BEDEWIŇ WASPY AÝDYMDA


BEDEWIŇ WASPY AÝDYMDA



Hormatly Prezidentimiziň «Gadamy batly bedew» atly kitabynda: «Bedew batly wakalar döwrüň beýik sepgitleriniň durmuş hakykatynyň aýdyň subutnamalarydyr. Taryhyň gatlaklaryndaky ýazgylar ahalteke bedewleriniň türkmen durmuşyndaky ornuna täsin galyjylyk bilen baha bermäge mümkinçilik döredýär» diýip, türkmen bedewleri hakynda jaýdar bellenilýär. Dogrudanam, taryhymyza ser salsak türkmen ahalteke bedewleri halkyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýär. Ata-babalarymyz hem «Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýmegi ýöne ýerden däldir.

Maddy baýlygymyzyň biri, türkmeniň uçar ganaty saýylýan behişdi bedewlerimiziň waspy ruhy gymmatlyklarymyzda hem öz beýanyny tapýar. Halk döredijiliginde, edebiýatda, arheologik ýadygärliklerde, sungat eserlerinde, umuman ynsanyň ruhy dünýäsi bilen berk baglanyşyklydyr. «Gorkut ata», «Görogly», «Saýatly-Hemra», «Ýusup-Ahmet», «Döwletýar» ýaly epiki eserlerimizde bedewiň waspy giň orun alan bolsa, atlaryň toýnak sesi, bezeg zynatlary, gözelligi «Göroglynyň at oýnadyşy», «At çapan», «At çapar», «Gyrat», «Alagaýyşly», «Bedew» ýaly halk aýdymdyr sazlarymyzda öz beýanyny tapýar.

Toýdur-baýramlarymyzyň bezegi bolan behişdi bedew atlarymyz diňe bir çapyşyklarda bäsleşmän, eýsem filmlerde aktýorlar bilen bir hatarda keşp döredýärler. Sahnalarda ýa-da sirk arenalarynda çykyş edip, halkyň söýgüsini gazanýar. «Bagyrly belli seýis, atşynas Aşyr Garrybaýewiň seýislän Akbilegi ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» atly romany esasynda Alty Garlyýewiň döreden adybir çeper filminde baş gahryman Artyk Babalynyň wepaly syrdaşy bolup, tomaşaçylara özüni tanadypdy. Soňra ol «Meniň dostum Meleguş» atly filminde hem Meleguşyň keşbinde çykyş edipdi» diýip A.Paýaýewiň «Ak atly Arkadagym» atly kitabynda bellenilýär.

1972-nji ýylda ýazyjy Anna Paýtygyň ssenariýasy boýunça režissýorlar M.Soýünhanow we A.Karpuhin tarapyndan «Meniň dostum Meleguş» atly film surata düşürilýär. Bu filmiň sazyny Türkmenistanyň halk artisti Çary Nurymow ýazýar. Şol filmdäki şöhratly bedewlerimiziň waspy edilen «Meleguş» aýdymy halkyň aňyna, kalbyna girip, biziň şu günümizde hem öz gymmatyny gaçyranok. Döwrüň lirigi, görnükli türkmen şahyry Ata Atajanowyň sözlerine döredilen bu aýdym şöhratly bedew atlarymyzyň waspnamasyna öwrüldi. Filmde bu aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Ata Ilamanow ýerine ýetirýär. Ilkinji gezek filmde ýerine ýetirilen bu aýdym, soňra konsert programmalarynyň repertuarynyň bezegi bolup, estrada we wokal aýdymçylar tarapyndan uly höwes bilen ýerine ýetirilýär.

Milli Lidermiziň tagallasy bilen ösüşlere beslenýän döwrümizi bedew badyna deňeýäris. Milli buýsanjymyz bolan bedewlerimiziň waspy sungat eserleriniň soňlanmajak mowzugydyr.

Gülnabat ATAÝEWA