Dutaryň owazy ― parahatçylyk sazy


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: «Sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar!»

Dutaryň owazy ― parahatçylyk sazy



Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaby esasynda sahnalaşdyrylan «Dutaryň owazy» atly aýdym-sazly dramasy Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda goýlup, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Dramany Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow sahnada goýdy. Sahna bezegini Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maksat Amangylyjow, saz bezegini Kerwen Aýdogdyýew, Guwanç Mämmetnazarow, yşyk bezegini Röwşen Mätiýew ýerine ýetirdi.

Mälim bolşy ýaly, Şükür bagşynyň obadaşlarynyň bir topary, Çolak batyr başlyklaýyn, sazandanyň hanyň galasyna ýesir düşen agasyny atly-ýaragly gidip boşatmagy, beýleki topar ony mal-zat berip, halas etmegi teklip edýär. Şükür bagşy üçünji ýoly saýlaýar, bir özi dutarly gidip, saz çalyp berip, agasyny azat etmekçidigini aýdýar. Obadaşlary muňa garşy çykýarlar, han onuň özüni-de zyndana atar, sazymyz aýak astyna düşer öýdüşip, howsala düşýärler. Emma Şüküriň bu meselede tutanýerliligini, niýetinden dönmejegini aňyp, oňa ygtyýar berýärler. Han sazandanyň teklibine, sözlerine gatyrganyp, garşy çykýar. Ýöne Şükür bagşynyň gep-sözüni jaýdar tapyşy ony ýumşadýar: «Meniň bagşym Gulam bagşy bilen ýaryşarsyň. Ýeňseň, agaňy äkidersiň, ýeňilseňem, özüňden gör» diýip, han onuň öňünde şert goýýar. Ýaryş dartgynly ýagdaýda geçýär, çünki, Gulamyň ussatlygy-da çäksiz. Şükür ahyry ýaryşyň dowamynda täze saz döredip, ony ýeňmegiň hötdesinden gelýär.

Sahna eseriniň şeýle mazmuny türkmen tomaşaçysyna mälim. Eýsem, öňki galypdaky sahna tomaşasynyň täzeçe sungat tapyndylary nämeden ybarat? Bular bilen gyzyklanyp, baş drama teatrynyň baş ýolbaşçysy, režissýor Kakajan Aşyrow bilen söhbetdeş bolduk:

– Soňky ýyllarda tehnikanyň, tehnologiýanyň ösmegi we talaplaryň güýçlenmegi bilen durmuşymyzda standart sözi has-da işjeň häsiete eýe bolýar. Standart sözüniň öz öňe sürýän wezipesi boýunça sungat sözüne kybapdaş gelýändigini aýdaýyn. Biziň pikirimize görä, standart – önümleriň, hyzmatlaryň we ýerine ýetirilýän işleriň aňrybaş nusgalyk derejesini, ýokary hilini aňlatsa, sungat hem hut şeýle ülňüden ugur alýar. Çünki, ruhy eser dörediji tarapyndan tä standart-kämillik derejä ýetýänçä, üstünde üznüksiz işlenip, ýokary hile eýe bolan ýagdaýynda, ol hakyky sungat eserine öwrülip bilýär. Standartsyz-kämilliksiz sungat ýok, taraşlanyp, sungat derejesine ýetmese, standart bolup bilmeýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaby esasynda sahna oýnuny goýmak barada pikir edip başlanymyzda, ony nädip teatr sungatynyň standart, kämil derejesine ýetirmelidigi baradaky wezipe biziň aň-düşünjämizi tutuşlygyna gaplap aldy. Bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň bu eserine belli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň meşhur «Şükür bagşy» powesti gönezlik bolup durýar. Halk köpçüliginiň çuňňur söýgüsini gazanan «Şükür bagşy» powesti we «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaby çeperçiligi, öňe sürýän pikirleri taýyndan nusgalyk derejä eýe boldy. Bulat Mansurowyň «Şükür bagşy» çeper filmi-de bu esere ikilenç golaýlaşmaz ýaly edilip döredilip, kino sungatynyň täjine öwrülipdi. Şeýle ýokary standart derejedäki sungat eserinden soň, oňa täzeden çemeleşip bolarmy? Eseriň deslapky mazmunyndan çykman, öňki sungat tärlerini-de gaýtalaman, özboluşly sahna tomaşasyny döretmek başardarmy? Biz şu hili pikirleriň üstünde esli wagtlap kelle döwmeli bolduk.

