Taryha siňen owazlar


Taryha siňen owazlar



Il içinde oglan bagşy ady bilen tanalan Sahy Jepbarow Sary bagşynyň pähim parasadyny özüne görelde mekdebi edinip, ony ömür pendine öwrüpdir. Muny öz halkyna kämil sungatyň nusgasy hökmünde goýup giden aýdym-sazlary subut edýär. Çünki onuň türkmen bagşyçylyk sungatynyň ykrar edilen ähli ýollaryna degişli aýdan aýdymlary, halkymyzyň milli aýdym-saz sungatynyň taryhyna siňen owazlarydyr.
Sahy Jepbarow 1905-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Sahy ilkinji sapaklaryny öz agasy Allaberdiden alyp başlaýar. Soňra ol öz garyndaşy, şol wagtlar belli bagşy bolan Şyhdurdy Garadan saz öwrenýär. Şyhdurdy Gara dutar çalyp, aýdym aýtmak üçin çagyrylan ýere gidende hemişe Sahyny ýany bilen alyp gidipdir, oňa saz çalmagy, aýdym aýtmagy öwredipdir. Şeýlelikde, Sahy öz halypasynyň reperturyny kem-kemden özleşdirip, ýaş bagşy hökmünde özüni tanadyp başlaýar.
Sahynyň köpçülik öňünde ýygy-ýygydan çykyş etmegi, onuň repertuaryny we ussatlygyny has-da ösdüripdir. Ol ýaş hem bolsa, onuň şöhraty çalt artyp başlaýar. Ol ýaşlygyndan özbaşdak bagşyçylyga başlany üçin oňa halk arasynda «Oglan» bagşy diýipdirler. Sahy Jepbarow ýaşlygyndan şöhrata eýe bolan hem bolsa, öz ussatlygyny ösdürmek ugrunda tutanýerli zähmet çekipdir, atly bagşylardan, sazandalardan ussatlyk göreldesini alypdyr.
1920-nji ýyllaryň ortalarynda ol meşhur bagşy-sazandalaryň birnäçesi bilen tanyşýar. Dutarçy Gulmammet Gunny, Sary bagşy, Mylly Täçmyrat, Pürli Sary hem-de ýene kän halypalar bilen içgin tanyşýar. Olar bilen sungat aragatnaşygyny saklaýar.

