Türkmen medeniýetiniň şöhratly ýoly


Türkmen medeniýetiniň şöhratly ýoly



Adamyň we jemgyýetiň döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň toplumy bolan medeniýet adamzat jemgyýetinde ruhlandyryjy, terbiýeçilik, şahsyýetara gatnaşyklary sazlaşdyryjy hem-de ony kämilleşdiriji wezipeleri ýerine ýetirýän özboluşly ulgamdyr. Hut şonuň üçin-de, häzir medeniýet ulgamyna ýurduň ruhy galkynyşynyň möhüm çeşmesi bolan demokratik we sosial özgertmeleriň binýady hökmünde baha berilýär.
Döwlet Baştutanymyz: «Türkmen medeniýeti özüniň bütin milli öwüşginlerinde dünýä giňişliginde mynasyp derejede görkezilýär» diýip, belleýär. Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen örän ykjam, ysnyşykly medeni hyzmatdaşlygy artdyrýandygy, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda we Diýarymyzyň dürli künjeklerinde halkara forumlaryň, festiwallaryň, ylmy maslahatlaryň geçirilýändigi, dünýäniň ençeme ýurtlarynda Türkmenistanyň medeniýet günleriniň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň guralýandygy, şeýle hem ýurdumyzda dünýä ýurtlarynyň medeniýetleriniň ýaýylýandygy munuň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň medeni ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň berkemegine hem ýakyndan ýardam edýär. 2010-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda medeni gymmatlyklary döretmek hem ulanmak, türkmen halkynyň medeniýetini we sungatyny täzeden dikeltmek, gorap saklamak, ösdürmek hem dünýä ýaýmak ulgamynda ýurduň medeniýetiniň ösüşini we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň «Medeniýet hakynda» Kanunyny kabul edildi. Bu Kanun medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitledi.
Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda medeniýeti ösdürmäge, ynsan kalbyny ruhy iýmitlere eýe etmäge uly üns beripdirler. Muňa asyrlaryň dowamynda şirin sözüň güýji bilen döredilen eserler aýdyň mysaldyr. Şeýle eserleriň biri-de «Görogly» şadessanydyr. Hormatly Prezidentimiz adamzat pähiminiň dürdänesi hökmünde kalplarda we aňlarda ýaşap gelýän şadessanyň gadyr-gymmatynyň örän ýokarydygyny beýan edýär. 2015-nji ýylda «Görogly» şadessanynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynyň guwanjy bolan bu esere goýlan ýokary baha boldy.
Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde iň gadymy medeni ojaklaryň biri hökmünde tanalýar. Dünýä ýaň salan gadymy Merwiň ýadygärlikler toplumyny, gadymy Köneürgenjiň ylmy merkezlerini, heňňamlary arkasyna atan gadymy Nusaýyň geň-enaýy yzlaryny, asyrlara şaýat bolup oturan ymaratlary bilen ynsan hakydasynda ýatdan çykmajak täsirleri goýýan Maşady-Misseriýanyň gaýtalanmajak zynatyny, uzak geçmişden habar berýän ymaratlaryny dünýä jahankeşdeleri gyzyklanma bilen synlaýarlar. Täze döwrüň güneşi bilen nur saçýan şeýle ajaýyp ýadygärlikler halkymyzyň taýsyz, bahasyna ýetip bolmajak medeni gymmatlygydyr.
Hormatly Prezidentimiziň «Medeniýet — halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...» ýaly ajaýyp kitaplary bu gün halkyň söýgüsine eýe bolup, kalplara ornady. Şeýle ajaýyp kitaplaryň dünýä dillerine terjime edilmegi dünýä halklaryna türkmen medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edýär. Hawa, şu beýik işleriň netijesinde türkmen medeniýeti bu gün dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň ilçisi hökmünde barha pajarlap ösýär. Şonuň üçin halk medeniýetini, taryhyny, däp-dessurlaryny çuňňur öwrenmäge we jahana ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän milli Liderimize halkymyz alkyş aýdýar.

Azat GYLYJOW