Şypaly ösümlikleriň gadymy atlary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabynda bejerijilik häsiýetli üzärligiň, burçuň adam saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidigi bellenilip geçilýär. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz ýaňy ýakynda Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşmak boýunça meýilleşdirilen iş saparyny amala aşyranda, sazagyň halk lukmançylygynda ulanylandygyny, onuň külüniň, pürüniň, tüssesiniň bejeriş işlerinde peýdalanylandygyny aýtdy. Şeýle-de, türkmen topragynda bitýän dagdan agajy barada durup geçip, bu ösümlik hakynda halk arasynda ýaýran rowaýatlaryň bardygyny, gadymy döwürlerde uzak ýollara gidýän kerwendäki düýeleriň boýnuna bir bölejik dagdan agajynyň asylýandygyny gürrüň berdi. Munuň ýoluň rowaç boljakdygy baradaky ynamy berkidendigini, bu düşünjäniň häzirki döwürde hem dowam edýändigini belledi.
Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda dermanlyk ot-çöpleri ulanmakda toplan milli tejribesi netijesinde halk lukmançylygy kämil derejelere ýetipdir. Dünýä lukmançylygynyň taryhynda Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Ibn Sina, Abu Reýhan Biruny, Muhammet Gaýmaz Türkmen ýaly meşhur türkmen alymlary öçmejek yz galdyrypdyrlar. X asyrda doglan meşhur lukman Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylymlarynyň kanuny», XI−XII asyrlarda ýaşan Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň «Tebipçiligiň ýan kitaby» XI asyryň beýik alymy Abu Reýhan Birunynyň ösümlikler, haýwanlar, magdanlar, däri-dermanlar hakyndaky «Seýdana» (Farmasewtika), XIII asyrda ýaşan Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi», XIV asyryň belli lukmany Jelaleddin Hydyryň «Dertlere derman» kitaby ýaly işler tutuş adamzadyň lukmançylyk ylmyna uly goşant boldy.
Türkmen topragy müň bir derdiň şypasy bolan dermanlyk ösümliklere baý. Şolaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn nygtan üzärlik, burç, sazak, dagdan ösümlikleriniň örän irki döwürlerden bäri ulanylyp gelinýändigini bellemek gerek. Bu dermanlyk ösümlikleriň ady gadymy sözlüklerimizde mynasyp orun alypdyr.
Dünýä dil biliminde ilkinji ensiklopedik sözlük hasaplanylýan Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» eseri türkmen diliniň, edebiýatynyň, taryhynyň taýsyz hazynasydyr. Bu sözlük XI asyra degişli bolup, ondaky sözleriň müň ýyldan hem köp ýaşy bar. Sözlükde «üzärlik» hakynda: «Ol Kaşgar dilinde üzärlik oty atlandyrylýar. Uç we Baragan dillerinde eldrük, oguzçada üzärlikdir» (Kaşgarli Mahmud. Divanü Lugat-it Türk. – Ankara, 1985, III. 12- 23.) diýlip bellenilýär. Görşümiz ýaly, bu ösümligiň «üzärlik» adynyň oguz dilindedigi ýörite agzalypdyr. Sözlügiň 412-nji sahypasynda «eldrük» sözi «üzärlik tohumy, dänesi» manysynda beýan edilýär.
Filologiýa ylymlarynyň doktory S.Atanyýazow «üzärlik» sözüniň gelip çykyşyny şeýle düşündirýär: «Ylmy ady peganum harmala bolan bu otjumak ösümligiň guran ýaprak we baldaklarynyň ýakylanda çykýan tüssesi päkleýji, howadaky zyýanly mikroblary ýok ediji serişde, dänesi hem iç (esasan, garyn) keselleri üçin derman hökmünde ulanylýar. Türk dilçisi Hasan Eren bu ýabany otuň ýüzeldirik diýen adynyň ýüz/ýoz sözüni «ýabany», eldirik sözüniň el/il bölegini i:lmek işliginiň köki (ýagny – «ilişegen»), -rik/-dirik bölegini hem goşulma hasaplap, bu ady tutuşlygyna «eşige ilişegen ýabany ot» diýip düşündirýär. Il içinde dermanlyk serişde hem-de mukaddes saýylýan bu otuň gadymy oguzça üzäldirik diýen adyndan türkmen şiwelerindäki zäldirik, däldirik diýen atlary döräpdir». (S.Atanyýazow. Türkmen diliniň sözköki (etimologik) sözlügi. –Aşgabat, 2004).
