Şabaz bedewleri wasp edýän täze tapyndylar
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-barlag işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda türkmen arheologlary hem-de etnograflary tarapyndan şu ýylyň ýazky möwsüminde alnyp barlan ylmy gözlegleriň netijesinde şabaz bedewlerimizi wasp edýän gymmatly tapyndylar ýüze çykaryldy. Milli Liderimiziň 2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde degişli ýolbaşçylar tarapyndan täze ýüze çykarylan arheologiýa tapyndylary Gahryman Arkadagymyza görkezilmegi halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döretdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerine etnografiýa saparlary guralyp, olaryň netijesinde halkyň arasyndan toplanan taryhy gymmatlyklary welaýat Taryhy ülkäni öwreniş muzeýlerine tabşyrmak dabaralary guralýar. Şeýle şanly wakalar Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky «Gökdepe» milli muzeýinde, Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, şeýle hem Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gadymy Lebap topragynda Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň nemes, arap hem-de türk dillerinde neşir edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy, şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň şanly 10 ýyllygygynyň şanyna tutulan uly toýuň dabaralarynyň çäklerinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýüze çykarylan şabaz bedewleri wasp edýän arheologiýa tapyndylaryň tanyşdyrylmagy watandaşlarymyzda geçmiş mirasymyza uly gyzyklanma döretdi.
Olaryň arsynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Mürzebeggala ýadygärliginden ýüze çykarylan arheologiýa gymmatlygy ahalteke bedewi bilen bagly ýüze çykarylan tapyndylaryň içinde laýdan ýasalan heýkeliň iň gadymysy we ilkinji nusgasydygy bilen tapawutlanýar. Heýkeliň uzynlygy 95 mm., beýikligi 70 mm., ini 40 mm., boýnunyň uzynlygy 45 mm, eýer ýeriniň uzynlygy 30 mm. Bu heýkel antiki döwre degişli bolup, ol «Nusaý atlary», «Asman atlary» ýaly at bilen şöhraty äleme ýaýran milli atşynaslygymyzyň taryhyny öwrenmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Abywerd galasyndan ýüze çykarylan atyň üstündäki oglanyň şekilini aňladýan arheologiýa gymmatlygy bolsa ahalteke bedewiniň ilkinji syrçalanan heýkeldir. Hünärmenler tarapyndan onuň taryhy XII-XIV asyrlara degişli. Heýkeliň uzynlygy 95 mm, ini bolsa 53 mm. barabardyr. Şu ýerde bu heýkele ýaşyl reňklidigine aýratyn ähmiýet bermegimiz zerur. Çünki ýaşyl reňk küýzegärlik sungatymyzda giňden ýaýrapdyr. Gahryman Arkadagymyz 2016-njy ýylda Aşgabady etekläp oturan Paryzdepe ýadygärligine baranda ýaşyl reňkli küýze önümleriniň böleklerini synlap, Oguz han atamyzyň baýdagynyň reňkiniň hem ýaşyl bolandygyny ýatlap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň baýdagynyň reňkiniň hem ýaşyldygyny gürrüň beripdi.
Orta asyr Abywerd şäherinden tapylan hyýaly atyň çeper keşbini şekillendirilen küýze bölegi-de, şabaz bedewlerimiziň taryhyny öwrenmekde örän ähmiýetlidir. Hünärmenler tarapyndan bu gymmatly tapyndy XI-XIV asyrlar bilen senelendi. Onuň uzynlygy 310 mm, ini 250 mm. barabardyr.
Abywerd şäheriniň arheologiýa depesinden ýüze çykarylan gymmatlyklaryň ýene-de biri iç ýüzüne bedew atyň şekili çekilen küýze bölegidir. Onuň taýýarlanan döwri IX-XIV asyrlar bilen senelenýär. Tapyndynyň uzynlygy 85 mm., ini 63 mm.
Görnüşi ýaly, türkmen alymlary tarapyndan täze ýüze çykarylan şeýle gymmatly arheologiýa tapyndylary meşhur ahalteke atlarynyň watany bolan Türkmenistan üçin bedewleriň şekilini suratlandyrmagyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Iň gadymy döwürlerden başlap biziň ata-babalarymyz olaryň keşbiniň hemişelik saklanyp galmagy barada alada edipdirler. Gadymy galalaryň medeni gatlaklaryndan ýüze çykarylýan arheologiki tapyndylar munuň gözli şaýadydyr. Munuň özi, türkmen topragynda müňýyllyklar içre ösdürilip gelnen milli atşynaslyk sungatymyzyň taryhyny täzeçe garaýyş bilen öwrenmäge esas berýär, şabaz bedewlerimize bolan buýsanjymyzy barha artdyrýar.
Agamyrat BALTAÝEW