GALALAR — ŞÖHRATLY TARYHYŇ BEÝANY
Diýarymyzyň çar künjeginde ýaýylyp ýatan giňişliklerde sudur bolup, uzaklardan magallaklap görünýän galalarda biygtyýar nazaryň eglenýär. Hemmelere elýeterli bolan internetiň kömegi bilen emeli hemradan düşürilen suratlary synlap, gadymy galalaryň arheologik yzlarynyň täsinligine haýran galýarsyň. Guşuçar belentlikden synlanyňda bolsa, gadymy derýalardyr bol suwly çeşme-çaýlaryň kenarlarynda, sähra giňişliklerinde, takyrlaryň, dag ulgamlarynyň aralarynda aýyl-saýyl görünýän, merjen däneleri ýaly seteran düzülen galalaryň binagärlik galyndylary Beýik Ýüpek ýolunyň biri-biri bilen baglanyşýan gadymy şahalarynyň hereketini göz öňüňde janlandyrýar. Şeýle täsin, taryhyň gatlarynda ata-babalarymyzyň ümmülmez pähim-parasadyny siňdirip kemala getiren baý gurluşyk tejribeleriniň aýratynlyklaryny ýaş nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr.
Aslynda, «gala» arap sözi bolup, yslam dinini kabul etmegi bilen, gadymy pederlerimiziň öňden ulanyp gelýän «gorgan» (goralýan manydaky «gor» sözünden we at ýasaýjy «an» goşulmasyndan ybarat) diýen sözüň ornuny tutýar. Ýeri gelende aýtsak, bu gadymy söz «kurgan» görnüşinde rus we beýleki käbir Ýewropa dillerine hem geçipdir. Türk dilçisi Zeki Eýuboglunyň düşündirişi ýaly, «gala» — «töweregi palçyk, daş ýa kerpiç diwar bilen berk gurşalan ýurt, kent, daşyna berkitme aýlanan öý, oba, ýer» diýmegi aňladýar. Şoňa görä-de, «gala» sözi ýer-ýurt atlarynda-da öz beýanyny tapýar: Gyzgala, Abdyllahangala, Isgendergala, Bitikgala, Akjagala, Soltangala, Erkgala, Akgala, Türkmengala... Gadymy galalaryň töweregine giň we çuň garym gazylyp, howp abananda, ol suwdan doldurylypdyr. Derwezeleriň deňinde şol suwly garymlardan geçer ýaly köpri edilip, onuň daşky tarapyny galdyrmak üçin ýörite çarhlar oturdylypdyr. Ýagy çozup gelende, köpriniň daşky tarapynyň ýokary galdyrylýandygy üçinem ol «galdyrmaköpri» diýlip atlandyrylypdyr. Galanyň daşyndaky suw päsgelçiligine käbir obalarda «harby garym» hem diýilýär. Şu jähetden alanyňda, galalar, ilkinji nobatda, gorag-strategik ähmiýetlidir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,// Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn» diýşi ýaly, biziň topragymyzda gurlan galalaryň binýady juda berkden tutulyp, olar üstünden müňýyllyklar geçse-de, öz asyl durkuny ýitirmän biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen topragy dünýäniň taryhynda ilkinji ekerançylyk medeniýetiniň hemde iň gadymy şäher-döwletiň dörän ojagy hökmünde şöhratlanýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Türkmenistanyň çäginde dörän ilkinji şäher-döwlet meşhur Altyndepe siwilizasiýasydyr. Altyndepe gadymy dünýäniň şol döwürde maddy kuwwaty görlüp eşidilmedik derejede ýokary göterilen iň uly şäher-döwletleriň biridir». Biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllykda Altyndepäniň 46 gektar meýdanynyň daşyna berk gorag galasy aýlanandygy sebäpli, oňa «şäher-döwlet» diýilýär. Akademik W.Masson: «Orta Aziýanyň çäginde hut şu ýerde gadymy siwilizasiýa peýda bolupdyr» diýen pikiri ylmy taýdan esaslandyrdy. Daşy gala bilen halkalanan şäher üç etrapdan emele gelipdir. Olar köçelere we birnäçe böleklere bölünýän senetçileriň hem-de adaty daýhanlaryň ýaşan etrabyndan, gurply şäherlileriň mähellelerinden we hanbegleriň köşk eýwanlaryndan ybarat bolupdyr.
