Nagyşlar dünýäsinde


Nagyşlar dünýäsinde



Paýtagtymyzyň türkmeniň dokma harytlaryna ýa-da bolmasa, gyz-gelinlerimiziň çeper el işleriniň önümlerine ýöriteleşdirilen dükanlarynyň haýsy birine barsaň, gözüňi gamaşdyryjy gözellikleriň «ýesirine» öwrülýärsiň. Golaýda harytlary göwünlere ylham berýän şeýle dükanlaryň birine barmak miýesser etdi. Keşdede, gaýmada, tarada, basmada..., garaz, türkmen zenanlarynyň döredijiligine mahsus ussatlykda ýerine ýetirilen eserleriň her birinde eziz Diýarymyzyň gül-gülälekli ýaýlalaryny suratlandyrýan giň gözýetim janlanýar. Nepislik bilen keşdelenen gültahýalar, gaýmalara beslenen ýakalar, daş-töweregine ýalkym paýlaýan ajaýyp kürteler, üstünden ýyllar, asyrlar geçse-de, «syrlar adasyndan» geljege dür saçýan al-ýaşyl öwüşginli düýpli gyňaçlar... Bu nepis gözellikler mähriban käbelerimiziň nusgalyk çeper ýolunyň dowamaty, şu günki türkmen zenanynyň zähmetsöýerliginiň, inçe işe berlendiginiň güwäsi.
— Gör-ä muny! Nagyşdaky sazlaşygy diýsene! Gaty bir üns bermeseň, duýjak gümanyň ýok. Gadymy nagyşlarda bagtyýar şu günümizi lowurdatmak diňe biziň türkmen gelin-gyzlarymyza mahsusdyr — diýip, elindäki keşdeli ýakany içgin-içgin synlap duran zenan maşgala buýsançly gürledi. Soňra tutuşlygyna gül pürkülen lälezarlygy ýada salýan, nagyşlary ýaşaýşyň dowamlylygyny, gözelligini alamatlandyrýan gültahýalaryň birini eline aldy-da: — «Ýylanagyz», «tegbent», «egrije», «akgaýma» — bu nagyşlar tahýalarymyzyň esasy hem ýörgünli nyşanlarydyr. Jähegi, erňegine tutulýan ýüpi, iç ýüzüniň işligi, garaz, ondaky her bir aýratynlyk tahýanyň ykjamlygyna, şonuň bilen birlikde-de, ony geýen ynsanyň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen alamatlardyr. Ynha, täze okuw ýyly-da ýetip gelýär. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan gyzlarymyzyň görküne gözellik goşjak bu tahýalar milli mirasymyzyň baýlygydyr — diýip, kalpdan çykýan buýsanjyny paýlaşdy. Onuň nagyşlar baradaky söhbedinden el işinden başy çykýan ussat tikinçidigini aňmak kyn däldi.
— Türkmen zenanyna baha berjek bolsaň, döreden keşdedir nagyşlaryny synlaýmalydyr. Synladygyňça-da, olaryň çeperligine göz ýetirersiň. Ussatlarça döredilen nagyşlar bilen owadan taryhy dünýä syýahat edersiň.
Onuň bu gözelliklere baha berşinden-ä dörediji sungat adamydygyny bilibermeli. Ol — Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyň eýesi Annabibi Islamowa.
— Döredýänem, öwretmek bilen birlikde öwrenmegi-de dowam edýän. Könelerimiz aýdypdyrlar-a: «Öwrenmegiň aňyrsy ýokdur» diýip. Terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan türkmeniň el işini öwrenmek onuň taryhyna ser salmakdyr. Taryhyny ajaýyp nagyşlar bilen beslän ene-mamalarymyzyň çeper ýoluny yzarlasaň, gaýtalanmajak, özboluşly sungatyň üstünden bararsyň. Owadan çekilen keşdelerde, ussatlyk bilen bejerilen gaýmalarda olaryň kalbynyň owazy ýaňlanýar. Ýüreklerinde synmaz orun alan arzuwlary seslenýär. Nagyşlara baglanan ol arzuwlardyr owazlar zenan dünýäsiniň zynatydyr. Ene-mamalarymyzyň gadymy döredijilik ýolunyň, çeper el işleriniň teşnesi men.
Aňy-küýi, durky-ýüregi bilen sungat dünýäsinde ýaşaýan bu zenan Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam bölüminde talyplara halyçylyk ugrundan sapak hem berýär. Halyçylyk bilen birlikde keşde, gaýma, köjüme, pugtama, basma, jähek, alaja ýaly elde ýerine ýetirilýän inçe işler dogrusynda-da gyz-gelinlerimize öwretmekden lezzet alýandygyny höwes bilen gürrüň berýär.
Söhbedimizi onuň döredijilik ýoluna syrykdyrmak isledim.
— Annabibi, milli mirasymyzyň dürler dünýäsine gelmegiň dogrusynda gürrüň beräýseň. Çünki käbir ussat tikinçiler biriniň halypalygynda hünär edinse, käbir ezberler söýen kärinden özi baş alyp çykýar...

