyz bu kitabynda: «Beýik Seljuk döwletiniň gülläp ösen zamanasynda, esasanam, XI–XII asyrlarda dokalan kazyn, mülham, adras, daraýy, keteni, mollaýy, parawuz ýaly berk we nepis dokalan ýüpek matalardan örän mertebeli we owadan milli egin-eşikler tikilipdir. Şoňa görä-de şeýle gymmatly harytlar bazara çykarylman, dessine hökümdarlaryň, halyflaryň köşk gaznalaryna geçirilipdir» diýmek bilen ol nepis matalaryň köşk gaznasynyň gymmatlyklarynyň hatarynda goýulandygy barada maglumat berýär. Şeýlelikde, Merwde öndürilýän top-top ýüpek matalar we müňlerçe selleler halyflaryň hazynasynda toplanypdyr.

Türkmenistanda irki döwürlerden bäri nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri öndürilipdir we kerwen ýollarynyň üsti bilen dünýä bazarlaryna çykarylypdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň «Gadymy Merw» diýen II bölüminde: «Merwde ýüpek öndürýänler we işleýänler hem köp eken. Näme üçindir, ussat ýüpekçiler diňe Hytaýda bolýar diýlen düşünje bar. Bu beýle däldir. Hytaýlylar öz başarnyklaryny gizläp durmandyrlar. Merwli ýüpekçileriň arasynda hem hytaýlylaryň ýüpek almak usullaryny özleşdiren ussatlar bolupdyr. Şähere suw barýan Majan hem-de Razik akabalarynyň töwereginde tut agaçlary ösüpdir. Tut önümçiligi ýüpek gurçuklaryny köpçülikleýin köpeltmäge mümkinçilik beripdir. Pileden çöşlenip alynýan sapajyklar näzik, şeýle-de ýokary hilli syk, digir-digir zolakly ýa-da tutuk matanyň ýüzüne çekilen nagyşly ýüpek parçalary, köşgüň, soltanyň ýatýan otagynyň bezeginde peýdalanylýan owadan matalary dokamaga harçlanypdyr. Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, Wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir» diýmek bilen Merwde dünýä ýurtlarynyň gymmatbaha matalaryna bäs gelip biljek matalaryň öndürilendigini belläp geçýär.

Ýüpek matalar Nohurda-da, Mürçede-de, Kakada-da, Pelwertde-de, Bagyrda-da dokalypdyr.

Türkmenistanda ýüň, ýüpek we nah matalary öndürmek öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Ol matalar bolsa türkmen milli lybaslarynyň ýerligini düzmek bilen döwürleriň dowamynda kämilleşipdir. Şeýlelikde, ýüň, ýüpek we nah matalardan türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen lybaslaryň dürli görnüşleri döräpdir.

Türkmen zenanlarynyň hünärmentçilik işleriniň arasynda dürli görnüşli ýüpek matalary dokamak dowam edip gelýän senetleriň biri. Bu ugurda gadymy we ýönekeý el stanoklarynda dünýäni haýrana goýýan keteni matalarynyň dürli görnüşleri dokalýar. Şeýle ýönekeýje tehnika bilen nepis toý lybaslarynyň dokalmagy türkmen zenanynyň el hünäriniň ýokary ussatlyga eýe bolandygyny ýene bir gezek tassyklaýar.

Ene-mamalarymyz ýüpek gurçuklaryny idetmek bilen ýüpek almak we ondan ýokary hilli matalary öndürmek babatynda tanymallyga ýetipdirler. «Ýüzükden geçýän» diýilýän matalar türkmeniň mata öndürmekdäki şöhratyny dünýä ýaýypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda jaýdar belleýşi ýaly: «XVIII –XX asyrlarda güneşli diýarymyzda öý şertlerinde iňňän oňaýly elwan, nah, biz,alaça, ýüň, ýüpek, keteni, düýe we goýun ýüňünden agar çäkmenlik we beýleki matalar dokalypdyr». Özüniň nepisligi, jana ýakymlylygy, göze gelüwliligi bilen tapawutlanýan elde dokalýan matalaryň keteni, sowsany, çepbetöw, göwderi, galbiri, jöwher keteni, ýedidürli, sarysolan, gyrmyzy donluk, kese atym, agyr düýpli gyňaç, kakma gyňaç ýaly onlarça görnüşleri döredilipdir. Ol matalar türkmen durmuşynyň bezegi bolup geldi.

