Buýsançnama
Gül Watanda toýlar-toýa ulaşyp,
Aýdymlar aýdylyp, sazlar çalynyp.
Ýakyn-daşdan dost-doganlar gelişip,
Şanly Garaşsyzlyk — baky bagtymyz!
Bedew batly ösüşlere ýar bolan,
Ady-owazasy äleme dolan.
Göýä ertekini ýadyňa salan,
Şanly Garaşsyzlyk — baky bagtymyz!
Hözirini görüp ýaşaýar iller,
Ýagtydyr geljegim, aýdyňdyr ýollar.
Tarypyny edip saýraýar diller,
Şanly Garaşsyzlyk — baky bagtymyz!
Baryny aýtmaga sözleriň ýetmez,
Ösüşimiz umman deýin göz ýetmez.
Arzuwlar hasyldyr — kalbyňda ýatmaz,
Şanly Garaşsyzlyk — baky bagtymyz!
Ak mermerden döredilen paýtagtym,
Aşgabat — ykbalym hem-de ak bagtym.
Görýärin keşbinde nowjuwan wagtym
Şanly Garaşsyzlyk — baky bagtymyz
Naz-nygmatly, bereketli saçagym,
Myhmanlara giňden açyk gujagym.
Ak guş deýin galkyp göge uçanym,
Şanly Garaşsyzlyk — baky bagtymyz!
Şatlyk Jepbarow