Şanly toýumyzyň mertebesi


Şanly toýumyzyň mertebesi



Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Ine, şeýle kuwwatly Watanymyzda şöhratly türkmen halky erkana, agzybir, abadan we parahat durmuşda ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlap gelen mukaddes gymmatlygymyzdan — döwlet Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar.
Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny uludan toýlar. Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerimli özgertmeleriň we taryhy ähmiýetli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýän ýurduna öwrülen Türkmenistan häzirki wagtda ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işlerden ruhlanýan halkymyz bolsa ýokary zähmet üstünlikleri bilen bu şanly baýramçylyga taýýarlyk görýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy belleniljek 2021-nji ýylyň şygarynda parahatçylyk we ynanyşmak sözleriniň bolmagynyň hem özboluşly manysy bar. Çünki parahatçylyk, birek- birege hormat goýmak, özara ynanyşmak, dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk halkymyzyň ata-baba asylly ýol-ýörelgesidir. Munuň özi parahatçylyk söýüjiligiň we ynanyşmagyň baý tejribesini toplan türkmen halkynyň üçünji müňýyllykda hem ony durmuşa geçirýändigini görkezýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň dünýä ýaň salýan şan-şöhratydyr, türkmeniň milli buýsanjydyr. Muny özbaşdaklygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler hem doly subut edýär. Bu barada döwlet Baştutanymyz: «Türkmenistanyň iň täze taryhynda biziň ýetýän belent sepgitlerimiziň we gazanýan üstünliklerimiziň, mähriban halkymyzyň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ajaýyp esasy bar. Ol bolsa döwlet Garaşsyzlygymyzdyr!» diýip, aýratyn nygtaýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz bizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýetirdi. Bu döwür — şöhratly halkymyzyň we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mertebesiniň dünýä derejesinde belende göterilýän iň täze taryhy eýýamy. Bularyň ählisiniň gözbaşynda bolsa hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap beýik ösüşleriň binýadyny goýan tutumly başlangyçlary dur. Milli Liderimiziň tagallalary bilen agzalan döwürde amala aşyrylan giň gerimli özgertmeler ýurdumyzda ähli ugurlarda üstünlikleriň gazanylmagyna mümkinçilik berdi. Olaryň netijesinde ata Watanymyz Türkmenistan kuwwatly senagat döwletleriniň birine öwrüldi, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşant goşýan ýurt hökmünde tutuş dünýäde ykrar edildi.

Orazbibi BALLYÝEWA