TÜRKMENISTAN - AT AGYNAN, TOÝLY MEKAN


TÜRKMENISTAN - AT AGYNAN, TOÝLY MEKAN



Ahalteke bedewleri türkmeniň mele topragynyň mährini süňňüne siňdirilip ýetişdirilen gymmatlyklarymyzyň iň meşhurydyr. Olar seýisçiligiň milli tejribesi bilen terbiýelenen gylykly atlardyr. «Aty at edýänçä, eýesi it bolar» diýlişi ýaly mynasyp atlary ösdürip ýetişdirmek, idetmek ýokary derejeli ussatlygy talap edýär.

Geçmişde aty bolan maşgala gurply hojalyklaryň biri hasaplanypdyr. Gapyda gamyş gulak atyň kişňemegi bagtdan nyşan saýylypdyr. Ady dünýä ýaýylan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde ökde seýisleri öz içine alýan seýisçilik mekdebi döräpdir. Olar atlaryň hakyky janköýerleri bolupdyr. Çünki, atlary taýçanaklygyndan kämil derejä ýetirmek abyrsyz zähmeti, irginsiz yhlasy talap edipdir. Atyň gowy seýislenendigini ýa-da seýislenmändigini onuň sypatyndan, endamyndan, ýöreýşinden, iýmitlenişinden, özüni alyp barşyndan bilmegi başaran seýisler çyn bedewleri ösdürip ýetişdiripdirler. Atlar maşgalanyň gözüniň guwanjyna, ýüreginiň buýsanjyna öwrülipdir. Syzgyr, düşbi atlar bilen sözleşilipdir. Olar mähir-söýgi bilen gurşalypdyr. Özüne bolan mähri duýup ulalan bedewler ynsan ýaly üşükli, häsiýetli bedewler bolup ýetişipdir.

Diňe häsiýet babatda däl, ýaýlanyň läle-gülüne otarylan, şerbet suwy bilen gandyrylan bedewler syn-syrat babatda hem türkmeniň döreden nusgalyk gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda seýisçilik sungatynyň ýeten derejesi, ahalteke atlarynyň türkmen durmuşynda tutýan orny barada gürrüň edilende ilki bilen Görogly we onuň gardaşyna, syrdaşyna öwrülen Gyrat göz öňüňe gelýär. Göroglynyň:

Diýerden artyk talgatyň,
Nakgaşlar çeker suratyň –

diýýän guwançly we buýsançly owazy asyrlaryň jümmüşinden seriňe dolýar. Gözel zada sungat eseri ýaly diýilýär. Nakgaşlardyr suratkeşler bolsa hemişe gözelligi döretmegiň gözleginde. Ahalteke bedewleri ýaradylanda gelşikli edilip ýaradylan jandar. Onuň horguryp durşy, çarpaýa galyp kişňeýşi, seýkin ýöreýşi, ulugyz deýin sülmüräp durşy durşyna sungat. Olar gözel syraty bilen ynsan durmuşynyň bezegine öwrüldi.

Atçylyk sungaty özüniň taryhyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Goňurdepeden taýçanagyň guburynyň üstüniň açylmagy, şeýle hem atlar türgenleşdirilende ulanylan üflenip çalynýan saz guralynyň tapylmagy, Altyndepeden tapylan tapyndylar bu keramatly jandaryň irki döwürlerden bäri türkmen durmuşynda mynasyp ornunyň bolandygyny tassyklaýar. Ahalteke bedewleri gözelligiň nusgasy, ynsansöýer häsiýetlidir. Olar eýesiniň başyna iş düşse duýup bilýär, iýminden ýüz öwürýär, gamlanýar, hatda aglaýar. Şeýle ynsany ýürekli atlar türkmende bar. Olar çapyp barýan pursaty edil ganat baglap barýan ýalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly Bedew» atly kitabynda: «Goňurdepeliler bürünçden, kümüşden we faýnsdan ýasalan tüýdügiň owazyna irki jemgyýetiň asylzadalaryna niýetlenen ýyndam bedewlerini seýisläpdirler. Tüýdügiň owazy hoşuna gelip, at hereketlerini, toýnak urşuny üýtgedipdir» diýmek bilen gadymy seýisçilik sungatynda tüýdük saz guralynyň hem möhüm orun eýeländigini belläp geçýär.

