Milli guwanjymyz


Milli guwanjymyz



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, halyçylyk sungatyny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilýär.
Häzirki wagtda halkymyzyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek, onuň gadymy däplerini we gymmatlyklaryny, hususan hem elhalylaryny aýawly saklamak hem-de baýlaşdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Halyçylyk halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň has gadymy görnüşleriniň biri hasaplanylýar. Halyçylyk sungaty öz gözbaşyny geçmişiň jümmüşinden alyp gaýdýar. 5 müň ýyl mundan ozal hem türkmen halylarynyň dokalandygy äşgär edildi.
Halylar barada XVIII asyrda ýaşan Marko Polonyň ýazgylarynda ýatlanylýar. Dünýäniň birentek ýerlerine baryp, geň-enaýy zatlary gören bu syýahatçy türkmen halylary barada ýazyp, bu ýerde dünýädäki iň nepis we ajaýyp halylaryň dokalýandygyny aýdýar. XIX asyrda fransiýaly syýahatçy Modera şeýle sözleri ýazypdyr: «Türkmen zenany — hakyky suratçy, ol iň gözel we has berk halylary dokaýar».
Halyçylyk sungaty halkymyzy dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr. Pazyryk depesinde gazuw-agtaryşlar geçirilende tapylan haly we keçe bölekleriniň türkmenlere degişli bolmagy hem bu sungatyň iňňän gadymylygyna şaýatlyk edýär.
Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hem girizildi. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Halyçylygy hünär edinen ene-mamalarymyz bu halal sungaty maşgala ojaklaryň rysgal-döwletiň, agzybirligiň, jebisligiň, gözelligiň özeni diýip hasaplapdyrlar. Müňýyllyklaryň dowamynda bu asylly käriň türkmen milletiniň el hünärinden gözbaş alandygyny taryhy çeşmeleriň üsti bilen ählimize mälimdir. El hünäriniň syrlary asyrlaryň dowamynda maşgala gymmatlygy hökmünde nesilden-nesile geçirilmegi netijesinde biziň günlerimize çenli gelip ýetdi. Häzir ýurdumyzda haly dokamak işiniň ajaýyp ussatlarynyň nebereleri bolup, olaryň arasynda zehinli ýaşlar hem bar.
Goý bu hünäri özlerine kär edinen her bir ildeşimiziň zähmeti ýerine düşüp, Gahryman Arkadagymyza, ähli türkmen halkyna bolan söýgülerini beýan etmek, ösüşli ýollaryň dowamyndaky üstünliklere mynasyp goşantlaryny goşmak nesip etsin! Halkymyzy üstünlikli ýollardan öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama üstünliklere beslensin!

Bakydurdy GARAÝEW