Owadan gül


Owadan gül



Kitabymy okap başlanymda, asmana gol bulap, howalanyp duran garry çynar agajynyň aşagyndaky oturgyçlarda menden başga adam ýokdy. Birhili bu dünýäniň gurluşyna akyl ýetirjek bolup oý-pikirleriň holtumyna düşenimi hem bilmän galypdyryn. Kalbyma çöken labyrdan baş çykaryp bilmän durkam birdenkä bir çagajyk golaýyma geldi. Ol göni gabadyma geçip, begenç bilen:
— Meniň tapan zadymy görsene — diýdi.
Çagajygyň elinde süllerip, gurap ugran gül bardy.
— Bar oýnaber — diýip, ony ugratmakçy boldum. Emma ol ýüzüme ýylgyryp seretdi-de ýanymda oturdy.
— Gör, bu gülüň nähili ajaýyp ysy bar. Özi hem şeýle bir owadan. Ine, ony şonuň üçin gopardym... Siziň üçin — diýip ýüregindäkini aýtdy. Güle gül diýmäge dilim barmasa-da, ony almalydym. Ýogsam, çagajygyň meniň ýanymdan gitmejegini bilýärdim.
Elimi güle uzadyp:
— Bu gül tüýs meniň isleýän gülüm-dä diýip, ony almakçy boldum. Çagajyk kör ekeni. Oňa şeýle owadan güli getirip bereni üçin sag bolsun diýmekçi bolanymda, agym ýüregime dolup dilim tutuldy. Gözlerimden dökülen ýaşlar, Gün şöhlesine buldurap gitdi.
Ol:
— Hökman däl — diýip, ýylgyrdy-da meniň ýanymdan uzaklaşdy. Ol meniň kalbymda nähili yz galdyranyndan bihabar, öz oýnuna gümra boldy.
Ol çagajygyň, garry çynar agajynyň, öz-özüne nebsi agyrýan bir kempiri görşüne haýran galdym. Meniň öz-özümi iteren bu derdimi ol nädip aňaýdyka!
Belki, ol bu hakykaty özüniň kalby bilen görendir...
Batyl çagajygyň gözlerinden şulara düşünip galdym: mesele dünýäde däl asyl mesele mendim, özümdim. Başga wagtlar men edil kör ýaly hereket edipdirin. Şol gün, durmuşyň gözelligini görmäge maňa peşgeş berlen her sekunt ömrümi guwanyp ýaşamaga uly güýç berdi. Men hoşboý gülüň hoşboý ysyny dartdym.
Çagajygy synlap otyrkam öz-özüm ýylgyrdym: Ol ýene bir gül bilen başga bir kempiriň durmuşyny üýtgetmäge barýardy.

Gurbanmuhammet ÇARYÝEW