Köne goňşular (Durmuş we biz)


Köne goňşular (Durmuş we biz)

«Gelibilseň, Eneş gelnejeňleriňem, Akgülleriňem toýuna geleweri! Goňşudyrlar, gatnaşmaly borsuňyz!». Joralary: «Gyzymyň sähedini berdik» diýenleri bäri her ugradanda ýatlatdy durdy şeýdip. Bolsa-da, toýlaryň biri dynç güne düşdi. Köne goňşularymyzdan has ýygjam gatnaşýanymyz bir şolar diýen ýaly. Baraýmalydyk şonuň üçin.

Toýuň şowhuny gol doly märekä gujagyny açan restorany göçürere getirýärdi. Nikalaşýan ýaşlaryň adyna gutlag üstüne gutlag, arzuw üstüne arzuw ýagýardy. Toý edýänleriň garyndaşlaryndan başlap, dostdur tanyş-bilişleriniň, synpdaşdyr ýyllykdaşlarynyň, işdeşdir goňşularynyň bary diýen ýaly bu gün şu ýerdedi. «Şatlygymyza şärik boluň!» diýlip çagyrylansoňlar, her kim surata düşjekden-de, tans etjekden. Hyň berýän märekäniň garma-gürmeliginde kim-kimeligi ýene alypbaryjynyň sözi aýan etdi duruberdi. Ol toýda hyzmat eden gelin-gyzlary, toý edýäniň mähriban goňşularyny tansa çagyrdy. Hemmesini doly tanamasamam, ejemiň olary: «Köne goňşularymyz» diýip apalaýşyny, hersi bilen ýekän-ýekän salamlaşyşyny görüp, ýylgyrdym. Tansdan soň ýanymyza gelip: «Tüweleme, ulugyz bolup gidäýipdir-ä bular. Öňümizden çyksalaram tanajak däl» diýýänleri haýsy, hal-ahwal soraşýanlary haýsy, garaz, olaryň bolşundan bir ýerde goňşy bolup oturylansoň, birek-biregi ömürboýy unudylmaýanlygyna göz ýetirdim.

Gün aşyrybam ýene şol restoranda «täze» goňşymyzyň gyzyny çykardyk. Ýeke başyna ulaldan perzendiniň durmuş toýy toý eýesini hem aljyradypdyr, hemem egbarladypdyr. Iki ýana alakjaýan keşbi birwagt öýümizde ejem bilen haly dokaýan wagtyndakysyndan gartaşypdyr. Iş gören gataňsy elleri dagy galapa halyny gördümem eden däldir. Birem «Akgül gelneje» diýibilmedik oňa. «Özüňizden ulynyňam bir şeýdip adyny tutup oturmak bor oguşýa. Deňiňizmi-duşuňyzmy ol siziň?! «Gelneje» diýiň!» diýip, şubela gygyrylsagam, teý, diýibilmändik. Diňe biziň däl, tutuş goňşularyňam dili endik etmändi oňa. Görgüli: «Ýoldaşyň bolmasa, gelneje diýmänem kyn göräýjek ekenler. Bor-la, menem ýat kişi däl-ä, şu obaň gyz-a. Şondan diýýändirler. Käýeme bulara» diýip, gülen bordy.

Her gün agşam dokmadan düşülende ejem bilen ugratmaga giderdik ony. Ýolda gürrüňe gyzyp, ýuwaş-ýuwaşdan ýöräp barşymyza derwezeleriniň deňine nädip ýetenimizem bilmän galardyk. Onuň: «Öýe salmankaňyz gaýdyň, keýgim, indi gaýdyň!» diýşi eliniň hereketleri bilen ýadymda galypdyr. Goňşularyň birinden göwnüň galyp, ýanynda derdinşilse dagy: «Goňşy arada, heýem, bir şeýdilermi?! Aýyp bor-a. Könekiler «Ýaman ýan goňşyňam bolmasyn, gör goňşyňam» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar-a...» diýşine, hamala, özi şol ýerde bolan ýaly, oňlamazdy edilen hereketi. «Dükana diýip çykybam, ýolugra ýene size sowlaýýan-da» diýerdi-de, käýarymam gündizine-de, aýak üste bolsa-da, degip geçerdi. «Ýarawsyz bolansoň, kakamdanam ynjalamok, onda-da ýüregim gysdy-da, birsalym oturmaga gaýdyberdim» diýip gelşini göz öňüme getirsem, birhili, gaýtalanaryny isläberýän şol günleriň. Şeýdip birimiz ýaly öwrenişip gitdik oňa.

Nämedigi, teý, huşuma gelmese-de, bir gün halys zerur bolan borly, ejem bir zat üçin Akgüllere ugradypdy meni. Soralýan zady goýan ýerinden tapman bar ýeri teý-tagt edişine: «Degme, Akgül, ýok ekeni diýäýerin ejeme» diýsemem, diňlänok. «Gapydan sen diýip gelenem bir boş gaýtaryp bormy?! Otur şu ýerde, taparyn häzir» diýip, sesine hemle gatdy-da, ýene gözlemäge durdy. Ahyr gezek sandyga ýetdi. Özüm sebäpli töweregiň agdar-düňder bolanyna utanyp, aldygyna gitmäge hyýallanýan. Şeýdip gerekli zadymyz sandykdan çykansoň ynjaldy ýüregi. Menem begenip gaýtdym. Ýeke bir gezek däl ýa ýeke bir bize däl onuň bu bolşy. Hemmä şeýle. Hemmä şeýle bolansoňam, hemme tarapyndan gowy görülýär. Bolanlar çaga dünýäme gaty bek täsir eden borly, özi hakynda kimdir birine gürrüň bermeli bolsam, mysal edip mydama, ilki bilen, şu wakany aýdyp berýän.

Wagt geçip, çagalary ese-boýa galansoň, gaýraky ýerlerinden jaý salnyp, sen-men ýok, ýanymyzdan göçdüler oturyberdiler. Beýleki goňşulardan has mährem, has ýakyn bolansoň, ejem: «Öwrenişýäňizmi?» diýip jaň etse, aglaýarmyş: «Oturybermeli ekenim şol ýerde, nämäňe gerek boldy diýsene göçme?!» diýip. Öwrenişenligidir-dä, hanha, indi gyzyny çykaryp, gapysynda toý berip otyr.

Bu toýda-da edil öňňinki ýaly goňşular bolup üýşüp tans edildi. Wagt birçene baransoň, tas toýy sowup diýen ýaly öýe gaýtdyk. Şol başagaýlygyň içinde ugratmaga çykýar görgüli. «Toýuňyzda gaýtsyn! Geleniňize Taňryýalkasyn!» diýýär-de, ejemiň ýanyna derdinişmäge gelýän mahalyndaky ýaly ýene birden damagy dolýar. «Ugradanyň ugur alsyn! Gyzyň bir maňlaýy bolawersin, Akgül!» diýemizsoň, el salgap, sagbollaşýas.

Ýolda ejeme degip: «Biz iki toýa-da köne goňşy bolup gatnaşmaly bolaýdykmy, eje?» diýýän. «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» diýleni-dä. Ynha, olaram biziň toýumyza köne goňşy bolup gelerler» diýip, ýylgyrmaga durýar ejem. Eneli-gyz ikimiz sessiz düşünişemizsoň: «Gelewersinler-de, gelewesinler» bolşup, taksiden düşýäs. Şeýdip köne goňşuly gürrüňe bolsa indiki toýa çenli nokat goýýas.

Çeşme: «Nesil» gazetiniň 2023-nji ýylyň 9-njy dekabryndaky sany.

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA,

«Nesil» gazetiniň habarçysy.