Sahy Jepbarow 1930-njy ýylda drama teatrynyň ýanynda az sanly sazandalar toparyndan halk saz gurallarynyň ansamblyny döredýär. Sahy öz düzen ansambly bilen kolhozlarda, obalarda konsert beripdir, onuň her bir konserti örän üstünlikli geçipdir.
Sahy Jepbarow şol ýyllar güneşli ýurdumyzyň dürli künjeginiň atly bagşy-sazandalarynyň ýene birnäçesi bilen tanyşýar. Hanmämmet gyjakçy, Garly bagşy, Nobat bagşy, Nazar baga, Türkmenistanyň halk bagşylary Oraz Salyr, Magtymguly Garly dagy bilen başlanan gatnaşyk bolsa, onuň aýdym-saz örüsini hasam giňeldýär. Özüniňem edil şolar ýaly ussat bagşy bolup ýetişmegine sebäp bolýar. Şeýlelik bilenem ol ökde bagşylaryň hataryna goşulýar.
Ol 1935-nji ýylda goşun gullugyna çagyrylýar. Sahy Jepbarow şol ýerde esgerleriň aýdym-saz we tans ansamblyny guraýar. Bu ansambl diňe türkmen milli aýdymlaryny, sazlaryny ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem doganlyk halklarynyň aýdym-sazlaryny hem öz döredijiligine girizipdir. Ansambl diňe harby bölümlerde çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem ilat arasynda hem çykyş edipdir.
1935-nji ýylda Moskwa şäherinde geçirilen Türkmen aýdym-sazynyň ýörite ýazgysyna Sahy Jepbarow hem gatnaşýar. Şol aýdym-saz ýazgysynda ol meşhur sazandalar T.Suhangulynyň, M.Täçmyradyň, P.Sarynyň sazandarlyk etmeklerinde «Oýanmaz», «Ýar gara gözli», «Baga seýle», «Nowgül» ýaly aýdymlary, şeýle-de onuň çalmagynda «Azarbeýjan» sazam ýazylyp alynýar. Sahy Jepbarowyň ýolbaşçylyk eden aýdym-saz toparyndan bolsa «Sallanan gözel» sazy, «Pyýala», «Watanym» aýdymlary ýazylyp alynýar.
Sahy Jepbarow diňe ökde bagşylygy, kompozitorlygy bilen däl-de, eýsem ökde guramaçylyk ukybynyň bardygy bilen hem tapawutlanýar. 1937-nji ýylda oňa Aşgabatda halk saz gurallarynyň döwlet ansamblyny döretmegi tabşyrylýar. Ýaş aýdymçylary we sazandalary seçip almak üçin Sahy birnäçe etraplara aýlanyp çykýar. Ansambla gatnaşanlaryň köpüsinde ýekelikde ýerine ýetirijilik ukybynyň bardygy belli bolýar. Olardan Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nabat Nurmuhammedowa, Nurjemal Adyýewa we beýleki birnäçe aýdymçy-sazanda türkmen aýal-gyzlary, Sahy Jepbarowyň döreden ansamblynda sapak alýarlar. Sahy Jepbarow Türkmenistan halk döredijilik öýüniň, döwlet filarmoniýasynyň saz ansamblynyň guramaçylarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol Türkmenistan kompozitorlar birleşiginiň döredilmegine hem köp ýardam etdi. Sahy aýdymçylary öz töweregine toplap, olar bilen bilelikde şahyrlaryň sözlerine aýdym döredip başlaýar. Ol Watan hakynda, liriki temalarda köp aýdym döredýär. Onuň Durdy Agamämmedowyň sözlerine döreden «Biziňki» diýen aýdymy öz döwründe ilat arasynda has köp ýaýran aýdymlarynyň biri boldy.

Aýdym aýdanda açyk ses ulanmak, açyk bokurdak gaýnatmak, açyk jukguly ýaly tilsimler ahal bagşyçylyk ýoluna degişlidir. Ussat halypa öz döwründe ahal ýolunyň baý aýdym-saz mirasyny öz zehin gazanynda timarlap, täsin öwrümlere baý, täze öwüşginli, diýseň akgynly, artistçilik jähtden joşgunly ýerine ýetirijilik usulyny kämilleşdiripdir. Ussat bagşynyň saz folklorynyň bäş barmagy ýaly bilmegi meşhur mukamlary täzeden işlemegine, olaryň has belende göterilmegine ýardam berýär. Sahy Jepbarow täze aýdymlary döretmekden başga-da, ençeme ýaş aýdymçylary we sazandalary terbiýeläp ýetişdirýär. Olar Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nurmurat Annaýew, Gurbandurdy Jeňow, Jangeldi Annamyradow, Dörtguly Durdyýew, bagşylar Orazgeldi Ylýasow, Hojaguly Diwanaýew we beýlekiler Sahynyň halypalyk eden bagşylarydyr.
Sahy Jepbarow aýdym-saz döredijileriňem iň ezwerleriniň biridi. Ol «Ýarap borka», «Altyň biri», «Aşyk men», «Nepes sen», «Şat bolar boldy», «Türkmeniň» ýaly, onlarça aýdymy döretdi. Onuň Oraz Sary, Çary Gurban, Ata Ably ýaly gyjakçylar, Jepbar Hansähet, Çary Täçmämmet, Ýagmyr Nurgeldi, Akmyrat Çary kimin dutarçylar bilen aýdan aýdymlarynyň ýazgylary bolsa Garaşsyz ýurdumyzyň saz diňleýjileriniň göwnüni göterip, olary täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Meşhur bagşynyň aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge goşan goşandy nazarda tutulyp, oňa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at berildi. Şeýle-de 1988-nji ýylda Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berilýär. Halypanyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlary radionyň altyn hazynasynda saklanýar.

Çynar GURBANOW