Türkmen medeniýeti, sungaty, sazy


Türkmen medeniýeti, sungaty, sazy



Waspyna söz ýetmez uçursyz umman,
Türkmen medeniýeti, sungaty, sazy.
Zybanda belentden söýlenýän mukam,
Nusgalyk taryhy, dowamat ýoly.

Ýüreklerde ruhanalyk oýarýan,
Dürdäneden düzülen solmajak çemen,
Döwüre ses goşup deň gadam urýar,
Manyly-maňyzly eserler bilen,

Aşyk Aýdyň Pirden, Baba Gammardan,
Aslyn alan dutar heňi keremli.
Goşa tary söhbet açyp heňňamdan,
Göwün köşgün gurýar bagy Eremli.

Ýagşy sözden gol ýaýradyp pudagy,
Paýhas çeşmesinden nemleýär kalby.
Şirin mukam, şygyr gülledip döwri,
Bir supraň başyna jemleýär halky.

Arkadag pähminden özgerdip durkun,
Ümzügi ýeňişli ýollara sary.
Saýylyp, ol kalby merdana halkyň,
Äleme ýaň salýar şöhraty-şany.

Saz ojagy

Geçmişi şöhratly Oguz iliniň,
Waspyny belentden söýleden sazda.
Çöşläp syryn ymgyr sähra, çölüniň,
Sessiz sonarlygy gürleden tarda.

Ýere çuň kök uran daragt deýin,
Getirdiň kemala sazanda nesliň.
Heňe püre-pürläp süňňüni seriň,
Jahana tanatdyň, şahandaz aslyň.

Ençe ýyl geçse-de, şine uranyňa,
Owazlaryň kimin kalbyň nowjuwan.
Pasyl çalyşsa-da, göwnüň gojalman.
Ümzügiň nurana geljege rowan.

Goýnuňda gülledip, zehin daragtyn,
Uçurymlaň düzdi, sungatyň sepin.
Bezäp müdimilik taryhyň gatyn,
Döwüre ses goşýar şägirt, halypaň.

Arkadag pähminden zybanda dessan,
Türkmenistan –– Bitaraplygyň mekany.
Bolsun daýym saňa şowlulyk ýaran,
Mukama maýyllaň ylym mesgeni.

Miwe BEKMYRADOWA