Sungata siňen ömür
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda görnükli medeniýet we sungat işgärlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Durmuşda öçmejek yz galdyran ussatlarymyzyň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Ogulgurban Durdyýewadyr. Ol 1912-nji ýylda Kaka etrabynyň Ýüzbaşy obasynda ownuk senetkär maşgalasynda dünýä inýär. 1927-nji ýylda olaryň maşgalasy Aşgabada göçüp gelýär. Günleriň birinde ol öýleriniň golaýyndaky teatr studiýasyna baryp görmegi ýüregine düwýär. Studiýada ony gülerýüz bilen garşylaýarlar.
Ogulgurban Durdyýewa çagalykdan sungata höwesli bolýar. Onuň juwan ýüregi hemişe sungat diýip atygsap durýar. Ol ýüreginiň jümmüşinde özüniň sungatda ornunyň bardygyna jany-teni bilen ynanýar. Onuň peýda bolmagy bilen teatr studiýasynda sahnalaşdyrylýan oýunlarda ýaş gahrymanlaryň keşplerini janlandyrmakda uly öňegidişlikler gazanylýar. Teatr studiýasyna okuwa giren zenanlaryň ilkinjileriniň biri bolan Ogulgurban Alty Garlyýew, Aman Gulmämmedow, Sary Garryýew, Gylyç Berdiýew, Sonadyr Suraý Myradowalar ýaly ussat halypalar bilen bilelikde bilim alýar.
Onuň teatr studiýasynda zehini barha taplanýar, kämilleşýär. Gruzin dramaturgy Go Moluwaniniň «Abraý» atly sahna eserindäki Natellinanyň keşbi onuň özüne bolan ynamyny has-da artdyrýar. Ol özüniň ýiti ukybydyr tebigy zehini bilen tomaşaçylaryň ünsüni çekmegi ussatlyk bilen başarýar. Ogulgurban Durdyýewa 1929-njy ýylda teatr studiýasyny üstünlikli tamamlap, şol ýyl açylan Türkmen döwlet drama teatrynda zähmet ýoluna başlaýar. Bu teatrda Ferdinanda Dýuşeniň «Tamilla» romany esasynda goýlan spektaklda Tamillanyň keşbini janlandyrmak bilen birlikde Ogulgurban şol döwürde düşürilen kiçi, gysga göwrümli filmlerde hem surata düşýär. Aýhan Haldurdyýewiň «Galyňsyz» atly spektakly sahnalaşdyrylanda, ol Sonanyň keşbini janlandyrýar.
Sahnada dürli häsiýetdäki aýal-gyzlaryň keşbini ezberlik bilen janlandyrmagy başarýandygy üçin oňa Ata Gowşudowyň «Juma» dramasynda Jumanyň gelinligi Güldessäniň, «Nedir şa» oýnunda bolsa şa aýalynyň keşbini döretmek ynanylýar. Bu keşpler onuň ussatlygyny has-da belende galdyrýar. Sahnada zenan keşpleriniň ençemesini döredip, öz gahrymanlarynyň içki dünýäsine, teatr sungatyna içgin aralaşýar. Aşgabatda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet milli drama teatrynyň açylmagy bilen, Ogulgurban «Zöhre—Tahyr» ýaly türkmen dessanlarynyň sahnalaşdyrylmagyna hem işjeň gatnaşýar. «Zöhre—Tahyr» pýesasy türkmen milli teatr sungatynda ilkinji sazly-drama sahna eseri hökmünde taryha girýär. Şol döwürde zenan artistler azlyk edensoň, Ogulgurban sahnada biri-birinden düýpgöter tapawutlanýan iki gahrymanyň, ýagny han gyzy Mahymyň, şeýle-de Tahyryň enesi Şahyhubanyň çeper keşplerini janlandyrmagyň hötdesinden gelýär.
Şondan soň ýaş aktrisanyň örüsi giňäp başlaýar. Ol rusdur ýewropa ýazyjylarynyň eserleri boýunça sahnalaşdyrylýan spektakllarda hem täsirli keşpleri döredýär. Wilýam Şekspiriň «Otello» tragediýasynda Dezdemonanyň, «Romeo we Julýetta» oýnunda Julýettanyň, Nikolaý Ostrowskiniň «Tupanynda» Katerinanyň, Maksim Gorkiniň «Duşmanlar» spektaklynda Kleopatranyň, L.Molýuginiň «Köne dostlar» oýnunda Toýanyň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.
