Türkmenistan, eziz Watan — Bitarap


Türkmenistan, eziz Watan — Bitarap



Berkarar döwletde ajaýyp zaman,
Türkmenistan, eziz Watan — Bitarap.
Eşretli döwranda illerim aman,
Türkmenistan, eziz Watan — Bitarap.

Beýik şahsyýetleň ýollary bilen,
Asyrlaň gatynda yzlary galan,
Merdi-merdanasy äleme dolan,
Asly Oguz hanly Watan — Bitarap.

Pasyrdysy heňňamlaryň aýdymy,
Tugum, seň ýüzüňde halyň öýdümi,
Zemin öz görküni saňa çaýdymy?
Döwri-döwran, eziz Watan — Bitarap.

Goýny toýhanaly, ýaýlaly-ýazly,
Illeri şahandaz, mukamly-sazly,
Myhmany garşylar, çörekli-duzly,
Sungata sarpaly Watan — Bitarap.

Geldi Pyragynyň arzuw eýläni,
Asuda säheri, rahat öýläni,
Şahyr dilleriniň söýüp-söýläni,
Gözleriň röwşeni Watan — Bitarap.

Ertekä çalymdaş ajap çagym bar,
Şäherler, obalar, bossan-bagym bar,
Arkamda Howandar — Arkadagym bar,
Beýik Arkadagly Watan — Bitarap.

Görüň, ene toprak baýlykdan doly,
Hazynamyz çensiz, guwanar ýaly,
Pagtaly, bugdaýly, zähmetkeş illi,
Rysgally-döwletli Watan — Bitarap.

Gyýa gözde bakmaz goňşy, dost-dogan,
Halkyň jebisligne begen, sen begen,
Agzybir döwletde ak säher dogar,
Asmany arassa Watan — Bitarap.

Bilimli nesil bar, kuwwatly Watan,
Ylymda üstünlik arşlara ýeten,
Baky bagtyýarlyk berk binýat tutan,
Bu ajap döwranda Watan — Bitarap.

Bütin dünýä ýaň salyp dur adymyz,
Ösüşlerde belentdedir badymyz,
Üstünlikler biziň göwün-şadymyz,
Gül Diýarym, sende Watan — Bitarap.

Polat ýollar gidip otyr seplenip,
Menzillerden bagta barýar seslenip,
Ýagşy arzuw-dileglere beslenip,
Aýdyň ýolly, gözel Watan — Bitarap.

Howa ummanynyň gämisi bolup,
Uçarlarmyz ýüzýär asmana galyp,
Barýas doganlygyň sazyny çalyp,
Ösen döwür içre, Watan — Bitarap.

Dideler dokunýar nepis keşdeden,
Halym misli çitilen gül desseden,
Haýran galar bu Diýara keşt eden,
Gözelligi çäksiz Watan — Bitarap.

Gyz-gelinleň milli eginbaşlary,
Düwmeleň sesleri aýlar başlary,
Ketenä gelişer örüm saçlary,
Dessurymy dolan Watan — Bitarap.

Bardyr bedew atym ganatyn ýaýýan,
Halkymyz atyny ynsan deý saýýar,
Beslenen dal bedew seýkinläp gelýär,
Mirasa guwanýan, Watan — Bitarap.

Türkmen bedew aty bilen tanalýar,
Aýlawlardan ýeňiş bilen dolanýar,
Ganatly Gyrata dünýä guwanýar,
Bedew batly ösýän Watan — Bitarap.

Alabaýy bilen äleme belli,
Joşgunly kalplary heýjana saldy,
Üstünlik gazanyp, şan-şöhrat aldy,
Taryha sarpaly Watan — Bitarap.

Ene toprak, sen gudratmy ýa jady?
Sazlaşdyryp döredýäň sen bar zady,
Mähir berip hüwdüleýäň zürýady,
Gursagy owazly Watan — Bitarap.

Ýüregi aýdymly, kalby ylhamly,
Şygryýet dünýäsi, köňli melhemli,
Görüm-göreldeli, Hakdan hemdemli,
Eziz Baştutanly Watan — Bitarap.

Türkmenistan sähra, dagyň ülkesi,
Dermanlyk otlary bejär her kesi,
Sagdyn nesli bilen ýagty ertesi,
Lukman Arkadagly Watan — Bitarap.

Sagdyn durmuş bezär ynsan ömrüni,
Sport şähdiň açyp, götär göwnüňi,
Meşgullansaň joşa getir köňlüňi,
Sagdyn nesli bilen Watan — Bitarap.

Beýik ymaratlar asman deňinde,
Deňsiz-taýsyz ýurtdur dünýäň öňünde
Bagtyýarlyk waspy döwrüň heňinde,
Jennete ogşaýan Watan — Bitarap.

Bagt mukamyn çalýar, deňiz tolkuny,
Dünýä düşýär Awazanyň ýalkymy,
Bu ösüşler begendirýär halkymy,
Beýik Gahrymanly Watan — Bitarap.

Alyslara uzap gidýär ak ýollar,
Dostluga gol berýär bagtyýar iller,
Şu günüň dowamy ogullar-gyzlar,
Ýaş nesle howandar Watan — Bitarap.

Bagtyýar zamanam, geçmiş-geljegim,
Sensiň bu barlygy köňle saljagym,
Arkadagym bilen dünýä doljagym,
Türkmenistan, ata Watan — Bitarap,
Türkmenistan, eziz Watan — Bitarap.

Nartäç ÝUSUPDURDYÝEWA