Depämiň täji tahýa


Depämiň täji tahýa



Çeper elli gelin-gyzlarymyzyň asyrlaryň dowamynda çeken keşdeleridir gaýan gaýmalary, dokan halylarydyr ketenileri bütin dünýäni haýrana goýýar. Bu barada daşary ýurtlarda geçirilýän Medeniýet günlerinde bolup gelen sungat ussatlarymyzyň dilinden eşideniňde, milliligimize buýsanjymyz goşalanýar. Dürli halklaryň wekilleri haýran galmak hem-de gözügidijilik bilen gelin-gyzlarymyzyň nepis keşdelenen eşiklerini, owadan tahýalaryny, Gün nuruna şugla saçýan ajaýyp şaý-seplerini synlaýarlar. Şeýle gözellikler diňe bir türkmen zenanlarynyň bezegi bolman, eýsem, eli çeperliginiň beýany bolup, olaryň mertebesini has belende göterýär.
On barmagyň hünäri bilen täsin gözellikleri döredýän gelin-gyzlarymyzyň el işleriniň arasynda tahýalar görnükli orny eýeleýär. Asyrlaryň dowamynda dürli nagyşlar bilen sünnä keşdelenip, älemgoşar öwüşgini berlen tahýalarymyz biziň günlerimize kämil görnüşde gelip ýetipdir. Olary içgin synlasaň, ene topragymyzyň ýylysyny, zenan kalbynyň gözelligini, tebigatymyzyň köpöwüşginli ajaýyplyklaryny görmek bolýar.
Bulardan başga-da, tahýalarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna dahylly zatlaryň aglabasy öz beýanyny tapypdyr. Ýene bir bellemeli zat, erkek kişiler hem-de zenanlar üçin niýetlenip tikilýän tahýalar biri-birinden tapawutlanýarlar. Erkek adamlaryň tahýalary «akgaýma» diýlip atlandyrylyp, olarda älem gümmerini, asuda asmanyň astyndaky dört pasly synlamak mümkin. Ýylyň islendik döwri geýeňde-de amatly hem gelşikli akgaýmanyň depesiniň orta gürpünde giň ýer bolýar. Ol alty ýa-da sekiz bölege bölünýär. Oňa nagyş salnyp, gaýma bilen doldurylýar. Şol gaýmalar «alajalar» we «süňşükler» bilen gaýalyp, «gaňrak», «gülýaýdy» nagyşlary bilen keşdelenýär. Pugtama ýerine ölçegine görä, «sekizkeşde» we «ýylanagzy» salynýar. Akgaýmanyň etegine «şänik», «ýartytegbent», «bütin sekizkeşde», «ýarty sekizkeşde», «pökgüje gyýaklar, «guşgözi», «guşdyrnak» ýaly nagyşlar salynýar. «Gültahýa» diýlip atlandyrylýan tahýalar bolsa gyzlar üçin niýetlenip, olar hem täsin gözellige eýedir. Gültahýalaryň depesindäki tegelek Zemine şugla saçýan nurly Güni aňladyp, oňa «günebakar» we «gül» nagyşlary, etegine bolsa «okgözi» we «tegbent» ýaly nagyşlar salynýar. Tahýalar saçyny iki örüp, öňünden goýberýän gyzlarymyza aýratyn gelşik berýär. Gyz durmuşa çykanda bolsa, öz tahýasyny baldyzyna berýär. Munuň hem täze gelin bilen onuň baldyznyň turuwbaşdan ysnyşyp gitmeginde ähmiýeti uludyr. Sebäbi gelnejesi ençeme ýyllap depesine täç eden iň arzyly zadyny — gültahýasyny baldyzyna bagyşlaýar. Şeýdibem baldyzyna sylagynyň ýokarydygyny aňladýar. Baldyz hem gelnejesiniň bu sylagyna özüniň hormat-söýgüsi bilen jogap berýär.
Tahýalaryň tikilişinde hem özboluşly aýratynlyklar bardyr. Ilki bilen bellemeli zat, çeper elli zenanlarymyz tahýa tikmek üçin çem gelen iňňäni ulanaýmandydar. Onuň üçin «keşde iňňe» diýlip atlandyrylýan inçejik hem-de gysga iňňäni saýlapdyrlar. Edil şonuň ýaly, tahýanyň nagyşlary üçin saýlanyp alnan sapaklar hem tapawutly bolupdyr. «Keşde sapak» diýlip atlandyrylýan ol sapaklar her birine aýratynlykda tow berlip işilen inçejik ýüpekden taýýarlanypdyr.
Halk döredijiliginde «Körpe gelin otursyn, eline oýmak ötürsin» diýilýän-de bolsa, tahýa tikýän gelinler köplenç, barmagyna oýmak däl-de, ýüwse geýdiripdirler. Şu ýerde oýmakdyr ýüwsäniň ikisiniňde zenanlaryň keşde çekenlerinde barmagyna geýdirýän esbabydygyny bellesegem, oýmagyň metaldan edilýändigini, ýüwsäniň bolsa gaýyşdan ýa-da matadan tikilip bejerilýändigini aýdasymyz gelýär. Tahýa tikilende näme üçin barmaga ala-böle ýüwse geýdirilýändigi bilen gyzyklananymyzda, keşdeçi zenanlarymyz ýüwseli gaýalan gaýmalaryň, çekilen keşdeleriň tekiz düşýändigini, älemgoşar ýaly dürii öwüşginli şugla saçyp durýandygyny gürrüň berdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eli çeper gelin-gyzlarymyzyň zehin siňdirip tiken tahýalary ýaşlarymyzyň görküne görk goşýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň özleri hakda edýän aladalaryndan ruhlanyp ýaşaýan, okaýan, döredýän bagtyýar nesillerimiz gültahýadyr akgaýma tahýalary uly höwes bilen depesine täç edip geýýärler.

Ülker MEREDOWA