Hasyl bolan hyýallar


Hasyl bolan hyýallar



hekaýa

Çagalyk ýyllary Mele aga üçin bu günki gün gymmatly ýatlama boldy. Sebäbi ol özüniň çagalykdaky zehininiň, göz öňüne getirmeleriniň, hyýalyndaky arzuwlarynyň häzirki ajaýyp zamanamyzda hasyl bolandygyna göz ýetirdi.

Mele ýaňy 9-10 ýaşlaryndady. Ine, şol ýaşlarynda hem çaga kalbyny heýjana goýan, ýörjen-ýörjen bolup başlan özboluşly zehin duýgulary peýda bolup başlapdy. Onuň entek kiçiligine garamazdan joşgunlyja höwesi çeper eserleri, goşguly kitaplary okamaga, ökdelik bilen surat çekmäge mejbur edýärdi. Maşgalada talapkär kakalarynyň mal bakyp köpeltmek, ekin ekmek ýaly hojalyk işlerine bişişip, ony endige öwürmek ýaşajyk Mele bilen birlikde beýleki doganlary üçin hem hökmanydy. Elbetde, ol döwürler bu oba ilatynyň köpüsinde şeýle düzgünler ýörgünlidi. Ýazky möwsümde goýundyr-geçilerini öri meýdanlarda bakyp köpeltseler, beýleki möwsümlerde ekin ekmek, hasyl ýygnamak ýaly ýylyň-ýylyna gaýtalanyp duran oba durmuşynyň zähmetkeşligi gaýnap joşýardy. Mele doganlaryndan ortanjysydy, beýleki doganlaryndan tapawutlylykda ol bilesigelijidi, zehini bolsa üýtgeşikdi. Malyň yzynda çagalygynyň köp bölegini geçirse-de, ol okuw sapaklaryna ýetişerdi, pursat tapsa ene-atasyndan howatyrlanyp, gizlinlikde surat çekerdi, kitap okardy, üste-üstüne onda şygyr ýazmak ukyby, çagalyk ylhamy peýda bolupdy. Meläniň üýtgeşik zehinine hojalyk aladalary bilen bolup ýören maşgalada aýratyn üns berilmese-de, ol bir-de ýazyp, bir-de surat çekmesini ýene dowam edýärdi. Emma onuň zehininiň üýtgeşikdigini duýýan ejesiniň, perzendiniň gelejekde tanymal bolmagy hakyndaky mähirli garaýyşlary çäksizdi. Onuň perzendine bolan umytlaryny, arzuwlaryny nurana gözlerinden okasa bolýardy. Okuw sapaklaryny okaman, galam kagyza ýapyşýandyr pikirde bolan kakasynyň käýinen wagtlary hem az bolmandy. Emma Mele maşgalada ata-enäniň aýdanlaryndan çykmazlyk terbiýesinde ýaşansoň, köp halatda dymmaklyk onuň üçin iň gowsudy.

Ol hususan-da Magtymgulynyň goşguly kitabyny köp okardy, ondaky goşgy setirleriniň manysyna düşünjek bolardy, gaýtalap ýene okardy. Öz çagalyk duýgulary bilen Pyragynyň kitapdaky suratkeş tarapyndan şekle geçirilen keşbini synlap, ony kagyz ýüzünde öz eli bilen meňzedip çekerdi, soň-soňlar ýatdan çekmegi hem başarypdy. Bir gezek mekdepde surat sapagyndan okadýan mugallym Meläniň surat çekmäge ukybynyň bardygyny bilip, tagta çagyrdy. Eline ak heki berip, tagtada tebigat bilen baglanyşykly surat çekmegini tabşyrdy. Sapagyň temasy hem şonuň bilen baglanyşyklydy. Ol biraz tagtaň öňünde pikirlenip, ýaýdanyp durdy. Mugallym bolsa aljyramasyn diýip, ýerine geçip, öz işleri bilen bolupdy. Dym-dyrs bolup oturan okuwçylar, tagtada üýtgeşik bir zatlar görmäge garaşýardylar. Tagtada bulutlaryň, şöhle saçyp duran Günüň, dagdan akyp gelýän derýanyň, bagy-bossanlygyň, asmanda erkana uçýan guşlaryň şekilleri peýda boldy. Suraty çekip bolan Meläni gören mugallym, haýran galyjylyk bilen ýylgyryp, onuň arkasyna kakyp:

- Berekella! Sen geljekde tanymal suratkeş bolarsyň belki! Beh, bulary gabatlaşdyryp çekişiňi diýsene, getir gündeligiňi iki bäşlik saňa - diýip, ony bahalandyryp, höweslendiripdi. Onuň tagtadaky çeken suraty bolsa, çaganyň aňyna ornaşan Pyragynyň käbir setirleriniň beýanydy. Şondan soň surat dersinden tagtada surat çekmeklik synpda diňe Meläniň paýyna düşüpdi. Synp sagadynda bolsa mugallymyň tertip boýunça okuwçylardan birin-birin ýerinden turzup, ulalaňsoň kim bolmaklyk barasyndaky soragynyň nobaty Melä gelende, onuň aşak seredip heniz aňynda aýlaýan pikirlerini jemläp ýetişmänkä:

- Suratkeş! suratkeş! - diýşip, synpdaşlarynyň köpçülik bolup joşgunly sesleri bilen özünden öňürti gygyryşan sesleri, onuň üçin üýtgeşik ýatlama bolup galypdy.