Kuwwaty äleme dolan Köne Nusaý Parfiýa şalarynyň zyýarat edýän mukaddes ybadathanasy, aýratyn baýramçylyk günleri sadaka-hatyra dessurlarynyň berjaý edilen mukaddes galasy hökmünde arzylanypdyr. Şu jähetden, Köne Nusaý Afinadaky Akropola meňzedilýär. Köne Nusaý miladydan öňki II asyrda ýörite tekizlik görnüşinde galdyrylan beýik baýryň üstünde uly şäher ölçeginde gurlupdyr. Gorag galasynyň gönüburçly diňleriniň 43-si bolup, olarda harby ýagdaýlarda ýaýdan ok atmak üçin atyşhanalar ýerleşipdir. Şäheriň çäklerinden ýüze çykarylan toýundan ýasalan küýze döwüginiň ýüzündäki ýazgyda «Mitridatkirt», ýagny «Mitridat tarapyndan gurlan gala» diýlip ýazylypdyr. Nusaýyň äpet gorag galalarynyň baý gurluşyk tejribeleri Merwde, III-IV asyrlarda ýaşaýşyň gülläp ösen ýeri bolan Göbeklidepäniň binagärliginde giňden ornaşdyrylýar. Bu şäheriň merkezinde Parfiýanyň giçki döwrüniň iri ymaraty ýerleşip, onda gorag galasynyň diwarlaryna we diňlerine eltýän içki dälizler bolupdyr. Şäher diň-lerdir atyşhanalar, gorag galasy bilen gurşalypdyr.
Tutuş yslam dünýäsinde «orta asyr şäherleriniň enesi» hasaplanan Merwiň Soltangala ýadygärliginiň gorag galasynyň meýilnamasyna hem örän oýlanyşykly çemeleşilipdir. Şäher gorag galasy we diňler ulgamy bilen berk gurşalypdyr. Belli arheolog-numizmat T.Hojanyýazow «Merw Seljuklar zamanasynda» atly ylmy işinde: «Merwiň merkezindäki Soltangalanyň goranyş desgalary Beýik Seljuk Türkmen soltanlary tarapyndan gurlupdyr. Soltangala daş-töwerekden 25 metr belentlikde gurlupdyr. Şäheriň tutýan meýdanynyň taraplary 2х1,8 kilometre deň bolan inedördüle ýakyn görnüşde bolup, gorag diwarlarynyň umumy uzynlygy 8 kilometre golaýdyr. Gorag diwarlarynyň her 25 — 30 metr aralygy diametri 7 metre barabar bolan ýarym aýlaw görnüşli diňler bilen berkidilipdir. Diňleriň umumy sany 200-den gowrak bolup, şolaryň 174-si gowy saklanypdyr» diýip ýazýar. Şäher diwarlarynyň käbir ýerlerinde, aýratyn-da, günorta we demirgazyk taraplarynda diwaryň goranyş mümkinçiliklerini artdyrmak üçin köp sanly egrem-bugram öwrümli gurluşlar hem bina edilipdir. Gorag diwarlarynyň daş tarapynda giňligi 21, çuňlugy bolsa 8 metre ýetýän garym gazylypdyr. Zerurlyk ýüze çykanda, garyma Razik we Majan akabalarynyň suwy goýberilipdir. Diwaryň we diňleriň üstünde esgerler üçin öňi diş-diş bolup gidýän diwar bilen ýapylan atyşhanalar ýerleşipdir. Soltangalanyň demirgazyk-gündogar burçunda Şähriýarark galasy ýerleşip, onda aýratyn uly döwlet we resmi ähmiýetli ymaratlar — Soltanyň köşgi, hökümet diwanlary, gazna, zikgehana, gala goragçylary üçin ýatakhanalar bolupdyr.