Halkymyzyň arasynda tara dokma senedi häzirki günlere çenli saklanyp gelýär. Onda türkmeniň naýbaşy milli geýimleriniň matalygy bolan keteniler dokalýar. Özüniň nepisligi, islendik ýaşdaky adama gelişýänligi bilen ketenilere bolan isleg hemişe ýokary derejede. Matalaryň elde dokalyş usulynyň biziň günlerimizde hem dowam etmegi, olaryň hiliniň ýokarylygy, halkymyzyň isleglerini doly ödeýändigi, şeýle hem milli däp-dessurlarymyz bilen berk baglanyşyklydygy sebäplidir. Türkmeniň gyz çykaryp ogul öýermek ýaly milli toý dessurynda hem durmuşa çykýan gyzyň we öýlenýän ýigidiň toý lybaslary elde dokalýan meşhur el ketenilerinden we gyrmyzy donluk matalardan tikilip taýýarlanylýar.

Dokma senagaty pudagynyň ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrüdigine seretmezden, häzirki günlere çenli öýde keteni dokamaklyk dowam edýär.Türkmen zenanlary ýeňil bolmadyk bu hünäri ene-mamalarymyzdan öwrenmek, milli nagyşlary salyp mata dokamak tilsimini ele almak bilen birlikde, bu işi has hem kämilleşdirip gelipdirler.

Türkmen halkynyň naýbaşy milli matasy ketenidir. Onuň has ýörgünli ulanylýan görnüşi gyzyl reňklisidir. Gyzyl, gyrmyzy reňk halkymyz tarapyndan ýörgünli ulanylýan we aýratyn hormata we islege eýe bolan reňkdir. Gyzyl reňkiň ynsan durmuşyna, saglygyna, ruhy dünýäsine bolan täsiri ylmy jemgyýetçilikde çuňňur öwrenilýär. Adamzat ýaşaýşynda gözelligiň nusgasy hökmünde möhüm orun eýeleýän anbar ysly gülleriň hem gyzyl reňklisi aýratyn gowy görülýär. Adamyň damarynda at çapýan gany hem gyzyl reňkde. Gyzyl reňk gözelligiň nyşany bolup, toý lybaslarynda dowamata öwrüldi. Milli şaý-seplerde hem esasan gyzyl reňkli daşlar ulanylýar. Bu reňk göze gelüwli hem milli äheňli. Şeýle hem joşgunly ruhy özünde jemleýär. Toý lybasyny geýnen gelin-gyzlarymyz sünnälik bilen düzülen bir desse ajaýyp çemeni ýatladýar.

Türkmen ketenisi gyrasy sary zolakly düz reňkli matadyr. Ony geýen türkmen düzüniň jana şypaly howasyndan dem alan ýaly duýgyny başdan geçirýär. Düzlük-dürslik türkmen häsiýetiniň esasy aýratynlygy. Sary zolak güneşli Diýarymyzyň röwşen nurydyr. Çeper döredijilik ukybyna eýe bolan zenanlarymyz türkmen tebigatynyň gözelliginden ruhlanyp ajaýyplygyň aňrybaş nusgasy bolan türkmen ketenisini döredipdirler. Keteni matasy türkmeniň menzillere uzaýan taryhy ýoluny beýan edýän gymmatlykdyr. Onda halkymyzyň asyrma-asyr geçen şanly ýoly şekillendirilipdir. Hakykatdan hem ol dost-doganlygy hemra edinen halkymyzyň geçen maksatly menzillerini ýadyňa salýar.

Keteni matasynyň dürli reňkli görnüşleri dokalýar. Ýaş gelin-gyzlar esasan gyzyl, mämişi, gülgüne, gök, ýaşyl reňkli görnüşlerini ürç edip geýýärler. Orta ýaşly zenanlar we ýaşuly enelerimiz bolsa mawy, badam reňkli ketenileri geýinýärler. Goýy reňkli keteniler ýaşy ulylara goýazylyk öwüşginini çaýyp, olary has salyhatly görkezýär.

