Halk tejribesi – milli mirasymyz


Halk tejribesi – milli mirasymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen maddy däl medeni mirasymyzy aýawly saklamaga, milliligi dowam etdirmäge, ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi.

Türkmen halky asyrlar aşsa-da öz milliligini üýtgetmän, ýitirmän gelen, milliligine, däp-dessuryna uly hormat goýan halk. Biziň häzirki ajaýyp zamanamyzda hem bu ýörelge halkymyz tarapyndan dowam etdirilýär. Halk tejribesinden hasyl bolan milli gymmatlyklarymyz biziň şu günlerimizde hem diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýä ýüzünde özboluşlylygy bilen tanalýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesiniň girizilmegi hem türkmen halky üçin uly buýsançdyr.

Türkmenistan bu günki gün ýer ýüzünde atşynaslyk merkezi hökmünde hem giňden tanalýar. Biziň ýurdumyzda öz ajaýyp keşbi bilen, ýüwrükligi bilen göreni haýrana goýýan ahalteke bedewlerinden başga-da geçmişde halk seçgisi bilen döredilen ýene bir täsin tohum aty – ýomut atlary ýetişdirilýär. «Atşynaslyk boýunça maglumatnamada» ýomut atlary şeýle häsiýetlendirilýär: «Münülýän, goşulýan at görnüşli bedewiň bu gadymy tohumy häzirki Türkmenistanyň çäginde halk seçgisi bilen ýetişdirilipdir. Olar ahal-teke atlaryndan biraz kiçiräk we dykyzrak, kellesi kiçiräk, maňlaýy giň, gerşi uzyn bolmadyk, sargysy gysga, toýnaklary uly bolmadyk atlardyr».

Ýomut atlary ýyndamlygy bilen hem, çydamlylygy bilen hem beýleki tohum atlaryndan tapawutlanýar. Bu tohum atlary häzirki wagtda ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda we Balkan welaýatynyň Etrek jülgesinde ýetişdirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň degişli hünärmenleri tarapyndan, türkmen halkynyň baý tejribesinden kemala gelen ýomut bedewleri ýaly milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesini öwrenmekde we olary halkymyza, şeýle hem gelejekde medeni mirasymyz hökmünde dünýä ýaýmakda netijeli işler alnyp barylýar.

Bize şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanmaga oňaýly şertleri döredip beren, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň Hak howandary Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Döwlet ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň

Maddy däl medeni miras müdirligi.