Merwiň esasy şäherleriniň biri bolan Gäwürgalanyň hem örän kämil goranyş ulgamy bolupdyr. Bu şäheriň merkezinde ýerleşýän aýlawly berk diwar bilen gurşalan Erkgala bolsa öz döwrüniň ägirt uly paýtagt şäherine öwrülýär. Ýeri gelende aýtsak, «Erkgala» — parsça «kuhendiz» — orta asyr şäherleriniň iň berk goralýan ýeri bolup, adatça, şäheriň haýsy hem bolsa bir burçunda ýerleşipdir. Erkgalanyň goşmaça gorag diwarlary, ýeke-täk derwezesi bolup, onda hökümdaryň köşgi, öýi, hökümet diwanlary, metjit we zikgehana ýerleşipdir. Bu bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň Amuldan, Horezmden, Baktriýadan, Eýrandan gaýdan şahalaryna dört derwezesinden hem şähere aňsatlyk bilen girmek mümkinçiligini döredipdir. Munuň özi Gäwürgalanyň berk gurlandygyny, onuň ilatynyň asuda ýaşandygyny hem-de olaryň söwda gyzyklanmasynyň uly bolandygyny görkezýär. Olar daşary ýurtly täjirleriň-de, daýhanlaryň ýa maldarlaryň-da öz harytlarynyň we öndüren önümleriniň alyş-çalşygy üçin şähere gelip-gitmegini şertlendiripdir. Şäheriň gurluşyk taýdan şeýle görnüşde meýilleşdirilmesi ýaşaýjylar üçin amatly bolupdyr. Taryhyň dürli döwürlerinde Gäwürgalanyň gorag diwaryny berkitmek boýunça giň gerimli işler alnyp barlypdyr. Gorag diwarynyň aşaky gatlagynda irki antik döwre degişli bölegiň üsti açyldy. Arheologlar galanyň şu gatlagynyň gurlan döwrüne esaslanyp, ony belli serkerdebaşy Aleksandr Makedonskiniň gurdurandygy baradaky pikiri öňe sürýärler.
Ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň şahalarynyň ugrunda ýerleşen kerwensaraýlardyr oba-kentleriň hem öz döwrüniň harby-inženerçilik sungatynyň kämil kadalaryna laýyklykda gurlan gorag galalary bolup, olar söwda kerwenlerini goramak, argyşçylaryň dynç almagy, arkaýyn söwda işlerini amala aşyrmagy üçin giň şertleri döredipdir. Etnograf alym Abdallah Kazwini Köne Sarahs barada şeýle diýýär: «Orta asyr türkmen şäherleriniň binýadynyň, galalarynyň berkdigi, kerwensaraýlaryň oňaýly ýerlerde ýerleşýändigi we mäkäm berk galalar bilen ygtybarly goraglylygy, köşgi-eýwanlaryň kaşaňlygy, täsin gurluşly minaralarynyň we beýleki geň galdyryjy binalarynyň bardygy diýseň buýsandyryjydyr. Hususan-da, Sarahsyň berk galasy bar. Onuň howasy ýyly. Suw derýadan alynýar. Derýa örän uly, suwy arassa we iýmitiň oňat siňmegine ýardam berýär. Gök önümlerden tagamly üzümi we datly gawuny bar». Berk binýatly gorag galalary bolan Uzboý derýasynyň kenarynda ýerleşen Igdigala, Adakgala, Döwkesengala, Amyderýanyň kenarlaryndaky Amulgala, Bitikgala, Farapgala, Küregengala ýaly ýadygärlikler halkara söwda ýolundan geçýän kerwenlerden, gämilerden ýol pajyny ýygnamak bilen, derýa hanalarynyň arasyndan geçýän geçelgeleri we olaryň töweregini gözegçilikde saklamak, asudalygyny üpjün etmek wezipelerini ýerine ýetirýär. Paýtagtymyzy etekläp oturan, berk gorag diwarlaryna gurşalan Paryzdepe, Änew şäher galalarynda bolsa merdana Watan goragçylary ýaşap, Parfiýanyň paýtagty Nusaý galasyny sak gorapdyrlar. Ýurdumyzyň sarsmaz binýatly galalarynyň arasynda Daňdanakanyň aýratyn taryhy orny bardyr. Bu galanyň gorag galasy 1040-njy ýylda seljuk goşunynyň gaznalylardan üstün çykyp, şöhraty dünýä dolan Beýik Seljuk Türkmen şadöwletiniň döremegine esas boldy. Gökdepe galasy bolsa ýaş nesiller üçin watanperwerligiň we merdanalygyň nusgalyk mekdebine öwrülen gahrymançylykly wakanyň şaýady boldy.
Görnüşi ýaly, galalar diňe bir howpsuzlygy, goranyş ukybyny üpjün etmän, milli binagärlik sungatynyň kämilleşmegine-de gönüden-göni täsirini ýetiripdir. Olar söwda strategiýaly möhüm işlere — paç ýygnamak, söwda-satyk etmek hem-de kerwenleri goramak işleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna hem ýardam edipdir.