Çaga şaý-sepleri
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmeniň milli gymmatlyklaryna, milli mirasyna uly üns berilýär hem sarpa goýulýar. Türkmeniň zergärçilik sungaty gadymy döwürlerden bäri halkymyzy bütin dünýä meşhur eden asyl sungatlaryň biridir. Türkmenlerde «Ata kesbi ogla halal» diýip, ýöne ýere aýdylmaýar. Sebäbi, päkligiň, halallygyň nyşany bolan bu sungat asyrlarboýy atadan-ogla geçip, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir.
Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan gymmaty gaçman gelýän milli bezeg şaýlarymyz görenleri haýran edýär. Türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhy özüniň medeni aýratynlyklary bilen dünýä halklaryna bellidir. Köküni Oguz han eýýamyndan alyp gaýdýan türkmen halky senetçiligiň dürli görnüşlerini durmuşa ornaşdyryp şu güne çenli ony kämilleşdirip gelipdir. Senetçiligiň kämil görnüşleriniň biri hem milli zergärçilikdir. Zergärçiligiň ilkinji alamatlary has gadymy döwürlerde ilkidurmuş adamlarynyň awçylyk bilen meşgul bolan zamanlarynda döräpdir. Türkmen topragynda irki adamlaryň gonalgalary bolan Jebel, Damdamçeşme düşelgelerinden iň ýönekeýje bezeg daşlary tapyldy. Jeýtunda ýaşan adamlar balykgulaklary aýal-gyzlaryň bezeg şaýlary üçin ulanypdyrlar.Türkmen milli bezeg şaýlary özleriniň köpdürlüligi, gelşikliligi, nagyşlaryň nepisligi bilen tapawutlanýarlar. Zergärleriň ýönekeýje serişdeler arkaly çylşyrymly çeper şaýlary döretmegi olaryň öz kärine örän ussat bolandyklaryny görkezýär. Bezeg şaýlarynyň ýüzi dürli nagyşlar bilen bezelýär. Olara ösümlik, haýwanat, geometriki, asman jisimleri bilen baglanyşykly nagyşlar degişlidir. Nagyş — türkmen halkynyň oý-pikiriniň, tebigaty şahyrana duýmaklygynyň özboluşly şöhlelenmesidir. Türkmen nagşy sadalygy, düşnükliligi, çeper görnüşleri, ýerbe-ýerligi bilen tapawutlanýar.
Türkmenlerde egin-eşikleriň geýliş usulynyň ýaş aýratynlyklary boýunça bölünişi ýaly, bezeg şaýlarynyň dakylyşy hem ýaş aýratynlyklary boýunça bölünýär.
Olara: çagalara dakylýan, ýaş gyz-gelinleriň dakynýan, orta ýaşan zenanlaryň dakynýan, ýaşuly ene-mamalarymyzyň dakynýan bezeg şaýlary degişlidir. Biz häzir çagalara dakylýan bezeg şaýlary barada durup geçeliň!
Türkmenlerde çagalara dakylýan bezeg şaýlar daşky hadysalardan, ýagny ynançlara görä, göz-dilden goramak üçin şeýle hem gelşikli eşik bezegi hökmünde ulanylypdyr.
