Illerimiz nurana
Geçmişine buýsanjy, nurana geljegine beýik ynamy bolan halk bagtlydyr. Biz şeýle bagtdan paýly halk. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bar. Agzybir halkymyz asuda, abadan durmuşda eşretli ýaşaýşyň hözirini görüp ýaşaýar. Halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen ähli amatlyklar döwletimiz tarapyndan üpjün edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde günlerimiz rowaçlyklara beslenip, ýurdumyzyň toýlary toýa ulaşýar.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyz hem taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bu ýylymyzyň naýbaşy baýramlarynyň biri — hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň baýramçylygy ýakynlap gelýär. Uly ruhubelentlige beslenjek bu baýramçylyk halkymyzyň jebisliginiň, ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen dostluk-doganlyga ygrarlylygynyň, birek-birege ynanyşmak esasynda ygtybarly hyzmatdaşlygynyň dabaralanmagynyň baýramydyr.
Hemişelik Bitaraplyk—ýurdumyzyň dünýäde ykrar edilmegine buýsanjymyzyň baýramydyr. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda gadymdan gelýän milli ýörelgelerimiz, dostluk-doganlyk, agzybirlik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyz Ýer ýüzünde dabaralanýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda amal edilýän tutumly işler hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryndan gözbaş alýar. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary abraýly halkara guramalary tarapyndan goldawa eýe bolýar.
Döwlet Baştutanymyz sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Bitarap ýurdumyz häzire çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Türkmenistan halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen bir hatarda halkara konwensiýalaryň, şertnamalardyr beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň hem 150-den gowragyna gatnaşýar.
Biz Birleşen Milletler Guramasy,Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Aziýa hem-de Ýuwaş umman sebitleriniň döwletleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlary bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris» diýip belledi.
Halkymyzyň bir supranyň başynda jem bolmagy Berkarar döwleti arzuwlan akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň arzuwlarynyň amala aşandygyny aýan edýär.
Aýlar TAŇRYKULYÝEWA