«Köne Nusaý galasynyň Dörtburç zalyndan tapylan bürünç bezeg sepinde şekillendirilen ok-ýaýly söweşjeň gerçegiň keşbi örän nepisligi bilen täsin galdyrýar. Bedew uçup barýan ýaly görnüşde şekillendirilipdir» diýip, Alym Arkadagymyz taryhy tapyndylardaky şekilleriň döwürler we şol döwürleriň taryhy wakalary bilen baglanyşygy barada pikir ýöredýär. Hawa, gowgaly döwürlerde söweş güni ýigitlere ruhy we söweş goldawyny beren atlar ýetişdirilip, olara söweş tälimleri öwredilipdir. Olar söweşlere gatnaşyp, algyr guş ýaly topulmagy başarypdyr.

Kämil ahalteke atlarynyň ýene bir tapawutly tarapy olar örän çeýe, ýyndam, dürli hereketleri ýerine ýetirmäge ukyply. At üstündäki oýunlar olaryň başarnygynyň çäksizdigini mynasyp derejede açyp görkezýär. «Atly göreş», «ýüp çolama», «at süsňetme», «telpek aldy», «telpek zyňdy», «çöwgen», «gökböri», «ýigitlik oýunlary», «at oýnatma», «at bökdürme», «ata bukulma we atly bukulma», «at çalyşma», «gamçyny ber», «çybyk kesdi», «jyryt», «är agdarma», «altyn gabak» ýaly ençeme milli oýunlaryň esasy hereketi atlar bilen baglanyşyklydyr. At çapdyryp altyn gabak atdyrmak, gelnaljy kejebäniň ýanyna atly ýigitleriň goşulyp, gelin alnyp, yza gaýdylanda atlaryň öňbaýrak üçin çapdyrylmagy toý dessury ýaly bolup durmuşymyza ornaşyp gidipdir.

Halkymyz «gözüniň üstündäki gaşyna deňän» atlaryny hem çeper sungaty bilen döreden şaý-sepleri bilen bezäpdir. Hünärine ussat ussalarymyz at toýnagynyň zaýalanmazlygy üçin nepis nallary ýasap, oňa altyn suwuny çaýypdyrlar. Görogly beg hem: «Toýnagyňa altyn nalyň kakaryn, ýüpekden eşikläp, gotaz dakaryn» diýýär. Paýhas we sünnälik bilen ýasalan ähli şaý-esbaby dakylanda atlarymyzy görmäge göz gerek. Olar üçin döredilen bezegler hem gyz bezeginden kem däl.

Milli gymmatlyklaryň gadymy mekany bolan eziz Diýarymyzda ahalteke bedewlerimiz mynasyp bahasyna eýe bolýar. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyklykda atçylyk toplumlary, aýlawlar guruldy, türkmen bedewiniň syratly keşbi Döwlet tugrasynda orun aldy, at çapyşyklary yzygiderli guralýar. Atlar gözellik bäsleşiklerine gatnaşýar, şeýle hem türkmen bedewiniň şanyna uludan dabaraly toý tutulýar.

Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde, aýratyn hem täze taryhy döwrümizde ahalteke bedewleriniň sarpasy dünýä derejesinde has belende galdy. Nesip bolsa, gyzdan gylykly diýdiren ahalteke bedewlerimiz umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň hatarynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyny bezär.

Bedew batly Diýarymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy ýetip gelýär. «Halk aýtsa galp aýtmaz» diýlişi ýaly «At agynan ýerinde toý bolar». Her daban ýeri taryh bolup ýatan topragymyz türkmen bedewleriniň agynan topragy. At agynan mukaddes topragymyzda, eziz Diýarymyzda toýlar uludan tutulsun. Milli gymmatlyklaryň mesgeni bolan mähriban Watanymyzyň baý we kämil mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde ýörelgelik ýoly döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, illeri aman bolsun. Baky bagtyýarlyga beslenen ýurdumyzyň at-abraýy dünýä dolsun.

Ogultäç Hojanazarowa.