Eser gahrymanlarynyň mertebesi Ussat ýazyjy Beki Seýtäkowyň eserlerinde Taryhy şahsyýetler dogrusynda


Eser gahrymanlarynyň mertebesi Ussat ýazyjy Beki Seýtäkowyň eserlerinde Taryhy şahsyýetler dogrusynda



Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkowyň döredijiligi dogrusynda söz açylanda, onuň eserleriniň aglaba böleginiň taryhy temada döredilendigini aýtman geçmek bolmaz. Ýazyjy Beki Seýtäkowyň döreden eserlerinde halkyň arasynda ýaşap geçen birnäçe taryhy şahsyýetleriň çeper keşbi ussatlarça suratlandyrylypdyr. Munuň şeýledigine ýazyjynyň döreden eserlerine ýüzlenmek arkaly göz ýetirmek mümkin. Çeper sözüň zergäri Beki Seýtäkowyň eserlerinde gürrüňi edilýän taryhy şahsyýetleriň biri türkmen ruhunyň almaz täjine öwrülen Magtymguly Pyragydyr. Ýazyjy Magtymguly hakyndaky ýazan hekaýalarynda Etrek-Gürgen sebitleriniň tebigatyny, onuň gözelligini ussatlyk bilen suratlandyryp, şahyry söz ussady hem-de ökde zergär edip görkezýär. Halkyň arasynda Magtymgula goýulýan sarpany, onuň adynyň hormat bilen tutulyşyny ýazyjynyň eserinden getirilen aşakdaky jümleler hem tassyklaýar: «...Hemmeler oňa baş egerdiler. Hemmeler onuň adyny tutanlarynda özlerini uly mertebeli adam diýip hasaplaýardylar. Halkyň dilinde ol özüniň deňindäki adamlara meňzemän, boljagy, geljegi bilýän weli ýaly edilip suratlandyrylýardy. Ol adam Magtymguly...».
Beki Seýtäkowyň okyjylar tarapyndan söýlüp okalýan eserleriniň ýene-de biri «Tylla, seniň yşkyňda» atly eseridir. Bu eserde iki sany päk ýürekli ynsanyň birek-birege bolan söýgüsi hakynda gürrüň berilýär. Eseriň halk tarapyndan söýlüp okalmagynyň ýene-de bir sebäbi, powestde XVIII asyr türkmen edebiýatynyň wekili Abdylla Şabendäniň çeper keşbiniň suratlandyrylmagydyr. Eserde Şabende ussat şahyr, ökde seýis, öz döwrüniň iň bir sowatly adamy edilip görkezilýär. Powestde ýene-de Kemine, Talyby ýaly türkmen edebiýatynyň ägirtleri dogrusynda gürrüň edilip, olaryň keşpleri çeper suratlandyrylýar. Ýazyjynyň bu powestini okan her bir okyjy edebiýatymyzda döredilen birnäçe ajaýyp goşgularyň döreýiş taryhy bilen hem tanyş bolýar.
Ussat ýazyjy «Gahryman» atly poemasynda öz döwrüniň gahrymany, mert, batyr türkmen ýigidini — Annagylyç Ataýewi wasp edýär. Poemada aýdylyşyna görä, ol ýazyjynyň çagalyk dosty hem obadaşy bolupdyr. Eserde Annagylyç Ataýew adamkärçilikli, zähmetsöýer, mydama öz halkynyň gowy durmuşda ýaşamagy üçin jan çekýän keşpde görkezilipdir. Ol ýaşlykdan dünýäniň köp-köp ýurtlaryna gidip, seýran etmegi arzuw edipdir. Gahrymanyň arzuw edişi ýaly, onuň at-owazasy Ýewropa, Kawkaz, Pariž... ýaly ýerlere çenli ýetipdir. Poemada Annagylyç Ataýewiň halky hat-sowatly etmek üçin edýän işleri hormata mynasypdyr. Eseriň soňunda baş gahrymanyň keşbinde çykyş edýän gaýduwsyz Annagylyç Ataýew söweş meýdanynda wepat bolýar. Bu ýagdaýy awtor türkmen halkynyň ebedi edermenligi hökmünde suratlandyrýar.

Beki Seýtäkowyň taryhy şahsyýetlere bagyşlap ýazan eserleriniň biride «Şahyr» powestidir. Ýazyjy bu eserinde halkyň söýgüsini gazanan Durdy Gylyç şahyryň çeper keşbini suratlandyrypdyr. Edebiýat äleminde ady hormat bilen tutulýan Durdy Gylyç XX asyryň başlarynda edebiýat meýdanyna gelen şahyrlarymyzyň biridir. Onuň durmuşyň dürli meselelerine degişli ajaýyp goşgulary halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazandy.
Beki Seýtäkowyň öz döwürdeşi, meşhur şahyr Durdy Gylyç hakynda eser döretmegi ýöne ýerden däl. Sebäbi ýazyjynyň Durdy Gylyç bilen bir etrapda — Tagta etrabynda ýaşap, onuň bilen ýakyn aragatnaşyk saklandygyny, şahyryň goşgularynyň geljekki ýazyja uly täsir edendigini aýtmak gerek. Ýazyjynyň «Şahyr» powestinde Durdy Gylyjyň heniz dünýä inmedik pursatlaryndan wakalar suratlandyrylyp başlanýar. Şahyryň kakasy Gylyç uzynyň gün-güzerany eseriň başynda görkezilýär. Şeýle maşgalada dördünji perzent dünýä inýär. Durdy Gylyç ýaşlygyndan mama keseline ýolugyp, görmekden mahrum bolupdyr. Durdynyň sezewar bolan kysmaty ony köplenç garrylaryň ýanynda bolmaga, olaryň gyzykly gürrüňlerini, ertekilerini diňlemäge mejbur edipdir. Olardan ertekiler geňenaýy nakyllar, rowaýatlar eşidipdir. Magtymgulynyň goşgularynyň birnäçesini ýatdan öwrenipdir. Hut şu ýagdaýyň özi onda çeper sözüň güýjüne bolan ynamy oýarypdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde edebiýatymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran ýazyjy-şahyrlarymyzy, olaryň döredijiligini içgin öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Biz çeper edebiýatymyza, geçmiş-taryhymyza hemişe buýsanyp ýaşaýarys. Munuň üçin bolsa hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Enegül ŞALLYÝEWA