Duzuňyzy dadyp... (Hekaýa)


Duzuňyzy dadyp...
(Hekaýa)



Gadymdan bäri halkyň arasynda dilden-dile, ilden-ile geçip, ýaşap gelýän bu gyzykly kyssanyň haçan dörändigi belli däl. Menem muny atamdan eşitdim, ol hem öten eždatlarymyzdan eşidip, bize ýetiripdir.
Ilki eşidenimde bu gürrüň saçak başynda, başymyz jem bolup otyrkak başlanypdy. Çagalaryň biri çörek iýip otyrka, onuň bir owuntygy tötänden ýere gaçdy. Öňem telewizorda berilýän gülküli gepleşige maýyl bolup oturan alňasak oglan muňa kän bir üns bermedi. Gep hem şundan başlandy. Ejem oňa:
–– Balam, çöregi zaýalaman iýgin, owratma, owuntygyny hem harlama, ol keramatdyr — diýdi.
Ejemiň dilinden däl, ýüreginden çykan ýaly bolup eşidilen bu sözler çörek bilen bagly şol gadymy gürrüňi hakydama getirdi.
Gumy etekläp oturan çaklaňja oba uly gatnawly ýoluň ýakasynda ýerleşýärdi. Wagty, biwagty ýok, bu ýol ötegçisiz bolmazdy. Aryp gelýän ýolagçylaryň bu oba taňry myhmany bolup gidýänleri hem az däl. Şeýle günleriň birinde gün ikindi boluberende, gözýetimden gol aşyp gelýän hatarly kerweniň öňi göründi. Hä diýmänem tirkeş gurap gelýän inerler obanyň deňine ýetdi. Ýola golaý ýerdäki tamdyrda bir aýal maşgala çörek ýapýardy.
Kerweniň ýolagçylary köp däl eken. Tamdyrdan goparýan çöregi ýaly, ýüzi nurana zenan bir sebäp bilen öýüň deňinde aýak çeken ýolagçylara duz dadyp gitmegi mürähet etdi. Onýança onuň adamsy hem gelip, olary çaýa çagyrdy. Emma ýolagçylar barmaly menziline ýetmäge howlugýandyklaryny, wagtyň bolsa gijigip barýandygyny aýdyp, duz dadyp ugramakçy boldular. Şu ýerde täsin bir ahwalat bolup geçdi. Kerwen bilen gelýän ýolagçylaryň biri ýanyndakylardan öňe saýlanyp, tamdyra hem ondan çörek goparyp duran zenana haýran galyjylyk bilen seredýärdi. Onuň kellesine geýen täsin başgaby, melemtil sary saçlary, omzundan asan üýtgeşik gaýyş ýantorbasy bu ýolagçynyň alys ýurtlaryň birindendigini habar berýärdi.
Ahyry nätanyş ýolagçy durup bilmän, ýanyndakydan haýran galmak bilen bu desganyň nämedigini öz dilinde sorady. Dilmaç çalaja ýylgyryp, muňa tamdyr diýilýändigini, çöregiň şunda bişirilýändigini düşündirdi. Myhmanyň bilesigelijiligi has hem artdy. Dilmajyň aýtmagyna görä, ol: «Heý, şu üýşmek kesekdir topragyň içinde-de çörek bişirip bolarmy?» diýipdir. Tamdyr onuň gözüne gum-kesegiň üýşürilip goýlan bir görnüşi ýaly bolup görnüpdir.
Myhman kerwenbaşydan hem tamdyr eýelerinden bu desgany elläp görmäge idin alyp, onuň daşyny sypalap-sermeläp görýär. Diňe şondan soň onuň içine ot ýakylýandygyna göz ýetiripdir. Gözüne geň görnen bu desganyň içini hem bir synlap göreýin diýip, ýakyn durup, onuň agzyndan garanda myhman öňküden hem geň ýagdaýa düşüpdir. Başgabynyň aşagyndan dökülip duran saçlary tamdyryň howruna tasdan hem çawlanan eken.
Türkmen durmuşyny, ýaşaýşyny görmedik myhmanyň sowallary has-da geň eşidilipdir:
–– Şujagaz ýeke desga bilen bu giden ilata nädip çörek ýetirip bilýärsiňiz? Myhman bilesigelijiligine belet dilmaç oňa beýle desgalaryň her hojalykda bardygyny aýdyp berýär. Bu jogaby eşiden jahankeşde: «Her öýünde şular ýaly çörek bişirýän desga bar bolsa, diýmek, türkmenler örän baý ýaşaýan, çörekli eken» diýen netijä gelipdir.
Şundan soňra myhman howlukmaçlyk bilen gaýyş ýantorbasynyň düýbüni sermeläp, ondan bir gysym kümüş gyran çykarýar. Şo bada ony dilmaja berip, şu gyranlara şu çörekden näçesi düşse berilmegini haýyş edipdir. Oňa saçak doly gyzgyn çöregi dolap, ýany bilen hem beren gymmatbaha gyranlaryny yzyna uzadypdyrlar. Ýöne, myhmana türkmenleriň hiç haçan taňry myhmany diýip gapydan gelene eden hyzmaty, beren duz-tagamy üçin hiç hili hak-heşdek almaýandygyny düşündirmek iş bolupdyr.
Baran menzillerinde, aýlanan il-ýurtlarynda beýle hormat-sylagy görmedik syýahatçy desterhan doly çöregi elinde tutup durşuna öý eýelerine baş egip hoşallyk bildiripdir: –– Siziň gadyr-gymmatyňyzy gördüm, duzuňyzy datdym, indi men siz bilen, tutuş bu il bilen dogan boldum. Doganlara bolsa, her çak didarlaşyp durmak lazym. Men bu bereketli hem bol saçakly ile ýene hökman gelerin, edilen bu ýagşylyklaryň öwezini dolýançam gelerin.
Çörek, duz-tagam diline, dini ynanjyna, däp-dessuryna seretmezden, ähli yklymlarda arzyly, hormatly bolarly. Bu sözler gaýry ýurtlynyň diňe bir dilinden däl, eýsem, kalbynyň töründen çykypdyr.

Bally SEÝITBERDIÝEW