Türkmenistanda ýaşap geçen piller


Türkmenistanda ýaşap geçen piller



Türkmenistanyň çäklerinde taryhdan öňki döwürde piller ýaşandygy barada Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýinde görkezilýän artefaktlar şaýatlyk edýär. Olar Türkmen piliniň kelleçanagy we äňi, Hazar piliniň aşaky äňindäki dişi we Günorta piliniň dişiniň syrçasynyň bölekleridir. Süýdemdirijileriň daşa öwrülen galyndylaryny görenlerinde muzeýe aýlanmaga gelen adamlar sorag berýärler: Piller Türkmenistanyň çäklerinde haçan ýaşapdyrlar? Häzirki döwürdäki pillerden nähili tapawutlanypdyrlar? Bu äpet gadymy jandarlaryň galyndylary nireden we kim tarapyndan tapylypdyr?
Soraglaryň jogabyna başdan yzygiderlilikde jogap bereliň. Piller holtumlylar otrýadyna degişlidir. Olar häzirki wagtda gury ýerde ýaşaýan süýdemdirijileriň iň irisidir. Bu jandarlaryň örän geň galdyrýan beden agzasy holtumydyr. Ol piliň burnunyň hem-de ýokarky dodagynyň birleşmesi netijesinde emele gelipdir. Ol kyrk müň myşsadan ybaratdyr we süňksüzdir. Holtumyň ujunda bir-iki sany tutawaç «barmagy» ýerleşýär. Piliň holtumy dem almaga, ys almaga, duýmaga-syzmaga hyzmat edýär, iýende, suw içende, kömek berýär. Piller holtumyny sorujy (nasos) hökmünde hem ulanýarlar. Uly piller holtumyna ep-esli suw sorup alýarlar we agyzlaryna guýup içýärler ýa-da endamlaryna serpýärler. Pilleriň gyýaklary hem olaryň bezegi hem-de haýbatly ýaragy bolup hyzmat edýärler. Bu dişler ýokarky äňden çykýar we ýokarlygyna egrelýär hem-de ösmegini hiç haçan bes etmeýär. Gyýaklaryndan başga pilleriň agzynda dört sany dişi, her äňinde iki dişi bar. Pilleriň ömrüniň uzaklygy ortaça 60 ýaşa barabardyr.
Görnüşine görä, pilleriň asyl watany Afrika bolsa gerek, çünki ol ýerde ýokarky miosen (10-5 mln. ýyl mundan ozal) gatlaklarynda olaryň has gadymy galyndylary tapyldy. Bu äpet haýwanlar plioseniň ortasynda (4-3 mln.ýyl mundan ozal) Sues geçelgesi arkaly Ýewraziýa aralaşypdyrlar we tutuş kontinente diýen ýaly ýaýrapdyrlar. Pilleriň giňden ýaýramagy we olaryň ähli howa şertlerine uýgunlaşmagy dürli toparlaryň we görnüşleriň ýüze çykmagyny sebäp bolupdyr. Pleýstoseniň ahyrynda (20-25 müň ýyl mundan ozal) olaryň ýaýrawy çalt kemelip başlapdyr we häzirki döwre çenli bir maşgala degişli diňe iki görnüşi saklanyp galypdyr. Olar Afrikada ýaşaýan afrika pilleri hem-de Günorta we Günorta-gündogar Aziýada ýaşaýan hindi pilleridir.

Türkmenistanyň çäklerinde holtumlylar maşgalasynyň üç görnüşine degişli piller ýaşapdyrlar. Bu barada dürli ýyllarda tapylan dürli görnüşli tapyndylar şaýatlyk edýär. Günorta pili. Iň gadymy Günorta piliniň (latynça ady Archidiskodon meridionalis) dişiniň syrçasynyň bölekleri Günorta Türkmenistanda, Monjukly depäniň (Balkanabadyň 20 km Günorta-gunbatarynda) Günorta-günbatar eňňidinde 1983-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri, paleontolog Aman Nigarow tarapyndan ýüze çykaryldy, onuň ýaşy million ýyldan hem geçýär. Günorta pili Günbatar Türkmenistanda seýrek tokaýlaryň agdyklyk eden döwründe, howanyň bolsa, has salkyn we çygly bolan döwründe peýda bolupdyr. Emma pleýstoseniň (875 müň ýyl mundan ozal) başynda ol eýýam ölüp gutarypdyr. Bu agramy 10 tonna golaý, beýikligi 4-5 metr we uzynlygy 3 metr bolan iňňän iri haýwandyr. Bedeniniň gurluşy boýunça Günorta pili häzirki zaman Afrika pilini ýada salýar.

