Gözellik terbiýesinde milli ýörelgeler


Gözellik terbiýesinde milli ýörelgeler



Ynsan ogly gözellikden doýmaýar. Ony otlary parç bolup duran sonarlyk meýdan-da, jümjümeli, çigildemli baýyrlar-da, edil şol «keteni geýen sähralar ýaly» türkmen el halysy hem özüne kökerýär. Türkmenistanyň owadan tebigatyna çykyp, gezelenç etmek, guş-gumrularyň, dal-daragtlaryň, dag çeşmesiniň sesini diňlemek bolsa, ýaş kalplary owazlandyrýar. Türkmeniň her bir obasyna baryp, şeýle gözelligi synlap, dutaryň şirin owazyna gulak goýup, haýran galan daşary ýurt syýahatçylarynyň biri öz ýol ýazgylarynda şeýle jümläni galdyrypdyr: «Dünýäniň hiç bir ýurdy özüniň baýlygy, täsin miweleri, owadan tebigaty bilen oňa taý gelip bilmez». Megerem, her bir türkmen balasynyň goşgy goşmaga, aýdym aýdyp, saz çalmaga, küşt depip, tans oýnamaga bolan çendenaşa höwesi şeýle gözelliklerden gözbaş alýandyr. Sebäbi «tokaýlary gargy-gamyşly, gelin-gyzlary altyn-kümüşli» şu owadan Watanda ýaşap, onuň tarypyny ýetirmezlik mümkin däl. Aslynda, gözellige bolan söýgi, ymtylyş, hyjuw adamy zähmetsöýerlige, ruhubelentlige, ak ýüreklilige, ynsanperwerlige imrindirýär diýseň hiç kim inkär edip bilmez. Gözelligi söýýän adamyň juda duýgur, şahandaz, şahyrana bolmagy hem ylym tarapyndan subut edilen hakykat. Şular hakda oýlanyp, ata-babalarymyzyň pähim-parasadynyň umman ýaly giňdigine göz ýetirýäris. Haly, palas, keçe, dutar, gyjak, dep, dürli küýzegärçilik önümleri, gelin-gyzlarymyzyň gözelligine gözellik goşýan şaý-sepler — bularyň ählisiniň nesil terbiýesinde tutýan orny uludyr. Haly dokamak bilen türkmen zenanlary halkymyzyň adyny dünýä taryhyna ýazdy diýsek ýalňyş bolmaz. Türkmen halylary gadymy döwürlerden bäri nepisligi, inçeligi, syklygy, berkligi bilen dünýä gözelliginiň nusgasy hasaplanýar. Zergärlerimiziň döredýän nepis şaý-sepleri özboluşlylygy, ýüzüne çekilen nagyşlary, şelpeleridir düwmeleri bilen beýleki halklaryň bezeg şaýlaryndan tapawutlanýar. Zergär halypalar ýaşlygyndan perzentlerine şaý-sep ýasamagyň inçe ýollaryny öwredipdirler. Kümüşden taraşlanan bezeg önümleriniň ýüzüne gyzyl çaýmak, gaş oturtmak ýaly nepis işlere has ygtybarly bolmagy sargapdyrlar. Ine, şol sebäpli hem aradan ençeme asyrlar aşan hem bolsa halkymyzyň zergärçilik, halyçylyk, keşdeçilik sungaty öz asyl manysyny ýitirmändir. Orta mekdeplerde zähmet sapaklarynda we synpdan daşary okadylýan gurnaklarda halyçylyk, keşdeçilik, zergärçilik ýaly milli sungatyň öwredilmegi ýaş nesilleriň geljekde ökde hünärli, kämil kesp-kärli adamlar bolup ýetişmegine itergi berer. Küýzegärlik, nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk ýaly zehin-başarnygy talap edýän hünärleriň ýörite hünärment we sungat mekdeplerinde, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň degişli fakultetlerinde okadylmagy bolsa, bu milli kesp-kärleri dowamata ýazdyrýar.

Aýdym-sazyň jadylaýjy güýjüne näme diýersiň! Şirin sazlar ynsany şatlandyryp, güldürip, keýpini belende göterip bilýär. Halkymyz gadym döwürlerden bäri bagşynyň daşyna üýşüp, aýdym diňläpdirler, toý-märekesini derejeläpdirler. Belli bagşylara toý eýesiniň goýan baýraklaryndan daşary hem barly adamlaryň, goňşy-golamyň aýdym sargyt edip baýrak goýmagy halkymyzyň sazyň jadylaýjy güýjüne berk ynanandygynyň subutnamasy. Perzentleriniň saglygyny dikeltmekde we gorap saklamakda ata-babalarymyz aýdym-sazdan peýdalanypdyrlar. Gyzamyk çykarýan çaganyň ýanynda saz çaldyrmak arkaly derdini dep edipdirler. Biz durmuş hakykatyndan alnan şeýle mazmunly çeper eserleriň birnäçesini bilýäris. Belli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestiniň baş gahrymany Şüküriň keşbi tutuş türkmen halkynyň milli häsiýetini ýüze çykarýar. Ol agasyny gara gazmasynyň üsti, şirin sazyň owazy bilen ýesirlikden boşadýar. Halkymyzyň asudalyga, agzybirlige bolan guwanjy nesillerimizde dowam edýär. Agzybir, dostana, şahandaz, alçak ýaş nesillerimiz baý geçmişimizi, taryhy köklerimizi öwrenmek arkaly söz sungatyna gol ýapýarlar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinden daşary ähli welaýatlarymyzda, etraplarymyzda we oba-kentlerimizde aýdym-saz sapaklarynyň, gurnaklarynyň, sungat mekdepleriniň bolmagy ýollaryň rowaçlygydyr. Bu mekdeplerde çagalara we ýaşlara ene hüwdüsiniň täsirinden başlap, şu günki günüň döwrebap sazlaryna çenli aýdym-sazyň aýratynlygy öwredilýär. Ýaş nesilleriň sagdyn, dilewar, şadyýan, şahandaz, ruhubelent bolup ýetişmeginde aýdym-sazyň ähmiýeti uludyr. Şirin saz, hoş owaz ynsan kalbynda soňlanmajak gözellik döredip, hözirli ýaşaýşy üpjün edýär.

Aknur NURYÝEWA