Türkmen milli lybaslarynyň köpüsiniň ýerligini keteni matasy düzýär. Kürteler, çabytlar, aýakgeýimleriniň ýüzlügi keteni matasyndan. Keteni matasy nagyşlananda keşdeler hem örän sünnälik bilen ýerine düşýär. Nagyşlar keteniniň nepisligi bilen utgaşyp gaýtalanmajak gözellik döreýär.

Milli lybaslar halkymyzyň baý mirasynyň iň ajaýyp nusgalarydyr. Türkmeniň milli aýratynlygyny öwrenmekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Halkymyzyň döreden her bir gymmatlygy terbiýeçilik ähmiýetli. Milli lybaslarymyzyň hem her bir ülşünde türkmeniň terbiýeçilik mekdebiniň kämil paýhasyny görmek bolýar. Muňa «Edep bagjygy» hem doly şaýatlyk edýär. Milli nagyşlar bilen nagyşlanan egin-eşiklerimizde halkymyzyň baý dünýägaraýşy, milli aýratynlygy, häsiýeti öz beýanyny tapýar. Gelin-gyzlaryň köýnekleriniň ýakasy boýnuň daşyna laýyk bolup ýapylyp dursa ol has asylly, edepli görkezýär. Köpi gören enelerimiziň gürrüň bermegine görä, öňki döwürlerde zenan maşgalalar ýakasyna ak-gara sapaklardan alaja işip, bagjyk dakypdyrlar. Ýaşuly enelerimiziň häzirki döwürde-de ýakasy bagjykly. «Edep bagjygy» diýilýän bolsa iki bagjykdan ybarat bolan ýakanyň ikinji bagjygydyr. Geçmişde ýaşy durugşan zenanlar we ýaş çagaly gelinler ýakasyna iki bagjyk dakyp, ikisini hem daňypdyrlar. Ýakanyň ýokarsyndaky bagjyk ol adaty bagjyk hökmünde dakylypdyr. Ondan bir sere aşakda ýene bir bagjyk bolup, oňa «edep bagjygy» diýlip at berlipdir. Iki bagjyk köplenç ýaş cagaly gelinleriň, şeýle hem ak saçly enelerimiziň ýakalaryna dakylypdyr.Ýaş çagaly gelinler ýokarky bagjygyny açman, aşaky bagjygyny açyp çagasyny iýmitlendiripdir. Beýle bolanda ýaka ýapyk bolýar we gelniň ezenegi agyp durmaýar. Ýaşmak bolsa tutuş ýakany örtýär. Görnüşi ýaly türkmen milli lybaslarynyň her bir düzüm bölegi edep-terbiýe bilen berk baglanyşykly. Iki gyrasy sary zolakly düz reňkli keteni matasy bolsa türkmeniň salyhatlylyk, agraslyk ýaly häsiýetlerine muwapyk döredilen gymmatlyk.

Keteni halkymyzyň köňül köşgüniň arzuwly bagt ýoluny alamatlandyrýan milli lybasy bolup biziň günlerimize gelip ýetdi. Şonuň üçin bu gadymy gymmatlyk bagtyýarlyk döwrümizde özüniň hakyky manysyna we gymmatyna eýe boldy. Keteniden tikilen egin-eşikler ilimiziň mizemez bagt lybaslary bolup, türkmeni äleme meşhur etdi.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen ýurdumyzyň dokma senagaty uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen dokma toplumlary, trikotaz we jinsi, ýüpek we ýüň matalary öndürýän dokma kärhanalary bu pudagyň kuwwatly ösüşine aýdyň mysaldyr.

Ýüpekçilik we dokmaçylyk türkmeniň umumadamzat ähmiýetli mirasydyr. «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi hem ony doly tassyklaýar. Mirasy älemi baglan türkmeniň milli gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän, döwletli Diýarymyzyň bagtyýar halkynyň nurana geljegini kepillendirýän umumadamzat ähmiýetli beýik işleriň durmuşa geçirilmeginiň sakasynda duran Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, tutumly işleri dowamat dowam bolsun!



Ogultäç HOJANAZAROWA