Meşhur artist Aman Gulmämmedowyň režissýorlyk etmeginde özbek dramaturgy Hamza Hekimzadenyýazynyň «Baý we batrak» pýesasynda janlandyran baýyň aýaly Hanzodanyň keşbi has-da öwgä mynasyp bolýar. 1938-nji ýylda A.S.Puşkiniň «Bakjasaraý çüwdürimi» oýnunyň sazly-drama görnüşinde tomaşaçylara ilkinji gezek hödürlenmegi teatryň artistleriniň şatlygyny goşalandyrýar. Urşuň öň ýanlaryndaky ýyllarda hem Ogulgurban has öndümli işläp, teatryň sahnasynda ençeme ýatda galyjy keşpleri döredýär.
1939-njy ýylyň maýynda teatryň döredileniniň on ýyllygy bellenende, aýal-gyzlardan ilkinjileriň hatarynda zehinli aktrisa Ogulgurban Durdyýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at berilýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hem ol jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, uruşda ýaralanyp gelen esgerleriň öňünde gospitalda, radioda türkmen drama teatrynyň artistleri bilen birlikde yzygiderli çykyş edip durýar. Uruşdan soňky ýyllarda uly geljeginiň bardygyna göz ýetiren kino döredijiler ony çeper filmlerde surata düşmäge çagyrýarlar. «Aýal ata çykanda», «Japbaklar», «Daşgaladaky waka», «Gelin», «Serdar» telefilmlerindäki keşpleri Ogulgurbana üstünlik getirýär. Meşhur Alty Garlyýewiň döreden iki bölümden ybarat bolan «Aýgytly ädim» filminde Artygyň ejesi Nurjahanyň keşbi bolsa tomaşaçylar üçin has-da ýatda galyjy bolýar.
Ajaýyp aktrisanyň döreden ene keşbi türkmen kino sungatyna aýratyn sahypa bolup ýazyldy. Türkmen milli kino sungatynyň ösmegine goşan saldamly goşandy üçin tanymal aktrisa Ogulgurban Durdyýewa 1966-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakylýar. Meşhur Alty Garlyýew filmde her bir keşbe jaýdar artistleri saýlanda, teatr sahnasynda ençeme ajaýyp keşpleri döreden halypa aktrisa Ogulgurban Durdyýewa hem nazaryndan sypmandyr. Alty Garlyýew teatrda aktýor, režissýor bolup işlän döwründe onuň sahnada keşp döredip biliş derejesini uly üns bilen synlapdyr. Şonuň üçin «Aýgytly ädim» filmindäki döreden her bir keşbi onuň daş keşbiniň içki ruhuna, zehinine laýyk gelýär.
Uly göwrümli «Aýgytly ädim» filminde esasy gahrymanlaryň biri — Aýnanyň çeper keşbini döretmek rus gyzy Žanna Smelýanskaýa ýeňil düşmändir. Şeýle bolansoň, Ogulgurban Durdyýewa oňa märekede oturyp-turmagy, gaýma gaýamagy, haly dokamagy, hojalyk işleri bilen meşgullanmagy, çagany elde saklamagy, sallançak üwremegi... öwredipdir. Ýaş rus gyzyny türkmen dilinde «gürletmäge» Türkmenistanyň halk artisti, ussat ses režissýory Täçbibi Gafurowa hem ýakyndan ýardam edipdir. Aýnanyň keşbi şeýle bir şowly çykypdyr. Onuň rus gyzydygyny hiç kim güman hem etmändir.
Ogulgurban Durdyýewanyň gyzlary Annabibi, Amanbibi ejesi barada şeýle ýatlaýarlar:
—Ol örän galjaňdy, elini gowşuryp boş oturmazdy, milli tagamlary taýýarlamagy, el işleri bilen meşgullanmagy, miweli agaçlara serenjam bermegi halardy. Ondan örän kän zatlary öwrenip, özümize nusga edindik. Oňa: «Anha, Artygyň ejesi barýar» diýerdiler. Keşp kalba siňende, ebedi bolýan eken. Onuň sahnadadyr filmlerde döreden keşpleri diňe bir aňymyzda däl, ýüregimizde-de ýaşaýar.
Türkmen milli teatrdyr kino sungatymyzyň ösmegine özüniň mynasyp goşandyny goşan halypa aktrisa Ogulgurban Durdyýewa 1977-nji ýylyň 23-nji dekabrynda 65 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol türkmen milli teatr sungatymyzyň düýbüni tutanlaryň ilkinjileriniň biridir. Onuň ussatlyk bilen döreden keşpleri biziň her birimiziň kalbymyzda hemişelik ýaşaýar.
Begenç ESENOW