80 ýaşly enesi Ogulgözel enäniň aýdyp berýän Magtymguly Pyragynyň ömri hakyndaky eşiden gyzykly gürrüňleri, taryhy wakalary Meläniň aňyna ornaşyp, geçmişe bolan özboluşly gyzyklanmany döredýärdi. Şahyryň öz ilini agzybirlige, bütewilige, halallyga, dogrulyga çagyrýan parasatly setirlerine, çagyryşlaryna gowy düşünýärdi. Ýaşajyk bilesigelijiniň pikire çümüp ümsüm oturyşyna, onuň göz öňünde Pyragynyň keşbi janlanýardy. Çaga bolsa-da daşarda oýnap ýören oýnuny taşlap gelip, aýdyp berýän taryhy hekaýatlaryna imrinýän agtygynyň başyny sypap, häli-şindi söýgüläp «Meleje guzym melkildär, goýun yzynda selkildär» diýip gaýtalardy. Mele, malyň yzynda ýazyň mymyk şemalyna ygşyldaýan gyrtyçlary, gül-gülälekleri, obany etekläp oturan Köpetdagyň gerişlerini, gadymdan galan depe-galalary, ýaz çagbasyndan soň dagdan akyp gelýän derýanyň tolkunly silini synlardy. Özüçe pikirlenip, şahyryň şygyrlarynda bu görýänleriniň ählisiniň waspynyň bardygyna düşünerdi, begenerdi. Çyny bilen gygyryp, şahyryň goşgularyndan ýat tutan bentlerinden:

Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň
Gül-gunçasy gara gözüm garasy
gara dagdan iner sili türkmeniň

Ýa-da:

Dogdy asmanyň zöhresi
Çyn aşyga döwran bu gün
Açyldy zemin lälesi
Yşbu dünýä reýhan bu gün

ýaly setirleri uly joşgun bilen aýdardy. Mallar gyrtyçdan doýup, ýaýraşyp güneşläp ýatýan, owlak-guzular bolsa bökjekleşip oýnaýan çaglary ol obanyň töwereginde gadymdan galan galalara ýakynlap, bölek diwarlaryny sypap, gyzyklanma bilen syn ederdi. Ylgap baryp, üstünden köp asyrlary geçiren depä çykyp, küýze döwüklerini üýşürip, ondaky şekilleri içgin synlardy.

Seýil edeliň bu jahana
Jahanda näler görner
Isgender, Jemşit saldyrgan
Beýik binalar görner

diýip, depäniň çür depesinden göýä dünýäni görýän mysaly, daş-töwerege syn edip, küýze döwükleriniň birini eline alyp, syrçaly tarapyny Güne tutup, ýalpyldysyna haýran galyp, ýene-de şahyryň setirlerine dolanýardy. Onuň şol mal bakýan wagtlaryndaky depeden tapan küýzesi hem oňa uly şatlyk getiripdi, ylhamyna hem oňyn täsir edipdi. Ol tapan agzy biraz döwlen, ýöne süňňi abat galan küýzesini torba salyp, mekdebiň taryh mugallymyna eltip beripdi. Ýaşuly mugallym munuň bu işine begenip, Meläni hem ýanyna alyp, küýzäni mekdep muzeýiniň köne tapyndylarynyň hatarynda goýupdy. Soňra mugallym:

- Sen seresaplylyk bilen göz gezdiriber bu zatlara, bular gaty gymmatlydyr biz üçin, hanha ol diwardaky asylgy duran halyça hem seniň eneň dokan portret halysy, seniň ataň hem obamyzyň ilkinji mugallymlaryndan biridi, bizem okadypdy. Ogulgözel ene bolsa bu halyny ýörite mekdep üçin dokapdyr, mekdep muzeýimiz açylanda özi getirip, sowgat beripdi - diýip, ýylgyryp çykyp gidipdi. Mele ol ýerden birbada yzyna çykasy gelmedi, sebäbi halyçy enesiniň dokan ol portret halysyny ilkinji gezek görüpdi, begenipdi. Portret halyda Magtymguly Pyragynyň keşbi dokalandy. Ýöne ol portret halyçanyň taryhy tapyndy bolmasa-da bu ýerde goýluşy ony az pikirlendirmedi. Aslynda ol halyçanyň asylan diwarynyň aşagynda Pyragynyň ýaşan döwrüne gabat gelýän gap-gaçlar, atyň eýeri, ýüň daragydyr kümüş şaý-sepleri bardy. Muzeýdäki köp görnüşli taryhy tapyndylar, onda-da obanyň ýaşaýjylary tarapyndan ýygnalan gymmatlyklar onuň ünsüni özüne çekip durşuna, ol mugallymyň gapydan girenini hem aňmandy. Mugallym bolsa onuň bu zatlara syn edip, gyzyklanmasynyň bardygyna düşünip:

