Gadymdan galan nusgalar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly
Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň taryhy geçmişi çuňňur öwrenilýär hem-de halkymyz edebi-ruhy gymmatlyklarymyza eýe bolýar. Ata-babalarymyz geçmişde dünýä ýüzünde birnäçe beýik döwletleri döretmek bilen, jahanda özüniň nusgawy sungatyny hem ýaýratmagy,
şöhratlandyrmagy başardy. Senet derejesinde ýüze çykan maddy
gymmatlyklar adamyň döredijilikli garaýşy netijesinde sungat derejesine
göterildi.
Türkmeniň geçmiş ýaşaýyş durmuşy hakyndaky ummasyz maglumaty özünde jemleýän taryhy tapyndylar, geçmişiň syrly sahypalaryny aýdyňlaş-dyrmak bilen
birlikde, dünýä alymlaryny ýerine ýetiriliş aýratynlygy bilen hem haýrana goýýar.
Daşdan ýasalan amaly bezeg önümleri gözelligi we çylşyrymlylygy bilen
tapawutlanýar. Marguşdan tapylan daş önümleriniň birnäçe görnüşi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Marguş za-lynda sergilenýär hem-de Arheologiýa gaznasynda saklanýar. Bu gymmatlyk-lar türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmekde egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär.
Daşdan ýasalan önümler esasan biziň eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllykla-ry öz içine alýar. Eýýäm şol döwürlerde daş önümlerini ýasamak üçin gymmat bahaly we bezeg daşlar, mermer hem-de tebigatda köp duş gelýän steatit daşy peýdalanylypdyr. Marguşly hünär eýeleri bu daşlaryň häsiýetli aýratynlygyn-dan gowy baş çykaryp bilipdirler.
Daşlar tebigatyň täsin görnüşli, owadan, mineral jisimleri bolmak bilen
birlikde, düzümleriniň aýratynlygyna baglylykda gymmat bahaly we bezeg daş-lary diýilýän iki topara bölünýär. Gymmat bahaly daşlar topary tebigy reňki,
ýalpyldamagy, arassalygy, berkligi, owadanlygy bilen tapawutlanýar. Olardan
gulakhalkalar, monjuklar ýasalanda peýdalanylýar. Bezeg daşlar bolsa dürli reňkli tebigy minerallardan we dag jynslaryndan ybaratdyr. Olardan dürli reňkli, ençeme görnüşli çeper nagyşlar, dekoratiw bezegler edilýär we gurluşyk üçin peýdalanylýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Marguş zalynda sergilenýän kümüşden ýasalan bürgüt şekilli mon-juk dürli gymmat baha daşlar,
ýagny pöwrize, hakyk, lazurit daşlar bilen bezelipdir.
Marguşdan tapylan daş önümlerinde dürli gymmat bahaly daşlar bilen
birlikde, mermer, steatit daşlary hem giňden peýdalanylypdyr. Steatit – çig mal
magdany bolan özboluşly, gaýtadan işlenmedik, tebigy ýagdaýda kemala gel-ýän daşdyr. Ony halk arasynda «sabyn», «buz» daşy diýip hem atlandyr-ýarlar. Ol
ýumşak, daşy tekiz, ýylmanak bolýar. Gadymy döwürlerde bu daşyň ýokary ýylylyk geçirijilik häsiýetine eýedigi we gyzdyrylanda uzak wagtlap ýylylygyny
saklaýandygy üçin ony kesel bejeriji daş hökmünde hem peýdalanypdyrlar, çünki ony 5 minut gyzgyn suwda saklasaň, onda ol azyndan bir sagat sowama-ýar. Steatit daşynyň dürli görnüşleri bolýar. Onuň dykyz, gaty, reňkiniň ak, çal, gülgüne,
gülgüne-goňur görnüşi hem bar. Gadymy döwürlerde steatit daşyny işjeň ula-nyp, ondan gap-gaçlar, dürli kosmetiki gutujyklar ýasap, dürli nagyşlar bilen bezäp,
hojalyk durmuşynda giňden peýdalanypdyrlar. ХХ asyrdan başlap, dünýä
ýurtlarynda steatit daşyndan ýadygärlik sowgatlyk önümleri öndüripdirler. Ol
gurluşyk materialy hökmünde, ýagny peçleri, diwarlary örtmekde peýdalany-lypdyr. Steatit daşy 1500 derejedäki gyzgynlyga hem çydamlydyr.
Marguşdan tapylan gymmatlyklaryň içinde daşdan ýasalan dürli hili gaplar bolup, olaryň birnäçesi steatitden ýasalandyr. Marguşly ussatlar daşy kesip, ýonup, ýylmap, önümlere dürli çylşyrymly görnüş bermegi, onuň ýüzü-ne örme, tolkun,
aýlaw şekilli owadan nagyş çekmegi başarypdyrlar. Munuň özi eýýäm şol
döwürlerde Gadymy Marguşda daş ýonujylyk senediniň ýokary derejä ýetendi-gine şaýatlyk edýär.
Aýjeren ÝAÝLYMOWA