Halkymyzyň milli buýsanjy


Halkymyzyň milli buýsanjy



1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýag-daýyna eýe bolan ýurt hökmünde ol halkara giňişliginde giňden tanalýar. Bu barada ýurdumyzyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir» diýip bellenildi.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň dekabrynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny uly dabara bilen bellär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz gülläp ösýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda, sportda uly üstünlikler gazanylýar. Halkymyz hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasynda asuda, parahat durmuşda ýaşaýar.
Hemişelik Bitaraplygymyz dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň geriminiň giňelmegine ýardam etdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhynyň jümmüşinden gaýdýar. Hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, sabyr-takatlylyk — bular türkmene mahsus häsiýetlerdir. Asyrlaryň taryhy tejribesi türkmenlere agzybirligiň, jebisligiň gadyryny bilmegi we beýleki halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barmagy öwretdi.

Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda halkymyza mahsus bolan milli aýratynlyklar barada hormatly Prezidentimiz: «...Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden watansöýüjilik, agzybirlik, dost-doganlyk, jebislik, parahatsöýüjilik ýaly milli häsiýetlerine laýyk gelýär, bu milli aýratynlyklaryň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin möhüm şertleri döredýär» diýip belleýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmekden ybarat bolup durýar. Bu syýasatyň esasyny hemişelik Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri düzýär. Bu hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň taryhy tejribesine daýanyp, häzirki döwürde täze we anyk many-mazmuna eýe bolýar.
Jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy biziň eşretli ertirimiziň güwäsidir.

Ogulnur GELDIMYRADOWA