Durmuş mekdebiniň sapagy


Durmuş mekdebiniň sapagy



Türkmen halkynyň däp-dessurlaryna nazar aýlanymyzda, ene-mamalarymyzyň ýaşlarda ajaýyp endikleri we sypatlary terbiýelemeklige hemme taraplaýyn üns berendiklerine göz ýetirýäris. Türkmençilikde ýaşlykdan gyzlara el işlerini öwredýärler. Gyzjagazyň ilkinji öwrenenje işini yrym edip, suwa oklaýarlar. Göräýmäge howaýy ýaly bolup duýulýan bu adaty ynanjyň aňyrsynda çuňňur many bar. Gyzjagaz üçin ilkinji eden işi mukaddes, ol ony hemişe ýanynda saklasy gelýär. Ýöne adam öz eden işine seredip, oňa guwanyp ýörse, kämilleşmeýär. Ene-mamalarymyz gyzjagazyň ilkinji işini suwa oklamagy ýokuş görjekdigini bilipdirler. Şonuň üçinem onuň göwnüni götermek, täze işleri etmäge ruhlandyrmak maksady bilen: «Balam ilkinji işimizi bizem suwa, ýele okladyk. Şeýtseň, eliň edil suw ýaly çalt bolar» diýseler, çaga bu söze çyny bilen ynanýar. Bu söz çagada özüne bolan ynamy oýarýar. Ol indi özüniň eden ýöntemje keşdesiniň kemçiliklerini görüp, utanyp ýörmeli bolmaz. Enelerimiz nesil terbiýesinde öz balalarynyň inçe duýgularyny hem ynjytmazlyga çalşypdyrlar.
Ejesi gyzjagazy elinden tutup, ümä alyp gidýär. Bu ýerde biri-birinden ökde eli çeper gyzlar bar. Gyzjagaz her bir gyzyň ýanyna baryp, el işini etmekligiň inçe syrlaryny öwrenýär. Nepis gaýma gaýamak üçin sapagy nähili işmeli, gaýma gaýalanda, matanyň arka tarapyna düwün düşürmän iňňäni nädip ilmeli. Ol bu işleriň ählisini ümede özünden ulularyň eden işlerine seredip öwrenýär. Ümä baran zenanlar iş edenlerinde, halk döredijilik eserlerini aýdyp berýärler. Biri-birinden manyly gürrüňler, rowaýatlar we tymsallar haýsy gylyk-häsiýetiň gyz maşgalanyň bezegidigi hakyndaky düşünjäni döredýär.
Durmuş mekdebini geçen tejribeli zenanlar enelerinden, gaýynlaryndan öwrenen iş usullary, eşiden maslahatlary, durmuşda kynçylyk gabat gelende, ony ýeňmegiň ýollary, maşgalada çaga terbiýelemegiň usullary barada edep sapagyny geçýärler. Gyzlar hem-ä ümä baryp hünär öwrenýärler, hem-de durmuş mekdebinden sapak alýarlar.
Ümä barýan juwan gyzlar kalplaryndaky söýgi duýgularyny edaly häsiýetlerine muwapyk sözler bilen şahyrana döredijiliklerine siňdiripdirler. Olaryň joşgunly ýüreklerinden dörän şahyrana setirler dillerde dessan bolup, obadan-oba, ilden-ile gezipdir. Şeýdibem halk döredijilik eserleriniň ummasyz hazynasy döräpdir. Ümelerde ene-mamalarymyzyň döreden milli mirasy kämilleşipdir we nesilden-nesle geçipdir. El işini edýän gyzlarda az we uz, manyly, edepli gürlemek endikleri kemala gelipdir. Üme zenanlaryň halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürýän döredijilik ussahanasy bolupdyr.
Käbir obalarda biziň günlerimizde hem ümäni gepi-sözi alyşýan gyz-gelinler her gün biriniň öýünde geçirýärler. Şol gün öýüne myhman çagyran gyzyň taýýarlan tagamlary hem synagdan geçirilýär. Şonuň üçinem gyzlar özgeleriň ýanynda uýada galmajak bolup, süýjüden-süýji milli tagamlary taýýarlamagy öwrenipdirler. Durmuşa çykýan gyzyň bukjasyny çatmga onuň joralary we ýakyn garyndaşlary hem gatnaşýar. Ümä üýşen gyzlar şol gyzyň gaýynlaryna taýýarlap ýetişmedik sowgatlaryny tiz bitirmäge hem ýardam berýärler. Şeýdibem olaryň arasynda adamkärçiligiň iň gowy sypatlary, agzybirlik, ynsanperwerlik ýaly häsiýetler kemala gelýär.
Onsoňam el işini ýeke özi edýän gyz içini hümledip otursa, onuň ýüregi gysýar. Ýa-da şol bir işi edip oturmak ony ýadadýar. Ümä baran gyzyň göwni açylýar. Onda öňküsinden hem köp işlemek, el işini nepis etmek islegi oýanýar. Diýmek, ümeler gyzlarda zähmet söýerligiň kemala gelmeginde hem uly ähmiýete eýe bolupdyr. Ady bir türkmen halk ertekisinde beýan edilişi ýaly, Ak pamyk ümä baranda, özüniň erkek doganlarynyň bardygy hakyndaky habary eşidýär, bu bolsa onuň olary gözläp tapmagyna sebäp bolýar.
Türkmen zenanlarynyň el işleriniň birnäçe syrlary we usullary bar. Hatda her bir keşdede iňňäni nähili sünçmeli, sapagy nähili görnüşde ildirip almaly, ýüwsäni nähili geýmeli, matany nähili tutmaly, ine, şu zatlaryň ählisini gyzlar ilki maşgalada öwrenip, soňra ümede kämilleşýärler.
Durmuşa çykýan gyzyň bukjasyny çatmaga, ýorgandyr düşeklerini, ýassyklaryny taýýarlamaga baran gyzlar bu ýerde berjaý edilýän däp-dessurlarymyzy hem öwrenýärler. Türkmençilikde ýorgandyr düşekçäni syrmagy tejribeli zenanlara ýa-da şol zenandan sapak alan şägirtlerine ynanýarlar. Şeýle zenanlar ýa-da gyzyň ejesi durmuşa çykýan gyzyň ýorganlarynyň tikilişine uly ähmiýet berýär.
Ümeler her maşgala ojagyndaky mukaddesligi berkleşdirýän ajaýyp däplerimiziň biridir. Şol däp türkmen gyzlaryny maşgala durmuşyna kämil taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir.

Mahym ROZYÝEWA