Gowy tarapy, bu meselede ýene-de Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynyň özi bize dogry çykalgany görkezdi. Sebäbi, bu eserde gadymy we müdimi tema bolan parahatçylyk temasy has giňişleýin, düýpli we döwrebap işlenipdir. Onda Şükür bagşy diňe ussat sazanda däl, eýsem, diplomatik keşpli, parlamentiň wekili hökmünde suratlandyrylýar.

– Sahna tomaşasy täzeçe öwüşginler bilen bezelipdir. Hanyň galasyna öň ýesir düşüp, ol ýerde maşgalaly, çagaly-çugaly bolan zenan mümkinçilik dörese-de, sazanda bilen öz diýaryna dolanmagyň pikirini edenok. Gaýtam ol: «Gyzym ölendir öýdüp, matam tutup ýören enem başyndaky gara şaly aýryp, şu ak öýmäni atynsyn» diýip, ak öýme bilen oguljygynyň köwşüni Şükürden obasyna ugradýar.

– Hawa, şol epizodda maşgala binýadynyň berk, mukaddes bolmalydygy baradaky ynsanperwer ýörelgeden ugur alyndy. Şeýle hem ak öýmäniň diriligi aňladýandygy, çaga köwşüniň üsti bilen perzendiniň Watan topragyna aýagyny basmagy yrym edilýändigi tomaşaça aýan bolýar. Sebäbi, Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseriniň özeninde parahatçylyk meselesi bilen birlikde, mähriban topragymyza, Watana bolan çuňňur söýgi eriş-argaş bolup geçýär.

– Döredilen özboluşly keşpler sahna oýnunyň gymmatyny has-da artdyrýar. Bäsleşikde ýeňlen Gulam bagşy öz şägirdi Mämmedalyny: «Seniň ýanyňda-da birki ýyl gezsin, kämilleşsin» diýip, ony Şükür bagşy bilen ugradýar. Sazanda diňe agasy Berdini däl, täze şägirdinem alyp obasyna gelende, tomaşaçylaryň bu täzeçe çözgüdi goldap, dowamly ellerini çarpyşlarynyň şaýady bolduk.

– Munuň özi bu gün döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde biziň döwletimiziň beýleki ýurtlar bilen medeni gatnaşyklarynyň gülläp ösýändigini nygtaýar. Häzirki wagtda ýurtlar arasynda medeniýet günleri, halkara festiwallary, sergileri we beýleki medeni hyzmatdaşlyklar yzygiderli geçirilýär. 2019-njy ýylyň 17-24-nji noýabrynda paýtagtymyzda guramaçylykly geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwaly hem muňa mysal bolup biler. Bu medeni çäreler medeniýetleriň baýlaşmagyna, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň jebisleşmegine uly goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda Şükür bagşynyň üsti bilen döwletimiziň Bitaraplyk ýörelgesini alyp barýan parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty beýan edilýär. Sungatyň güýjüniň ýüze çykýan dawalary çözüp, dünýäde döräp biljek gapma-garşylyklaryň öňüni almaga ukyplydygy delilli düşündirilýär. Sazyň, sungatyň bitiren işiniň biziň günlerimizde-de ähmiýetli bolup biljekdigi we ösdürilmelidigi nygtalýar. Biz sahna eserinde hut şeýle ynsanperwer garaýyşlardan ugur almaga çalyşdyk.

Medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak hossary, eserleri biziň üçin ylham çeşmesine öwrülýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Söhbetdeş bolan
Öre Daşgynow