«Üzärlik» sözüniň «oguz» sözi bilen baglanyşyklydygy baradaky pikirler hem öňe sürülýär. Şunda sözüň başky «uz-üz» böleginiň «oguz» sözündäki «uzdygy» aýdylýar. Türki dilleri öwreniş ylmynda «uz-üz» sözüniň «jemligi», «ussatlygy», şeýle-de häzirki zaman türkmen dilinde-de ulanylýan «owadan, ajaýyp, göwnejaý» manylaryny hem aňladýandygy bellidir.
«Burç» sözi ösümlik manysynda Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde (XI asyr) birnäçe ýerde duş gelýär. Ýöne ol sözlükde «murç» görnüşinde berlipdir. «Murç» sözündäki «m» sesiniň «b» sesine geçmegi XIII−XIV asyrlarda bolup geçipdir. Muny 1245-nji ýylda Müsürde düzülen «Türkmençe-arapça terjime sözlügi» (Aşgabat, 1997) hem tassyklaýar. Sebäbi bu sözlükde «burç» sözi «b» harpy bilen ýazylypdyr. Irki ýazuw çeşmelerinde «burç» sözi gara burçy aňladypdyr.
Dilçi alym S.Atanyýazow «sazak» sözüniň etimologiýasyny şeýle kesgitleýär: «Oduny ýiti gyzgynlyk berýän bu çöl ösümliginiň ady gadymy türki dillerde süksük, söksök, soňkurak döwürde Altyn Ordanyň türki ilatynyň gepleşiginde seksewül (sagsagyl) ýaly görnüşlerde ulanylypdyr. Biziňçe, sazak sözi sagsagyl sözüniň üýtgän we gysgalan görnüşidir: sagsagyl – sagsak sa:sak -sa:zak» (S.Atanyýazow. Türkmen diliniň sözköki (etimologik) sözlügi. Aşgabat, 2004).
Türki dilleriň etimologik sözlüginde «sazak» sözüniň köki häzirki zaman türkmen dilinde hem ulanylýan, «gür gamyşlyk, çöp basan giň meýdan» manysyny berýän «saz» sözi bilen baglanyşdyrylýar. (Этимологический сло¬варь тюркских языков. -М., 2000). «Saz» sözüniň yzyna goşulýan «ak» bölegi Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügindäki «ag» sözüdir. «Ag» sözi «çykmak, göterilmek, ösmek» manylaryny berýär. Diýmek, sazak ‒ sazlyk meýdanda ösen, gögerip çykan manysyndadyr.
«Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» türkmen atalar sözünde orun alan «dagdan» sözi «Türki dilleriň etimologik sözlüginde» «dagdagan» görnüşinde berlipdir. «Türkmen diliniň düşündürüşli sözlüginde» onuň dag ýerlerinde bitýän örän gaty, berk agaçdygy, gelin-gyzlaryň boýunlaryna dakynýan bezeg şaýydygy, gara güýçlerden goranmak üçin dagdan agajyndan ýonulyp ýasalan şekiljikdigi, haly we haly önümleriniň gölleriniň arasyna dagdan agajyna meňzedilip salynýan nagyşdygy bellenilýär. Bu agajyň adynyň, şekiliniň halkymyzyň zergärçilik, halyçylyk sungatyna, şeýle-de halk däplerine we dessurlaryna berk ornaşmagy onuň milli aýratynlygymyz bilen berk baglanyşyklydygyny görkezýär.
«Dagdan» sözüniň gelip çykyşyny «dag» sözüne -dan söz ýasaýjy goşulmanyň goşulmagy bilen (güldan we ş.m sözlerdäki ýaly) ýa-da bu sözüň gadymky «dagdagan» görnüşinden, «dag» we «dagan» (degenek-agaç, taýak) sözleriniň goşulmagyndan emele gelen hasaplamak bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň baş baýlygy bolan saglygy barada edýän bimöçber aladasy, ylym-bilim babatdaky ägirt uly işleri bizi täze gözleglere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ylmy işleri bolsa, milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan dilimizi has düýpli öwrenmegiň, onuň many çuňluklaryna içgin aralaşmagyň ylmy-usulyýet esasyny döretdi.
Tagandurdy Bekjäýew