Türkmenleriň zergärçilik önümleriniň arasynda çagalaryň bezeg şaýlary aýratyn orun tutýar. Çaga bezeg şaýlarynyň görnüşleri we şekilleri köpdürlüdir. Çagalaryň baş gaplary bolan tahýa dakylýan bezeg şaýy barada aýtsak olara: gupba, dagdan, ýelpewaç, dogaçyr, depe doga, ýazma, alynşaý, bent degişli bolup, biri-birinden bütinleý tapawutlanýar.Şeýle-de çaga eşiklerine dakylýan bezeg şaýlary hem bolup, olara: ok-ýaý, bäzbent, tumarça, kürte gulak ýaly bezeg şaýlary degişlidir. Bu şaýlaryň her biriniň ýasalyş, dakylyş aýratynlyklary, aňladýan manylary bar. Biz şu söhbedimizde çagalara dakylýan ok-ýaý bezeg şaýy barada durup geçmekçi. Ok-ýaý bezeg şaýy türkmenlerde giňden ýaýran çeper ýasalan çaga şaýydyr. Ok-ýaý bezeg şaýy çagalara niýetlenip tikilen kürtekçeleriň arka tarapyndan, ýagny ýagyrnysyndan dakylýar. Sebäbi, aňyrdan gelýän ynançlara görä, adama, çaga erbet nazarlar ýagyrnydan gelýär diýip ynanypdyrlar. Şol sebäpli hem ok-ýaý bezeg şaýy erbet nazary serpikdirýär diýip düşünipdirler. Şeýle-de bu şaýy çagalar ulalyp, mert, batyr bolup ýetişsin diýip, ynanç edip hem dakypdyrlar. Bu şaýyň şekili peýkamy ýada salýar. Ok-ýaýy ussalar örän ýönekeý görnüşde ýasaýarlar. Zergärler käbir ok-ýaýyň tutuş ýüzüni hakyk daşy bilen gaşlaýarlar. Sebäbi, hakyk daşy göz-dilden, bela-beterden goraýar diýip ynanýarlar. Ok-ýaýlaryň käbir görnüşleriniň özeni kümüşden ýasalyp, ýüzüne altyn suwy çaýylýar ýa-da altyn suwy çaýylan gatlaklar bilen bezelýär.
Ok-ýaýyň şekili diňe bir çaga şaýynda däl, nagyşlarda-da öz beýanyny tapýar. Türkmenler gadymyýetden bäri özlerini gudratly hem keramatly hasaplaýan nagyşlary bolan ok-ýaýa aýratyn sarpa goýup, oňa diýseň ähmiýet berip gelipdirler. Ok-ýaýyň şekili türkmen amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşlerine ussatlyk hem-de inçelik bilen siňipdir. Ok-ýaýyň şekili siňen nagyşlar irki döwürlerden bäri, ata-babalarymyzyň maddy we ruhy durmuşynda iň meşhur hem mukaddes sungat bolup, şöhratyny häzire çenli saklap gelýär.
Üns berip seretseň, şol gudratly nagyşlar türkmenleriň dokmaçylyk, binagärlik, zergärçilik sungatynyň däplerinde has köp duş gelýär. Ok-ýaý ýa-da çarşak nagyşlary türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň beýik mirasy bolan halylarymyzyň nagyşlarynda görkezilýär.
Biz şu söhbedimizde çaga bezeg şaýynyň biri barada gürrüň etdik. Olaryň her biri barada bilmek gyzyklydyr. Ýokarda agzan bezeg şaýlarynyň ähli görnüşleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sergi zallarynda görkezilýär we gaznasynda goralýar, öwrenilýär. Ok-ýaýlaryň hem gaşlanan, gaşlanmadyk görnüşleri bolup, ok-ýaýyň iki görnüşi hem örän özboluşlydyr.
Müňýyllyklardan, asyrlardan aşyp gelen zergärçilik sungaty ýitmän öz ähmiýetini has giňeldýär. Türkmen bu sungaty ýitirmän, tersine has kämilleşdirýär. Türkmen halkynyň taryhyna ser salanyňda, zergärçilik sungatynyň gadymy döwürlerde emele gelip, soňra çylşyrymly şertlerde ösendigini taryhy, arheologik, etnografik maglumatlar tassyklaýar.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soňra hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen taryhymyzy, medeni mirasymyzy öwrenmeklige uly üns berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy çuňňur öwrenmek we halka ýetirmek baradaky hormatly Prezidentimiziň tagallasy, şeýle gadymy we inçe sungatymyzy öwrenmäge, giň halk köpçüligine ýetirmäge bizi borçly edýär. Biz muzeý işgärlerine şunuň ýaly ajaýyp binalarda işläp türkmeniň bäş müňýyllyk şöhratly taryhyny, gözel tebigatyny milli mirasyny bütin dünýä wagyz etmäge döredip beren ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.