DÜNÝÄ NUSGALYK ÝOL


DÜNÝÄ NUSGALYK ÝOL



Läle-reýhana baý türkmen ýazynda,
Dünýä nur paýlaýar kereme baý Gün.
Umman deýin giňiş ýeriň ýüzünde,
Pederler parlatmyş adalat tugun.

Hak nazar salandyr Oguz pedere,
Hem oňa ýar bolmuş owadan gylyk.
Göksüýri-Ýylgynly-Paryzdepede,
Hökmün ýöredendir adalatlylyk.

Eziz Diýar dünýä üçin açykdyr,
Hak halkymyň alnyndan Gün dogurdy.
Hemem çar tarapa nurlar saçyp dur,
Dana pederlermiň ykbal daragty.

Sered-ä gol doly bidäne üzüm,
Bolluga beslenip, getirmiş hasyl.
Adalata ýugrulandyr, ezizim,
Peder miras goýmuş milli mirasym.

Ýurdum toýly, myhman gelýär çar ýandan,
Suprasyn giň ýazýar mähriban ýarym.
Süňňi adalatdan edim-gylymlam,
Bereketler ýurdy eziz Diýarym!

Dünýäň çar künjünden gelýän myhmanlar,
Bakýar-a ýurduma haýrana galyp.
Arkadag ýoly bar iňňän ilhalar,
Hem Ol ýollar geçýär dünýä nusgalyk.

Abdylhalyk JUMADOW