- Sen bu zatlary islän wagtyň görüp bilersiň, sen ulalsaň belki arheolog ýa taryhçy bolarsyň, onda-da dünýä belli, ýöne häzir müdir ýygnak etjek diýdi, saňa sagbolsun aýtjaklar - diýip, ony mekdebiň agzynda guralan ýygnaga alyp barypdy. Şol günki minnetdarlyk ýygnagyndaky öwgüli sözler, mekdep müdiri tarapyndan sowgat berlen türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgular ýygyndyly kitaby ony has-da ganatlandyrypdy. Hamala diýersiň ol şol gün taryhy açyş edene dönüpdi. Onsoň ýaşajyk Meläniň ylhamynda, aňyndaky pikirleri gysgajyk goşgy setirlerine öwrüliberýärdi. Akyldarymyzyň paýhasly keşbi bolsa, onuň göz öňünde biygtyýar janlanmagyny dowam edýärdi...

Meläniň esasy arzuwlarynyň biri-de oba mekdebini tamamlap, paýtagtymyzdaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän ýokary okuw mekdebine okuwa girmekdi. Meläniň bu arzuwy hasyl hem bolupdy. Ol bu ýokary okuw mekdebinde 4 ýyl okady, saýlan ugry hem zehiniň açylmagynyň, kämilleşmäge çagyrýan ak ýoluň edil özüdi. Okan döwürleri halypa ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, professorlaryň, Magtymgulyşynaslaryň sapagyny aldy. Ýaş galamgäriň kem-kemden ýazýan öwüt-ündew beriji eserleri peýda bolup başlapdy. Ol ýokary okuw mekdebiniň birinji ýylyndaka halypa mugallymlaryň çagyryşy esasynda, şygyr ýazmak bilen meşgullanýan talyp deň-duşlary bilen bir hatarda «Edebiýat agşamyna-da» gatnaşypdy. Onuň öz ýazan goşgusyny okamaklyga nobaty ýeteninde ýerinden turup, halypalaryň öňünde ilkinji gezek tolgunma bilen, ine şeýle setirler bilen başlanýan goşgusyny okapdy:

Isle sen alym bol, isle sen şahyr,
Isle sen aşyk bol, Mejnun ýa Tahyr.
Bagşy bol, daýhan bol, dünýede ahyr,
Bir alamat döredip git adamzat!

Şonda goşgyny okap bolanyndan soň, nähili bellik etjekdiklerini pikirlenip elini owkalap duran Meläniň bu setirlerine ýygnanyşygy alyp barýan professor mugallymyň gapdalyndaky halypa mugallym ýuwaşlyk bilen gürleşenlerinden soňra joşgunly gülküsi bilen, süýem barmagyny biraz ýokary galdyryp:

- Be munuň ediberişini diýsene, munda birzatlar bar, berekella, ýazyber, haýdaber! - diýen ruhlandyryjy sözleri onuň gulagynda hemişelik goldaw beriji, ugrukdyryjy ündew bolup galypdy. Esasy zat, ol Magtymguly Pyragyny çagalyk ýyllaryndan bäri öz ruhy atasy, onuň eserlerini bolsa özüniň ruhy gollanmasy hasap edipdi.

Ol döwürden birnäçe ýyllary geçiren şol oba oglany, türkmeniň berkararlygyny, agzybirligini arzuw eden Pyragynyň arzuwlarynyň hasyl bolmagyny, şahyryň şan-şöhratynyň dünýä ýüzünde has-da dabaralanmagyny arzuwlap, umyt bilen zähmet çekipdi. Saýlan döredijilikli kärinde, galamyň astynda Magtymguly Pyraga bagyşlap hem-de şahyryň döredijiliginiň temalaryna salgylanyp, birnäçe eserleri döredipdi. Bu günki gün bolsa onuň eden şol umytlary ýerine düşdi. Şahyrymyz türkmeniň beýik akyldary bolup, bütin adamzat şahyry hökmünde ýer ýüzünde has aýdyň tanalmagy halkymyz bilen birlikde Mele agany hem çäksiz buýsandyrdy. Ajaýyp zamanamyzda Magtymguly Pyragynyň hormatyna guralýan maslahatlar, medeni çäreler bimöçber bolup, diňe ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň çar tarapynda hem dowam edýändigi ony has-sa tolgundyrdy. Çagalyk arzuwlarynyň hasyl bolan häzirki ajaýyp zamanasyndan hoşal bolup, ol hyýalyndaky hasyl bolan arzuwlary üçin Gahryman Arkadagymyzdan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan hoşal bolup, hoşniýetli gadamlary bilen şygryýet menzilinden ýöreýän galamgär, şahyryň hormatyna döredilen, dünýäni haýrana goýýan, Köpetdaga ýaraşyp duran ýadygärlige golaýlap, oňa buýsanç bilen bakdy.



Allaberdi Begmyradow