Türkmenistan dünýä jahankeşdeleriniň üns merkezinde


Türkmenistan dünýä jahankeşdeleriniň üns merkezinde



Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly özüniň ajaýyp wakalary bilen ýurdumyzyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup gelen mähriban topragymyz, eziz ýurdumyz häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halklar arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny üpjün edýän möhüm köpri bolup durýar.

Dünýä tejribesinde syýahatçylyk pudagy iň çalt depginler bilen ösýän ugurlaryň biridir. Bu ýagdaý biziň ýurdumyzda hem şeýle bolmagynda galýar. Bu günki günde syýahatçylyk kärhanalary dolulygyna diýen ýaly hususy ulgamda iş alyp barýarlar. Şu ýylyň 17-18-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda geçirilen birleşmäniň sergisine syýahatçylyk kärhanalarynyň köp sanlysy gatnaşdy. Munuň özi syýahatçylyk kärhanalaryny döwletden aýyrmak boýunça 2019-njy ýylda geçirilen çäreler bilen baglylykda işleriň durmuşa geçirilendigi bilen bagly ýagdaýdyr, olar bellenilen tertipde hususylaşdyryldy, hususylaşdyrylan syýahatçylyk kärhanalaryny dolandyrmagy utgaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagynda «Rowaçsyýahat» syýahatçylyk kärhanasy döredildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, hususy telekeçiligiň bu ulgamyň işiniň ösdürilmegine, şol sanda onuň sanly ulgama geçirilmegine çekilmegi syýahatçylyk hyzmatlarynyň eksportynyň ösdürilmegine ýardam berer, halkara jemgyýetçiligiň ýurdumyzyň syýahatçylyk ugurlarynyň ählisi barada maglumatlara elýeterliligini üpjün eder. Bu ugurda işjeň işleri alyp barýan «Owadan syýahat», «Durdynyýaz», «Oguzabat», «Güneşli syýahat», «Rowaç-AB», «Atlaz», «Aýan», «Dag syýahat», «Halkara dostluk», «Haryt syýahat», «Nurana Aý», «Zehin» syýahatçylyk kärhanalary nobatdaky sergä gelenlere öz alyp barýan işlerini giňden açyp görkezdiler hem-de ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada baý maglumatlary ýetirdiler. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde syýahatçylaryň ünsüni özüne çekjek, gyzyklanma döredýän, taryhyň çuňluklaryndan biziň günlerimize çenli gelip ýeten taryhy ýadygärlikler, tebigatyň döreden gözel ýerleri, dünýä meşhur şypahanalar bar. Ekologiýa syýahatçylygy, zyýarat syýahatçylygy, şypahana syýahatçylygy ýaly syýahatçylygyň görnüşleri häzirki wagtda ileri tutulýan ugurlara öwrüldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlary üçin dostluk derwezesi bolup, yklymlary biri-birine ysnyşdyrýan, halklary doganlaşdyrýan döwlete öwrüldi. Halkymyzyň myhmansöýerlik, dostanalyk ýaly ajaýyp häsiýetleri bu gün bize gelýän daşary ýurt raýatlarynda ýakymly ýatlama galdyrýar. Ýurdumyzyň ähli sebitleriniň özboluşly aýratynlygy, gaýtalanmajak gözelligi ýurdumyzda syýahatda bolýan dünýä ýurtlaryndan gelýän jahankeşdeleriň ýiti nazaryndan sypmaýar. Ahal welaýaty özüniň özboluşlylygy, gadymy şäherleriň, galalaryň saklanyp galan ýeri hökmünde tanalýar. Welaýatyň çägindäki Arçman we Ýyly suw şypahanalary has meşhurlyga eýedir. Bu ýerde her bir raýatyň saglygyny berkitmegi, döwrebap dynç almagy üçin ähli şertler döredilendir. Ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň, taryhçylaryň ünsüni bada-bat özüne çekýän, Bäherden etrabynyň dag eteklerinde ýerleşýän, tutuş ýylyň dowamynda özüniň 33 — 38 derejeli ýyly suwy bilen tapawutlanýan «Köwata» ýerasty köli türkmen tebigatynyň täsin künjekleriniň biri hasaplanýar. Welaýatyň çägindäki ak bugdaýyň Watany hasaplanýan Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän Seýit Jemaletdin ýadygärlikler toplumy, Kaka etrabyndaky «Abiwerd» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri, Mälik babanyň,

Mäne babanyň aramgähleri, Abul Fazlyň — Sarahs babanyň aramgähi giň meşhurlyga eýedir. Ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň çägine girýän Dehistandaky «Maşady-Misserianyň» ýadygärlikleri, Magtymguly etrabynyň gözel tebigaty, şeýle-de welaýatyň çägindäki zyýarat syýahatçylygy bilen baglanyşykly ýerler köpsanly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Welaýatyň Türkmenbaşy şäherinde gojaman Hazaryň kenarynda döredilen, häzirki wagtda «Gündogaryň şypahana merjeni» adyna eýe bolan, özüniň möçberi hem-de ähmiýeti boýunça ägirt uly taslama hasaplanýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu ýere baryp görenlerde uzak wagtlap ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Ýurdumyzyň Mary welaýaty hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy şäherlere hem-de ýadygärliklere baý welaýatlaryň biridir. Baýramaly şäherinde ýerleşýän «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän köpsanly galalar — Soltangala, Gäwürgala, Erkgala, Şähriýargala, Isgendergala hem-de kiçi Soltangala, Şaýymgala, Soltan Sanjaryň aramgähi, Uly we Kiçi gyz galalary, Muhammet Ibn Zeýdiň aramgähi ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun tapan ýadygärliklerdir. Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň çäginde hem geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy şäherleriň galyndylary biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Taryhyň çuňluklaryndan gözbaş alyp gaýdýan bu ýadygärlikler syýahatçylyk nukdaýnazaryndan düýpli öwrenilmäge mynasyp ýerlerdir. Welaýatyň çäginde ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýy, gadymy Amul galasy, Astanababanyň, Alamberdaryň kümmetleri, Halaç etrabynda ýerleşýän türkmeniň beýik akyldary hem şahyry Magtymguly Pyragynyň okan Idris Baba medresesi syýahatçylyk babatda giň mümkinçilige eýedir. Welaýatyň Köýtendag etrabyndaky Dinozawrlar ýapgydy, Hojapil ata platosy, Gaýnar baba çeşmesi, Gülşirin, Gapgotan, Daşýürek aralyk ýaly 40-a golaý gowagyň saklanyp galmagy syýahatçylar üçin bu ýeriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Daşoguz welaýaty hem taryhy ýadygärliklere baý künjek. Welaýatyň Köneürgenç etrabyndaky «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikler hem ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun tapan gymmatlyklardyr. Törebeg hanymyň kümmeti, Gutluk Temiriň minarasy, Soltan Tekeşiň, Il-Arslanyň, Nejimetdin Kubranyň, Soltan Pirýar Weliniň, Soltan Alynyň aramgähleri ýerli ýaşaýjylar bilen birlikde dünýä ýurtlaryndan gelýän syýahatçylarda hem uly gyzyklanma döredýär. Parahatçylygyň we asudalygyň mekany Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara dost-doganlyk mekany bolup, ol halkara syýahatçylyk bazaryna işjeň goşulyşýar. Şöhratly taryhymyzy özünde jemleýän ýadygärliklere, döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerine baý eziz Diýarymyzyň şan-şöhraty bu gün älem-jahana dolýar.

Parahat MERETLIÝEW