— Biz — üç aýal dogan. Üçimiz hem türkmeniň el işleriniň ähli görnüşini ele aldyk. Çünki ejem el işlerine berlendi. Ol köpüň adamydy. Aýal-erkek, çaga egin-eşiklerini biçmek, tikmek üçin goňşy-golamlar ejemiň ýanyna maslahata gelerdiler. Hersiniň biçiliş-tikiliş aýratynlygyna göz ýetirip, ejeme alkyş aýdyp giderdiler. Haly, palas, keçe edinjekler-de näçe möçberde ýüňüň ýa-da ýüplügiň gerek boljagyny anyklamak üçin öýe gelip, ejemden ak pata alardylar. Gyzlar bukjalaryna atmak üçin ýörite jorap sargyt ederdiler. Olar häzirem: «Ene daýzamyň ören jorabyny şu güne çenli sakladym. Nesip bolsa, indem gyzymyň bukjasyna bezeg berýär» diýip, ejemi ýatlaýarlar. Ejem çagalaryny birjigem ünsden düşürmedi. Üçimize-de haly-palas dokamagyň, keçe bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmegiň, tikin-çatynyň ähli inçe tilsimlerini edil öz başaryşy ýaly öwrenýänçäk, eli-gözi bizde boldy. Haýsy iş bolsun, birje näsazlyga ýol berdigimiz, söküp, täzeden başlamagy buýrardy... Azaply işimiziň netijesine bilelikde guwanýardyk. Zähmeti gudrat hasaplaýan zenanlarymyz bar. Olar bütin ömrüne çeken zähmetiniň netijesinden lezzet alyp ýaşaýarlar, çeperçiligi mizemezlige öwürýärler. Ejem jan hem şeýle adamlardan bolup, bizi-de öz ýoluna, halal zähmete imrikdiren adam. Men hem gyzym Mährijemala tikinçiligiň ähli ýollaryny, tilsimlerini öwretdim. Bu gün ol hem ökde tikinçileriň biri.

— Annabibi, döredijiligiňi el işleriniň haýsy görnüşinden başladyň?

— Şu güne çenli döreden halydyr halyçalarymyň, tikip taýýarlan bezeglerimiň, ýantorbalarymyň arasynda meniň üçin iňbir gymmatly baýlyga öwrülip duran nagyşly çabyt gözlerime aýratyn mähriban görünýär. Çünki ol meniň ilkinji synagym. Basma nagşy bilen bezelen ol çabytda ejemiň görkezmeleri, duýduryşlary, maslahatlary, öwüt-ündewleri jemlenýär. Döredijiligimiň başlangyjy bolan bu don meniň her bir işime ejemiň ak patasy bolup seslenýär.
Hawa, owadan, nepis nagyşlar zenanlarymyzyň gül keşbine zynat berýär. Olar gözelligiň gözbaşynda bolan, türkmen zenanlarynyň döreden beýik sungatydyr.

Aýnabat DURDYÝEWA