Türkmen pili. 1943-nji ýylda ýurduň Günorta-günbatarynda ilkinji tapyndy ýüze çykaryldy. Hudaýdag oýunyň 2,5 km. demirgazygynda (Balkanabadyň 40 km. günbatarynda) paleontolog P.W.Fedorow piliň aşaky äňindäki dişiniň bölegini we birnäçe süňkleriniň böleklerini tapdy. Ol bu ýerde piliň kelleçanagynyň bolmagynyň ähtimaldygyny hem aýdypdyr. 1952-nji ýylda şol ýerde paleontolog I.A.Dubrowo tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilýär, netijede piliň kelleçanagy we birnäçe süňkler tapylýar. Şeýlelik-de piliň täze görnüşi Palaeoxodon turkmenicus, ýagny türkmen pili barada täsin maglumatlar alynýar. Beýleki tapylan gadymy piller bilen ylmy taýdan deňeşdirme işi geçirilýär we Türkmen piliniň diňe Türkmenistanyň çäklerinde ýaşandygy belli bolýar, şoňa esaslanyp ol Palaeoxodon turkmenicus diýip atlandyrylýar. Bu bolsa, latyn dilinde türkmen diline terjime edilende «gadymy türkmen pili» diýmekdir. Häzirki wagtda bu piliň täzeden dikeldilen kelleçanagy we süňkleri Sankt-Peterburgda ýerleşýän Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Zoologiýa institutynyň muzeýiniň ekspozisiýasynda saklanylýar.
2008-nji ýylda Günorta Türkmenistanda Çeleken ýarymadasynda, Hazar deňiziniň kenarynda paleontolog Aman Nigarow ýene-de Türkmen piliniň kelle çanagyny we aşaky äňiniň bölegini tapýar we muzeýe tabşyrýar. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri W.G.Maýkowskiniň ýolbaşçylygynda muzeýiň işgärleri tarapyndan dikeldiş işleri geçirilenden soňra piliň kelleçanagy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi bölüminde ýerleşdirilýär.
Türkmen pili derýalaryň we kölleriň kenarlaryndaky tokaýlarda süri-süri bolup ýaşapdyrlar. Bu beýikligi 4,5 m bolan, aýaklary uzyn we göni gyýakly örän uly süýdemdirijidir. Özboluşly tebigy şertleri Türkmenistanyň çäklerinde holtumlylaryň täze endemiki görnüşiniň peýda bolmagyna ýardam beripdir. Bu pilleriň köp sanly sürüleri Amyderýanyň jülgesinde ýaşapdyrlar. Ol döwürde derýa häzirkisinden has uly bolupdyr we Kelifden Hazara çenli ägirt uly giňişlikde ýaýrap akypdyr.
Hazar pili. 1989-njy ýylda Amyderýanyň sag kenarynda, Sakyrtma gerşiniň demirgazygynda piliň aşaky äňiniň dişi tapyldy. Bu tapyndy Türkmenistanyň çäginde sähra piliniň – Hazar piliniň bolandygyny güwä geçdi. Deňeşdirme işleri geçirilende, ähli derňew görkezijileriň netijesi Ýewraziýa pilleriniň dişleri Hazar piliniň dişlerine doly gabat gelýändigi äşgär boldy. Bu bolsa onuň Mammunthus chazaricusa degişlidigini ynamly aýtmaga mümkinçilik berýär.

Günorta pili (Mammunthus chazaricus) iri, boýy pes, aýaklary uzyn bolupdyr. Pilleriň bu görnüşleri Türkmenistanda açyk landşaftda, günortada Köýtendagyň eteklerinden günbatarda Hazar deňzine çenli aralykda ýaşapdyrlar. Olar esasan otlar, gyrymsy agaçlaryň ýapraklary we şahalary bilen iýmitlenipdirler.
Amyderýanyň öz akymyny demirgazyga tarap üýtgetmegi netijesinde ýüze çykan ekologiki ýagdaýlar pleýstosen süýdemdirijileriň, şol sanda pilleriň ençeme görnüşleriniň heläk bolmagyna ýa-da başga ýerlere göçmegine getiripdir. Türkmenistanyň giň çäklerinde akan Amyderýanyň ugruny üýtgetmegi zerarly çölleşmek döwri, dünýäniň iňňän iri çölüniň – Garagum çölüniň emele gelmegi başlanypdyr.
Muzeýiň «Ýerde ýaşaýşyň ewolýusiýasy» bölüminde gadymy pillere degişli gymmatlyklaryň ählisini görmek bolýar. Daşa öwrülen dürli eksponatlaryň muzeýde görkezilmegi bu ýere gelýän myhmanlaryň we syýahatçylaryň şol uzak eýýamyň, heniz adamzat döremänkä, tebigy şertleri, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Enejan Altyýewa